• Makalalar
  • Sagdyn iýmitlenme we berhiz
  • Sagdyn iýmit
  • SAGDYN IÝMIT

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SAGDYN IÝMIT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.45 (20 Ses)

Adama ýaşamak üçin iýmitlenmek gerek. Sebäbi onuň bedeni kuwwatlylyk çeşmesine mätäç bolup, onuň öwezini iýmitiň hasabyna doldurmaly bolýar. Şeýle hem iýmit önümleri bedende dogry alyş-çalşa ýardam bermeli. Bu çylşyrymly alyş-çalyş işinde hökman deňagramlylyk saklanmalydyr. Onuň bozulan ýagdaýynda, ilki bilen agzalaryň işiniň üytgemegi ýüze çykyp, soňra bolsa keseller döräp başlaýarlar. Bedeniň içki gurşawyny sagdyn saklamak we ony goramak bilen ateroskleroz keseliniň, nerw-psihiki bozulmalaryň we newroz ýaly keselleriň öňüni almak, bedeniň ýokançlyklara durnuklylygyny ýokarlandyryp bolýar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, adamyň uzak ýaşamagynyň we sagdyn bolmagynyň 60%-i onuň ýaşaýyş ýörelgesine we iýmitlenişine, 15%-i nesilden-nesle geçijilige, 10%-i bolsa saglygy goraýyş ulgamynyň hyzmatlaryna baglydyr. Şol sebäpden saglygynyň aladasyny edýän adamlar beloklara, uglewodlara we dürli mikroelementlere baý bolan natural iýmitler bilen iýmitlenmäge çalyşýarlar.

Iýmitiň ýokumlulygy ilki bilen onuň düzümindäki mineral maddalara, witaminlere, beloklara, uglewodlara we ýaglara bagly. Şol sebäpden adamyň gündeki iýmit rasiony dürli-dürli bolmaly.

Sagdyn we dogry iýmitlenmegiň esasyny beloklar tutýar. Beloklar adam bedeniniň öýjükleriniň we dokumalarynyň gurluş elementleriniň esasyny düzýär. Bedendäki alyş-çalyş, myşsalaryň ýygrylmagy, ösmek we köpelmek, pikirlenmek ukyby beloklara bagly. Bedende belogyň ýetmezçilik etmegi käbir witaminleriň, peýdaly ýaglaryň, köp mikroelementleriň siňmegine kynçylyk döredýär. Bu ýagdaý gormonal bozulmalara getirýär. Adam günde 80-100 g belogy harçlaýar. Şonuň üçin süýt önümlerini, ýumurtgany, balygy köpräk iýmeli bolýar.

Iýmit ýaglary kuwwatlylygyň hazynasy hasaplanýar we olar bedeniň kadaly ösmegini üpjin edýär. Gaty we suwuk halyndakysyna sygyr, goýun ýaglary, tiz ereýänlerine ösümlik ýaglary girýär. Adamyň günde kabul etmeli ýagy 80-100 g Iýmitde ýag bolmasa, adamda witamin ýetmezçiligi ýüze çykyp, awitaminoz, deriň guraklanmagy, süýjibaş, teňňeli demrew ýaly keseller döräp biler. Bedene 1 g ýag siňende 9,3 kall kuwwatlylyk berýär. Ýaglar et önümlerinde, hozda, çigitde, künjüde köp bolýar.

Uglewodlar organiki birleşme bolup, uglewoddan, wodoroddan we kisloroddan ybaratdyr. Bular bedeniň sarp edýän kuwwatlylygynyň öwezini dolýar. Uglewodlar ösümliklerde, miwelerde, gök önümlerde, esasan hem gant-şekerde, nabatda, krahmalda balda köp bolýar. Beden 1 g uglewod siňdirende 4,1 kall kuwwatlylyk alýar. Bu bolsa adamyň bir gije-gündiziň dowamynda 400-500 g uglewod sarp etmeli diýildigidir.

Mineral maddalar iýmit önümlerinde her hili turşular, duzlar, organiki birleşmeler görnüşinde bolýar. Iýmitiň düzümindäki ýokumly maddalar bedeniň ösmegine täsir edýär, süňklere, beden öýjüklerine, ganyň düzümine aralaşýar. Ýöne mineral maddalar beden üçin örän az mukdarda gerekdir. Mineral maddalar makro we mikroelementlere bölünýär.

Makroelementlere kalsiý, magniý, fosfor, demir, kükürt, natriý we hlor ýaly maddalar degişli bolup, olar nerw, ýürek ulgamlarynyň kadaly işlemegine, süňkleriň dogry ösmegine täsir edýär, ganyň düzümini emele getirýär.

Mikroelementler bedende alyş-çalşy amala aşyryp, ganyň düzüminde bolýar. Mikroelementlerden mis, sink, ýod,  brom we ş.m. esasan gök önümdir miwelerde (kartoşkada, kelemde, käşirde) ýumurtganyň sarysynda, sygryň bagrynda, balykda bolýar.Ýod galkan şekilli mäziň işleýşini sazlaýar. Ol balykda, hozda, ysmanakda köp bolýar. Marganes bilen ftor süňküň berkligine, mis bilen kobalt ganyň emele gelmegine gatnaşýar. Ýöne käbir mikroelementleriň köp kabul edilmegi bilen beden zäherlenmä duçar bolup biler. Zäherli elementlerden mis, galaýy, gurşun, myşýak, sink iýmitde örän az mukdarda bolmalydyr.

Witaminler-ýaşaýşyň özenidir. Olar bedene kuwwatlylyk bermek bilen, fermentatiw maksatlar üçin möhümdir. Fermentleriň işleýşi bozulsa, bedende alyş-çalyş bozulýar. Witaminler esasan hem gök önümlerde, miwelerde, süýt önümlerinde, gury iýmişlerde köp bolup, etde az bolýar. Käbir adamlar iýmitden gelýän witaminleri aň ýetirmezden köýdürýärler. Alkogol içgileri, gereginden köp şeker iýmek B1,B6 we foliýe turşusynyň, çilim çekmek C witamininiň dogry özleşmegine bökdençlik döredýär. Seýle hem antibiotikler, iç sürüji dermanlar, aspirin, stresler witaminleriň kadasyz özleşmegine sebäp bolýarlar.

Soňky wagtlarda ýokary iýmit gymmatlygy bolan däneli we kösükli ösümliklere uly üns berilýär. Bütindünýä berhiz öwrenijileri has peýdaly ösümlikleriň sanawyny düzenlerinde, bu ösümlikler esasy orny eýeläpdirler.

Gadyrly okyjylarymyz! Biz dogry iýmitlenmäniň esasy kadalaryny ýene-de bir gezek Siziň dykgatyňyza hödürledik. Biz bu mowzukdaky makalalary ozal hem saýtymyzyň sahyplarynda ýerleşdiripdik. Eýsem biz Size şol bir mowzukdaky makalany gaýta-gaýta hödürlemekçi bolýarysmy? Ýok, biz dogry iýmitlenme bilen uzak we sagdyn ýaşaýşyň gönüden-göni baglanyşygynyň bardygyny nygtaýarys.

Hawa, her bir halkyň öz ýaşaýan ýerleriniň geografik we howa şertlerine görä özboluşly iýmitleriniň bolşy ýaly, türkmen halkynyň hem öz milli naharlary bar. Türkmen halky öňki döwürlerde esasan hem maldarçalyk bilen meşgul bolup, çarwa bolup ýaşapdyrlar. Olar mal bakyp, tomsuň jöwzaly yssysynda, gyşyň aňzakly sowugynda bir ýerden başga bir ýere göçüp ýaşapdyrlar. Bu durmuş şertleri bolsa kuwwatlylygy ýokary bolan iýmiti talap edipdirler. Ýöne durmuş şertleriniň üýtgemegine garamazdan, türkmeniň palawy, çekdirmesi, gowurmasy, gowurdagy, dogramasy, ýarmasy, tamdyrlamasy ýaly milli naharlar heniz-de saçagymyzyň mertebeli naz-nygmatlarydyr. Milli türkmen naharlarymyzyň muşdaklary bolan biz, şuny ýatda saklamalydyrys: biziň ata-babalarymyz maldarçylyk, ekerançylyk bilen işjeň meşgullanansoňlar, köp hereket edýärdiler, köp wagtlaryny açyk howada geçirýärdiler, düme biten gawun-garpyz iýýärdiler, elin düýe çalyny içýärdiler. Şonuň üçin-de, milli tagamlarymyz olaryň saglygyna zyýan ýetirmeýärdiler. Olarda aterosklerozyň, semizligiň ýüze çykma töwekgelçiligi pesdi. Emma biz amatly durmuş şertlerinde ýaşansok, az hereket edýäris: işe pyýada gitmeýäris, suwy uzak ýerlerden daşamaýarys, nahar bişirmek üçin odun çöplemeýäris we ş.m. Şeýle diýmek bilen biz milli tagamlarymyza garşy çykýarysmy? Elbetde, ýok! Ýöne milli tagamlarymyza ýykgyn eden ýagdaýymyzda, hereket etmegi hem ýatdan çykarmajak bolmaly.

  • 6131 gezek okalan