• Makalalar
  • Sagdyn iýmitlenme we berhiz
  • Sagdyn iýmit
  • HOŞBOÝ YSLY ÝÖRITE GARYNDYLAR: SARYMSAK WE LAWR ÝAPRAGY

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

HOŞBOÝ YSLY ÝÖRITE GARYNDYLAR: SARYMSAK WE LAWR ÝAPRAGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (7 Ses)

Iýmit – ýaşaýşyň iň esasy we iň ýakymly bölekleriniň biridir. Nahar taýýarlamak ählimiz üçin adaty bir zat bolup, biz günüň dowamynda birnäçe gezek naharlanýarys. Taýýarlaýan tagamlarymyzyň has datly bolmagy üçin , biz  hoşboý ysly ýörite garyndylary hem ulanýarys. Duz, burç, sarymsak, lawr ýapragy tagamlary hoşboý ysly edip, işdämizi açýar.

Gök önümler duza ýatyrylanda hem bu ýörite garyndylar goşulýar. Sarymsak, lawr ýapragy nahara, duza ýatytrylan gök önümlerine üýtgeşik gowy tagam bermek bilen çäklenmän, eýsem adam saglygyna hem oňaýly täsir edýärler. Geliň,  bularyň hersi barada aýratynlykda gürrüň edeli.

Sarymsagyň peýdasy we zyýany

lliwum  satiwum – köpýyllyk otjumak, gyşyň sowugyna durnukly we sogandüýplüler maşgalasyna degişli ösümlikdir. Sarymsak – kuwwatlylygyň gözbaşy, köp derdiň dermany we gadymy ýörite garyndylaryň biridir. Onuň täsin häsiýetleri gadym döwürlerden bäri bellidir. Biziň eýýamymyzdan  öňki  üçünji müňýyllyga degişli golýazmalarda sarymsagyň  tebipler we aşpezler tarapyndan giňden  ulanylandygy barada maglumat berilýär.

Sarymsagyň dermanlyk häsiýetleriniň barlygy ählimize bellidir. Sarymsak bakteriýalara garşy ulanylýar, garamükür (singa) keseliniň hem öňüni alýar. Ol inçejik gan damarlaryny (kappilýarlary) berkitmekde-de deňsiz-taýsyz  tebigy serişdedir. Sarymsagyň uýgunlaşdyryjy häsiýetleri bar.

Golaýda amerikan alymlary sarymsagyň ýene-de bir  peýdaly tarapynyň barlygyny subut etdiler. Alabama uniwersitetiniň işgärleri  sarymsagyň  ýüregiň işine oňaýly täsir edýändigini , gan damarlardaky dartgynlygy aýyrýandygyny ýüze çykardylar.

Sarymsagyň düzümindäki allisin gormonlara täsir edip bilýär we  gandaky holesterini 10% azaldýar.

Sarymsak fitonsidleri bölüp çykarýar. Olar öz gezeginde  mikroblary, dürli wiruslary we bakteriýalary öldürmäge ukyplydyrlar.

Sarymsak tebigy antibiotik hasaplanylýar. Onuň täsiri tetrasikline deňelýär, käte ondan hem güýçli hasaplanylýar.

Ene-mamalarymyz çagalaryny sowuklamadan we dümewden goramak üçin, olaryň boýnundan  sarymsagyň dişlerini asypdyrlar. Şeýle hem  sarymsakly, burçly unaşy dümewüň bire-bir emi hasaplapdyrlar. Kelle beýnisi üçin hem sarymsagyň peýdasy uludyr. Ol beýniniň işini tijendirýär we dikeldýär. Gartaşan adamlar üçin bu örän wajypdyr, sebäbi sandan çykan beýni öýjüklerini  dikeldýär we täze öýjükleri emele getirýär.

Sarymsagyň düzüminde witaminler we mikroelementler hem bardyr: natriý, kaliý, kalsiý, demir, fosfor, magniý, sink. Kalsiý süňk dokumalarynyň we dişleriň  sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Demir ganyň düzümini gowulandyrýar. Fosfor akyl taýdan işjeňligi artdyrýar. Ýod galkan görnüşli mäziň işine oňaýly täsir edýär. C, D, B, P toparlarynyň witaminleri bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny berkidýärler we ösdürýärler.

Ýöne sarymsagyň zyýanly taraplarynyň bardygy hem ýadyňyzda bolsun. Sarymsagyň bir özi duza ýa-da  marinada ýatyrylsa, örän tagamly bolýar. Emma ýyl aşan duzly sarymsagy iýmek howply, sebäbi onuň içinde  anaerob (howasyz) mikroblar döräp biler. Süýji keseline, AIW-e, rak keseline we gan basyşa garşy ulanylýan dermanlar bilen  sarymsak iýmek maslahat berilmeýär. Aşgazanyň we onikibarmak içegäniň baş keselinde-de sarymsakdan gaça durmaly.

Lawr ýapragynyň hem peýdasy sarymsagyň peýdasyça bardyr.

Lawr  agajynyň gabygyndan bir bölegini çaganyň ýatýan ýerinde goýsaňyz, çaga rahatlanýar, aglamagyny bes edýär, arkaýyn uklaýar.

Lawr ýapraklary fitonsidlere, dürli mikroelementlere, aşgarlaýjy maddalara baý. Bedenimizden zyýanly galyndylary  alyp çykýan bu maddalar örän peýdaly. Ýapraklaryň guradylan  görnüşinde  dermanlyk häsiýetleriniň ählisi saklanyp galýar. Sarymsak ýaly lawr ýapragy hem bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny berkidýär. Düzümindäki hoşboý ys berýän maddalar  inçekeseli döredýän taýajyklaryň ýaýramagyna päsgel berýär.

Lawr ýapragyndan taýýarlanan şerbet bedenimizden gerekmejek galyndylary çykarýar, ýadawlygy  aýyrýar, süýji keselinde we  bogun agyrylarynda kömek edýär.

Gan akmada, aşgazan-içege kesellerinde, agyryly aýbaşylarda, aýbaşydan galmak döwründe (klimaksda), böwrekde daş bolanda lawr ýapragynyň şerbeti peýdalydyr.

Lawr ýapragynyň ýagyny ýüzdäki süňk boşluklaryň sowuklamasyny (gaýmorit) bejermekde ulanylýar. Şeýle-de bu ýag bogun agyrylarynda, newrologiki kesellerde, gijilewükde, ysmaz keselinde bedene owkalama arkaly çalynýar. Käbir adamlar örän derlek bolýarlar. Lawr ýapraklarynyň şerbetinden wannajyklar derlemegiň öňüni almaga kömek ederler. Bedende köp duz ýygnansa, bir gysym lawr ýapragynyň üstüne  bir bulgur suw guýup, 5 minut gaýnatmaly. Soňra sowadyp, süzmeli. Taýýar bolan içgini  wagtal-wagtal 1 nahar çemçeden içmeli. Ony günüň dowamynda gutarmaly. Lawr ýapragynyň hoşboý ysy güýeden, saçakçylardan we beýleki mör-möjeklerden goraýar.

Iç gatamadan ejir çekýän adamlar lawr ýapragyny seresaplyk bilen ulanmaly, sebäbi onuň düzüminde berkidiji maddalar bar. Ýöne  şeýle bolsa-da, olar  lawr şerbetini içende, köpräk guradylan garaly, şugundyr iýip, bedenini uýgunlaşdyrsa, gowy bolar.

Lawr ýapragynyň şypa beriji häsiýetleri

Agzyňyza ýara düşende (stomatit), ter lawr ýapraklaryndan biraz çeýnemeli. Onuň guradylany hem peýdalydyr.

Lawr ýapragynyň bäş gramyny 300 ml suwda gaýnadyň. Soňra termosa guýup, ony üç-dört sagat demine goýuň. Soňra süzüp, az-azdan içmeli (bir nahar çemçeden). Ol içgini günüň dowamynda  gutarmaly. Muny üç günläp gaýtalamaly, soňra iki hepde arakesme etmeli.  Iki hepdeden soň, ýene-de üç günläp gaýtalamaly. Şeýle edilse, bedeniňiz berkeýär, agyrylar peselýär, bogunlaryň hereketleri has erkin bolýar.

30 gramlawr ýapragyny owradyp, üstüne bir bulgur ösümlik ýagyny guýmaly we bäş gün agzy ýapyk gapda saklamaly. Soňra süzüp, ýüzdäki süňk boşluklaryň sowuklamasyny (gaýmorit) bejermekde ulanmaly (bir damjadan burnuňyza damdyrmaly).

Sarymsagy we lawr ýapragyny iýip, saglygyňyzy berkidiň!

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2 / 3

  • 6199 gezek okalan