Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÜZÜM

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (16 Ses)

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýarlar. Ol millionlarça ýyl mundan öň döräpdir. Gazuw-agtaryş işler geçirilende, 60 million ýyl mundan ozal ösen  üzümiň dänesi tapylýar. Şeýle hem Gruziýada üzümiň şekili çekilen küýze bölekleri tapylýar. Olara 8000 ýyl bolandyr diýlip çak edilýär.

Üzümi onuň süýji miweleri üçin ekýärler. Ol çalt çyrmaşyp ösýänligi sebäpli, onuň gür we salkyn saýasy bolýar. Üzüm ir miwe getirip başlaýar we  ynjyk bolmaýar.

Hasylsyz  we gurak  ýerlerde  hem üzüm örän gowy ösýär, miwe getirýär. Ol wegetatiw ýol bilen köpelýär.

Üzüm ösdürilip ýetişdirilende, ony zyýanly mör-möjeklerden goramak zerurdyr.

Üzüm-süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan azyk önümidir. Zähmetden, paýhasdan we Günden dörän bu ajaýyp miweleri halamaýanlar az bolsa gerek.

Üzüm hoşalarynyň  üýtgeşikligi, täsinligi nämede?  Näme sebäpden adamlar ony müňlerçe ýyllaryň dowamynda ösdürip ýetişdirýärler?

Ähli oba hojalyk ekinleriniň içinde adama iň köp peýda getirýän we zähmetine sahylyk bilen jogap berýän üzümdir.

Adam bedenine oňaýly täsir etmegi üzümiň iň gowy tarapydyr. Ol adam saglygynyň we kuwwatynyň gözbaşy hasaplanýar. Bu babatda üzüme taý gelip biljek miweli agaç ýokdur.

Howa şertleri üzüm ösdürip ýetişdirmäge oňaýly bolan ýerleriň oba hojalygynda üzümçilik giden bir pudaga öwrülýär.

Üzümiň örän köp görnüşleri bellidir. Türkmenistanyň yssy we gurak klimatynda halyly, gelinbarmak, gözel gara, gyzyl kişmiş, gara kişmiş, terbaş, gürgoýy, riş baba ýaly görnüşler giňden ýaýrandyrlar.

Görnüşine we ösen şertlerine baglylykda, üzümiň miwelerinde 14-25% ereýän we bedende ýeňil özleşdirilýän şekeriň görnüşi bolan glýukoza we fruktoza saklanyar.

Olardan başga-da üzümiň düzüminde biraz mukdarda  saharoza, rafinoza, ksiloza we beýleki şekerler we şekere meňzeş maddalar bolyar.

Bişen üzümiň düzüminiň ýarysyny glýukoza tutýar. Ol adam bedeniniň ýaşaýşynda wajyp orny eýeleýär. Bedenimize düşýän şekerleriň ählisi ganymyza geçmezden öň, glýukoza öwrülýärler.

Glýukoza- bu juda gowy energetiki materialdyr. Üzüm iýlende, adam bedenine baryp, ol tiz wagtdan gana geçýär we nerw öýjükleriniň esasy iýmitine öwrülýär.

Nerw öýjüklerinde alyş-çalyş işleri  bedeniň beýleki öýjüklerindäkiden has çalt bolup geçýär. Şol sebäpli, energiýanyň köp sarp edilmeginiň öwezini ganyň üsti bilen  üznüksiz  iýmitiň ýetirilip durmagy dolýar.

Üzüm däneleriniň düzümine etini, gabygynyň galyňlygyny, ysyny, tagamyny, reňkini şertlendirýän  ýüz elliden gowrak düzüjiler girýär.  Miweleriň ortaça 65-80 göterimini suw tutýar.

Şiresi organiki we organiki däl maddalaryň çylşyrymly erginidir. Onuň düzüminde köp mukdarda organiki turşulyklar bar. Olar uglewodlaryň anaerob (howasyz) dargamagyndan we  üzüm düýbüniň  ýaşyl organlaryndaky fotosintezden  emele gelýärler.

Bişen üzümde çakyr turşulygy (1 kg üzümde 2-10 g), alma turşulygy (0,2-0,4 g), ýantar turşulygy (0,07-0,2 g) bolýar. Örän az mukdarda  fumar, glikol, şawel, glýukon we beýleki birgiden turşulyklar hem üzümiň düzümine girýärler.

Şekerleriň we turşulyklaryň şowly sazlaşygy üzüme ýakymly we ter tagam berýärler.

Organiki turşulyklaryň täsirinden aşgazanasty mäziň işi güýçlenýär, ýürek urgulary gowşaýar, pulsuň ýygylygy kemelýär, dem alyş kadalaşýar.

Üzümiň şiresinde adamyň kadaly ýaşaýşy üçin gerek bolan mineral maddalar we mikroelementler bar. Kationlardan- kaliý, kalsiý, natriý, magniý, demir, marganes, alýuminiý kän, anionlardan bolsa – fosfor, kükürt, kremniý, hlor kän.

Biologiki katalizatorlar (çalt ösmege ýardam ediji) hökmünde esasan marganes, bor, titan, wanadiý, radiý, sink we kobalt täsir edýärler.

Üzüm şiresindäki mineral maddalar az mukdarda bolsalaram (3-5 g/l), olar adam bedenine oňat fiziologiki täsirini ýetirýärler. Olaryň hasabyna  bedende edil şolar ýaly elementleriň  täzelenişi we üstüniň dolmagy amala aşýar. Bu öz gezeginde  madda çalşygyna oňaýly täsir edýär.

Üzümiň  şiresinde demriň duzlary hem bar. Olar gyzyl gan bedenjikleriniň emele gelmegine işjeň ýardam berýärler.

Üzümiň dänelerinde özüne çekiji owadanlyk, ýokary tagamlylyk, berhizlik  we bejeriş häsiýetler örän gowy sazlaşýarlar.

Üzümiň fiziologiki ähmiýetliligi ondaky witaminleriň kompleksi bilen baglydyr. Olar öz gezeginde adam bedeni üçin ähmiýetlidirler. Üzüm şiresinde C witamininiň 3,5 mg %, karotiniň 0,12 mg %, B we P witaminler topary hem bardyr.

Üzüm dänesi näçe ösen bolsa, onda şonça-da  pektin maddalary köp bolýar. Şöhleden  we zäherlenmä garşy ukybynyň barlygy üçin, pektinler organizmi radioaktiw elementlerden, agyr metallardan we beýleki toksinlerden azat edýärler.

Enzimler (ýa-da fermentler) organiki katalizatorlar bolup, bedendäki biohimiki prosessleri tizleşdirýärler.

Aşgarlaýjy, reňkleýji we azot maddalary hem üzümiň düzümine girýärler.

Üzümiň bejeriş we berhizlik häsiýetlerinden başga-da örän güýçli antiseptiki täsiri bar. Ol birnäçe kesel dörediji yokançlyklaryň  öňüni alýar.

Üzüm bilen bejerme adamlara gadym döwürlerden  bäri bellidir. Ony gadym rim we arap lukmanlary ulanypdyrlar.

Ganazlygy, käbir ýürek-damar kesellerini, bagryň sirrozyny, könelşen gepatiti,dem alyş ýollaryň sowuklamasyny, bogun agyryny  üzüm bilen bejermek mümkin.

Peşew ýollarynda , böwrekde daşlaryň emele gelmeginiň öňüni alýar, böwrek sowuklamasynda we dürli keseller netijesinde onuň içki gurluşy üýtgän yagdaylarynda peýda berýär.

Süýji keselinde aşa semizlikde, agyz boşlugynda, gyzylödekde, aşgazanda we içegelerde başlar (ýaralar) bar bolsa, ýokary gan basyşda (gipertoniýada) üzüm iýmek maslahat berilmeýär.  Üzüm iýläýende-de, oňa  berk gözegçilik edilmelidir.

Türkmenistanda tomus pasly dowam edýär. Üzümiň dürli görnüşleri adamlary täsin tagamy we owadanlygy   bilen özüne maýyl edýär! Üzümiň peýdasy we  bejeriş häsiýetleri barada bilseňiz, ony has işdämenlik bilen iýersiňiz!

Ulanylan WEB Salgy

  • 6249 gezek okalan