Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

BEHI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.70 (10 Ses)

Portugal dilinde behi (aýwa) "marmelo" diyip terjime edilýär. Biziň uly höwes bilen iýýän marmeladymyzyň ady hem şu sözden gelip çykandyr.

Behi ýer togalagynyň 40-dan gowrak ýurdunda ösdürip ýetişdirilýär. Ekilýän meýdany boýunça iň köp hasaplanýan miwe bolup, onuň ekilýän ýerleri Türkiýede – 9800 ga, Özbekistanda – 7000 ga, Argentinada – 3200 ga, Azerbeýjanda – 3100 ga, Serbiýada – 2200 ga, Alžirde – 1800 ga, Ispaniýada – 1400 ga,  Orsýetde  – 1000 ga ýere barabardyr.

Arheologlaryň bellemeklerine görä, behi adamlar tarapyndan iň gadymy özleşdirilen ekinleriň biridir. 4000 ýyl mundan öň Aziýada ösdürilip başlan behi, gaty we agyz gamaşdyryjy miwe hökmünde belli bolupdyr. Halklaryň özara gatnaşyklary sebäpli, bu miwe birnäçe dünýä ýurtlaryna ýaýrapdyr.

Geň galaýmaly, käşir hem gadymy we köp ulanylýan önüm bolsa-da, behi miwesi ýaly gadymy rowaýatlarda köp wasp edilip, öwgä mynasyp bolan däldir.

Grekler behini söýgi hudaýy bolan Afroditanyň söýgüli miwesi hasaplap, ony durmuş gurýan ýaşlara dadyp görmegi ündäpdirler. Özüne çekiji bolan bu miwe  rimlilere geçip, ondan soň hem  Ýewropa ýurtlaryna ýaýrapdyr. Behi beden üçin örän peýdaly miwe bolup, onuň düzüminde biziň saglygymyza zyýan ýetirip biljek holesterin, ýaglar, natriý saklanmaýar. Ol nuň düzüminde köp mukdarda mis we berhiz süýümlerini, bardyr.

100 gr behiniň düzümini 8.9 gr uglewodlar, 7.0 gr fruktoza hem-de glýukoza, saharoza düzýändir.

Behide A, B, B2, B6, C, E, PP witaminlerden başga-da, ençeme minerallar bardyr. Ol kaliý duzuna baý bolup, onda onuň 144 mg golaý mukdary saklanýandyr.

Behi alma we limon turşulyklaryna baý bolup, ol ýeterlik mukdarda  tartoron turşulygyny we pektin maddalaryny saklaýar. Esasy bellemeli zatlaryň biri hem  behiniň düzüminde bolan maddalar adamyň ruhy ýagdaýynyň gowulaşmagyna we dörän stressiň çalt geçmegine kömek edýär.

Behide köp mukdarda saklanýan antioksidantlar, adam bedeninde duş gelýän erkin radikallara (dargadyjy öýjükler) garşy göreşip, howply çiş keselleriniň döremegini azaldýar. Bu häsiýeti bilen,ol  arassa askorbin turşusyndan hem köp artykmaçlyk görkezýär.

Iýmit hökmünde ulanylanda, behi stresslere göreşmek bilen tebigy rahatlandyryjy serişde bolup bilýär. Bedende sowuklama ýüze çykan wagtynda, wiruslara garşy göreşip, ýoňlan adamyň sagalmagyny çaltlaşdyrýar. Ýaponiýaly alymlaryň barlaglary netijesinde, behi bilen aşgazan we onkibarmak içegäniň baş kesellerini bejerip bolýandygy subut edildi. Behini iýmitde ulanmak göz we bagyr kesellerinden  azap çekýän adamlara örän peýdalydyr.

Siz: "Behi iýmesi kyn miwe" diýmegiňiz mümkindir. Iýmitde ulanmak üçin ony tagamly taýýarlamagy başarmaly. Behi köp ýurtlaryň naharlarynda ulanylýar. Ol hil taýdan oňat tagamly we peýdaly çakyrlaryň hem düzümine girýändir.

Basykda, dem alyş ýollarynyň wirusly ýokançlyklarynda ondan tagamly mürepbe taýýarlap, nahardan soň çaý bilen içýärler.

Behi çig görnüşinde gaty miwe bolup, agyz boşlugynyň nemli bardasyny gamaşdyryandyr. Ýöne ol bişirilen ýa-da buglanan görnüşinde diýseň tagamlydyr. Marokkaly aşpezler ony mürepbe görnüşinde  etli naharlaryň ýany bilen hödür edýärler.

Portugaliýada, Gresiýada bişirilen behini öwüşginli gyzyl we goňur reňki üçin örän gowy görýärler. Çig behiniň ysynyň burk urşy adaty däl ýaly bolsa-da, örän ýakymly bolup, käbir ýagdaýda tropik miweleri ýada salýar. Behini taýýarlamakda seresaplylyk çärelerini alyp barmalydygyny ýatda saklamalydyr. Islendik tagam taýýarlananda hem onuň şänijeklerini ýekeme-eke aýyrmalydyr. Olar öz düzüminde amigdalin maddany saklaýandyr. Aşgazanda ol sianide öwrülip, bedeniň agyr zäherlenmesine getirip biler.

Behini nädip saýlamaly we saklamaly

Saýlanyňyzda uly, dykyz, tegmilsiz, sary gabyklyja miweleri alyň. Şikesli behileri almaň, sebäbi olar çalt zaýalanýarlar.

Miweleri öýüňize äkitjek bolanyňyzda, olary aýratyn gaplarda saklamak maslahat berilýär. Sebäbi olar urga we gysylma örän duýgurdyrlar.

Behiniň daşynyň tüýjemek gatlajygyny oňat aýrylmagy üçin, ony sürteç bilen ýuwmalydyr. Daşyny süpürip we aýratyn haltajyklara salyp, sowadyjyda 60 güne çenli saklap bolýandyr.

  • 4488 gezek okalan