• Makalalar
  • Sagdyn iýmitlenme we berhiz
  • Sagdyn iýmit
  • TÄZE ÝYLYŇ BEREKETLI SAÇAGY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÄZE ÝYLYŇ BEREKETLI SAÇAGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (28 Ses)

Täze ýyl baýramy her bir adam üçin iň gyzykly, şowhunly baýramlaryň biridir. Her bir adam, her bir maşgala bu ajaýyp baýramçylyga sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Täze ýyl golaýlanda, bazarlar, dükanlar alyjylardan dolýar. Täze ýyly naz-nygmatlardan doly saçak bilen garşylamak däbe öwrülendir. Şol sebäpli hem her birimiz iň oňat azyk önümlerini saýlap alýarys. Hut täze ýyl agşamynda saçagyň sahylyk bilen bezelişine, onda goýulýan tagamlara geljek ýylyň berekedi bagly hasaplanylýar. Hatda halkyň arasynda "Täze ýyly nädip garşylasaň, ony şonuň ýaly hem geçirersiň" diýen ýörgünli pikir hem bardyr.

Elbetde, Täze ýyly üýtgeşik gowy garşy almak ajaýyp däpdir. Ýöne täze ýyl saçagynyň başynda dürli-dürli tagamlardan garym-gatym iýmegiň bolsa kän bir peýdasy ýokdur. Bu esasanam iýmit siňdiriş ulgamlarynyň kesellerinden ejir çekýän adamlara degişlidir.

Öňünde üýtgeşik tagamlar bilen bezelen saçakdaky zatlardan iýesi gelmeýän adam ýok diýsek, ýalňyşmarys. Ýöne ählisinden doýup iýmek sagdyn aşgazanly adama hem agyr düşýär. Onda näme etmeli?

Ilki bilen öz saglygyňyza zyýan ýetirmezden iýip biljek zatlaryňyza göz aýlaň. Size ýaraýan, has tagamly zatlardan iýip, başgalaryndan iýmeseňiz hem bolar. Juda iýesiňiz gelse, onda biraz tagamyny dadyp göräýiň.

Saçakda goýulan zatlardan howlukman iýiň. Siz her zatdan öz tarelkaňyza birazrakdan guýup alyň. "Şujagazy hem galdyrman iýeýin-le" diýen pikire eýermejek boluň. Sowadyjynyň bardygyny ýada salyp, galanyny ertesi gün iýer ýaly oňa salaýyň.

Et we şöhlat önümlerinden taýýarlanan tagamlary we işdäçarlary hem kän iýmejek boluň. Olar agyr we ýagly bolýar, iýmit siňdiriş ulgamyna zyýan ýetirýär.

Işdäçarlaryň arasyndan maýonez garylanlaryny däl-de, ösümlik ýagy garylanlardan iýiň. Olar özleşdirmek üçin has ýeňil bolýar.

Iýen tagamlaryňyz siňmedik ýagdaýynda, Festal, Mezim ýaly iýmit siňdirişi gowulandyrýan dermanlary içiň. Bu siziň aşgazanyňyzdaky agyry-sanjyny köşeşdirer.

Täze ýyl agşamy özüňizi oňaýly, ynjalykly duýmak üçin, öňünden alada etseňiz bolar. Täze ýyla birnäçe gün galanda, şu maslahatlarymyza eýeriň:

  1. 1 bulgur ter miwe şiresini içiň. Greýpfrut, mandarin we pyrtykal şiresi C witaminine baýdyr. Ol öz gezeginde bedeniň kesellere durnuklylygyny berkidýär, madda çalşygyny gowulandyrýar. Çaý içeniňizde hem onuň içine şol miweleriň gabygyny ýa-da limonyň we almanyň bölejiklerini atsaňyz hem örän peýdalydyr.
  2. Iş günüň dowamynda hökman gök çaý ýa-da gaýnadylyp sowadylan suw içiň.
  3. Arakesme edinmek üçin hökman wagt tapyň. Günüň dowamynda 2-3 gezek arassa howada gezmeläň. Her 20-30 minutdan ýeňilräk maşklary ýerine ýetirjek boluň.
  4. Birnäçe günüň dowamynda ýagly, gowrulan,burçly we duzly tagamlardan gaça duruň.
  5. Gök önümleri iýiň, olardan nahar we işdäçar taýýarlaň. Işdäçarlaryňyza maýonez, gaýmak garman, zeýtun ýa-da mekgejöwen ýagyny ulansaňyz, has peýdalydyr.

Elbetde, baýramçylyk saçagyny dürli içgisiz göz öňüne getirmek kyn. Reňkli gazly suwlara nahardan soň örän uly isleg bildirilýär. Olardan çaý ýa-da reňksiz tebigy mineral suwlar has peýdalydyr ("Boržomi", "Ýessentuki" we ş.m.).

Täze ýyl saçagyna aýratyn bezeg berýän zatlaryň biri hem miwe önümleridir. Olar diňe bezeg bermek bilen çäklenmän, eýsem iýmit siňdiriş ulgamynyň işine ýardam berýärler, madda çalyşygyny tizleşdirýärler. Naharlardan iýip başlamazdan öň, alma, pyrtykal, armyt ýa-da kiwi ýaly iýmişlerden iýseňiz, esasy agyr naharlardan azrak iýersiňiz. Ýöne şol miwe önümlerini ähli zatlardan doýanyňyzdan soň iýseňiz, asla peýdasy ýokdur, sebäbi birgiden iýmitiň üstüne düşüp, olar aşgazanda turşamak bilen bolýar.

Saçakda reýhan, şibit, petruşka ýaly gök otlardan köpräk goýuň. Olar hem iýmitiň ýeňil özleşdirilmegine ýardam berýär. Aşgazany uglewodlardan we ýaglardan (et,ýer almasy, tüwi, balyk we ş.m.) doldurmaga howlukman. Olar sizde iýmit zäherlenmesini döredip biler. Olaryň deregine ýeňil, gök önümlerden taýýarlanylan işdäçarlardan iýseňiz, özüňizi has ýeňil we şähdaçyk duýarsyňyz. Täze ýyl saçagynyň başynda çörek iýmegiň asla geregi ýok! Ol aşgazana artykmaç agram salar.

Spirtli içgiler barada aýdylanda bolsa, şampan we gyzyl çakyr-esasy içgiler hökmünde saçakda goýulýar. Olar hem öz gezeginde madda çalşygyny tizleşdirýärler, artykmaç ýaglary ýakýarlar. Ýöne bu içgileriň hem aşa köp içilmegi iýmit siňdiriş ulgamyna belli derejede zyýanyny ýetirýändir.

Arak, konýak ýaly has güýçli alkogol içgiler bolsa adamyň işdäsini açýar, onuň agyr, ýagly tagamlary iýmäge bolan islegini artdyrýar. Täze ýyl agşamyny gowy garşylajak bolýan adama munuň geregi barmy-ka? Elbetde-ýok!

Umuman, baýramçylyk saçagyny oňat bezemegiň ähmiýeti biziň her birimiz üçin uludyr. Ýöne bu baýramçylygy diňe iýip-içip geçirmez ýaly, dürli gyzykly oýunlary oýnamagy, aýdym aýdyp tans etmegi, dost-ýarlarymyzyňka, dogan-garyndaşlarymyzyňka pyýada myhmançylyga barmagy hem meýilleşdirsek, onda Täze ýyly gowy garşy alarys. Baýramçylykdan soň bolsa lukmana ýüz tutmagyň zerurlygy bolmasa gerek!

Täze ýylyňyz düşümli bolsun! Janyňyz sag, başyňyz dik bolsun!

  • 14981 gezek okalan