• Makalalar
  • Sagdyn iýmitlenme we berhiz
  • Sagdyn iýmit
  • KONSERWIRLENEN ÖNÜMLERDEN ÄGÄ BOLUŇ: BOTULIZM

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KONSERWIRLENEN ÖNÜMLERDEN ÄGÄ BOLUŇ: BOTULIZM

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (5 Ses)

Tomus-güýz aýlary her bir öý bikesi gyş paslyna taýynlyk görüp, dürli gök önümleri konserwirleýär. Gyşda biziň saçaklarymyzy bezejek gök önümlerden taýynlanan işdäçarlar, kömelejikler bize güneşli tomsy ýatladyp, çekilen zähmetiň ýerine düşendigini aňladýar. Ýöne arassaçylyk we zyýansyzlandyryş düzgünleri berjaý edilmän taýynlanan konserwirlenen önümleriň, kakadylan etiň, söhladyň, duza ýatyrylan balygyň ölüm howply kesel bolan botulizmiň çeşmesi bolup biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir.

Botulizm – kesel dörediji bakteriýalaryň toksinleri bilen zäherlenme netijesinde döreýän kesel bolup, nerw ulgamynyň agyr şikeslenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Botulizmi dörediji – Clostridium botulinum – tebigatda giňden ýaýrap, ol hemişe toprakda ýaşaýandyr.

Howasyz şertlerde ýaşaýan (anaerob) ýokançlyk, sporalary emele getirip, güýçli zäheri bolüp çykarýandyr. Adam üçin zäheriň 0,3 mkg deň mukdary ölüm howply bolup biler. Kesel döredijiniň spora görnüşi 5 sagadyň dowamynda gaýnadylma hem döz gelip, 120 Cº temperaturadan ýokary bolanda 30 minutdan soň ölýändir. Köpelýän (wegetatiw) görnüşinde 70-80 Cº gaýnadylmada  zäheri dargap bilýändir.

Ýokançlygyň 8 görnüşi bolup, adamda onuň A, B, E görnüşi keseli döredýändir.

Iýmit siňdiriş ulgamyna düşen botulotoksin dargama sezewar bolman, gan akymy bilen hemme bedene ýaýraýandyr. Kiçi çagalarda duş gelýän botulizmde zäheriň emele gelmegi içegede bolup geçýär, hapalanan ýaralarda döreýän botulizmde bolsa zäher dargan dokumalarda döreýär.

Botulotoksin nerw ulgamyna zeper ýetirip, nerw birleşmelerinde asetilholiniň emele gelmeginiň öňüni alýar. Netijede, hemme myşsalaryň ysmazlygy ýüze çykýar. Damagyň, dem alyş myşsalarynyň ysmaz ýagdaýy, ýuwdunmany we dem almany kynlaşdyryp dürli gaýraüzülmelere getirip biler.

Keseliň inkubasion döwri birnäçe sagatdan, 2-5 güne çenli dowam edýär. Keseliň geçişi ysmazyň ýüze çykmagy, iýmit siňdiriş ulgamyň bozulmalaryndan we bedeniň umumy zäherlenme alamatlaryndan ybaratdyr.

Iýmit ulgamyň işiniň bozulmalary keseliň irki alamatlaryna degişlidir. Ol ýürek bulanma, gaýtarma, içiň geçmegi bilen häsiýetlenip, bir gije-gündüze çenli dowam edýär. Ol alamatlar bilen utgaşykda ýa-da 1-2 günden soň, umumy gowşaklyk, agzyň guramagy, görşüň bozulmagy (gözüň öňüniň ümezläp, ýakyndan görüp bilmezligi, gözde çaşylygyň döremegi) ýüze çykýar.

Gözi hereketlendiriji myşsalaryň ysmazlygy netijesinde, gabaklaryň aşak düşmegi we olary galdyryp bilmezlik ýagdaýy döreýär.

Köplenç kiçi diljagazyň ysmazlygy netijesinde burna salyp gepleme  we içilen suwuklygyň burundan dökülmegi bolup biler.

Bokurdak myşsalarynyň ysmazy sesiň gyrylmagyna ýa-da düýbünden ýitmegine getirip biler.

Damak myşsalarynyň ysmazlygy ýuwdunmany kynlaşdyryp bilýär.

Ýüzüň mimiki we çeýneýiş myşsalarynyň, şeýle hem boýnuň we egniň myşsalarynyň ysmazy ýüze çykýandyr.

Gyzdyrma bolmaýar. Agyr ýagdaýlarda dem alyş myşsalarynyň ysmazlygy hem döräp, keseliň 3-5-nji güni, dem alyş ýetmezçiligi sebäpli ölüme getirip biler.

Botulizm ýiti öýken sowuklamalary, toksiki miokardit (ýürek myşsasynyň zeperlenmegi), newritler we sepsis (ganyň zäherlenmegi) bilen gaýraüzülip biler.

Botulizmi anyklamakda, oňa mahsus bolan kliniki alamatlara salgylanmalydyr: umumy zäherlenme alamatlary bilen keseliň ýiti başlamagy, gyzdyrmanyň we üşütmäniň bolmazlygy, ýuwdunmanyň, çeýneme we dem almanyň bozulmagy ýaly alamatlar ýüze çykýandyr.

Maşgalada ýa-da toparda şol bir iýmit önümini kabul eden (konserwalar, duzlanan balyk, kakadylan şöhlat, konserwirlenen gök önümler we kömelekler, öýde taýynlanan miwe şireleri) adamlaryň birbada kesellemegi hem botulizme güman etmäge esas döredip biler.

Botulizmi başga iýmit zäherlenmeleri, zäherli kömelekler, metil spirit bilen zäherlenme, ysmaz keseli (polimiýelit), guduzlama bilen aýyl-saýyl etmelidir.

Botulizm keseli güman edilen hemme näsaglar bolup biljek gaýraüzülmeleriň öňüni almak maksady bilen tiz keselhana ýerleşdirilmelidir.

Zäherleri zyýansyzlandyryp, bedenden çykarma, dem alyş we ýürek-damar ulgamynyň işini üpjün etmek bejergi çäreleriniň esasy meseleleri bolup durýar.

Bokurdagyň we damagyň myşsalarynyň ysmazlygynyň ýüze çykmagy, dem alşyň ýetmezçiligini beterleşdirýär. Şol sebäpli hem lukmanyň kömegine çenli aşakdaky gaýragoýulmasyz çäreleri geçirmek zerurdyr.

Ilkibaşda, zäheriň görnüşini anyklamak üçin iýmit galyndylaryny almak maksady bilen, aşgazan arassa suw bilen ýuwulýar, ondan soň 2% -li natriniň gidrokarbonat ergini bilen ýuwulýar. Duzly iç sürüji (kükürt turşy magneziýanyň 30 gr-ny 2 stakan suw bilen) berilýär. 2-4%-li natriý gidrokarbonatynyň ergini ýa-da polifepanyň goşulmasy bilen artbujakdan içegäni ýuwma çäresi geçirilýär.

Keselhanada bedeniň zäherlenme ýagdaýyny aradan aýyrmak üçin ýörite erginler damardan goýberilýär, buşukdyryjy serişdeler (laziks, gipotiazid) berilýär.

Dem alyş bozulmalary ýüze çykanda öýkeniň emeli wentilýasiýa (ýelejiretme) çäresi geçirilýär.

Kislorod ýetmezçiliginiň öwezini dolmak üçin, bedeni ýokary basyşda berilýän kislorod bilen baýlaşdyrmak çäresinden (giperbariki oksigenasiýa) peýdalanylyar.

Botulotoksinleri bedende zyýansyzlandyrmak üçin ýörite syworotkalar ulanylýandyr.

Kesel döredijiniň A, E görnüşiniň garşysyna zyýansyzlandyryjy syworotkanyň 10 müň ME(halkara birligi),B görnüşine garşy bolsa 5 müň ME mukdary ulanylýar.

Zäheriň görnüşi belli bolmadyk ýagdaýynda, üç görnüşli syworotkalaryň hemmesi hem goýberilýändir.

Botulizmiň ýeňil we orta agyrlykda geçýän görnüşinde, syworotkalaryň hersini bir bejergi mukdarda myşsa içre goýberýärler.

Agyr görnüşde syworotkalaryň bir bejergi mukdary wenadan goýberilse, ikinji bejergi mukdary myşsa içre goýberilýär. Syworotkanyň soňky mukdary we goýberiş ýygylygy keseliň geçişine we gaýraüzülmelerine bagly bolýar.

Iýmit siňdiriş ulgamda botulizmiň sporalarynyň köpelme görnüşine geçip bilme mümkinçiligini göz öňüne tutup, lewomisetin ýa-da tetrasikliniň serişdelerini belleýärler.

Botulizmi geçiren näsaglarda 1-2 aýdan hem köp wagtlap gowşak ysmazlyk ýagdaýy saklanyp  biler.

Botulizm keseline sezewar bolma mümkinçiligini aradan aýyrmak üçin, öňüni alyş çäreleri geçirmek wajypdyr. Olar aşakdaky çäreleri öz içine alyp biler:

  • Howpsyz konserwirlenme tehnologiýasyny ýola goýma;
  • Konserwirlenen önümleri açmazdan öň barlamak, gapagy çişen, "bombaž" bolan konserwalary ýok etmek;
  • Öý şertlerinde, bankalarda ýapylan kömelek we gök önüm konserwalary kabul etmezden öň, 30 minutlap 100 Cº çenli temperaturada gyzdyrmak;
  • Halkyň arasynda botulizm keseli barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek;
  • Näsaglan adam bilen zäherli iýmit önümlerini kabul eden adamlara A, B, E syworotkalaryny 1000-2000 ME mukdarda myşsa içre goýberip, olary 10-12 günüň dowamynda gözegçilikde saklamalydyr.
  • Mümkinçilige görä, ýörite döwlet azyk önümçiliginde taýynlanan konserwirlenen önümleri ulanyň.
  • 6376 gezek okalan