• Makalalar
  • Sagdyn iýmitlenme we berhiz
  • Sagdyn iýmit
  • HOZLARYŇ WE MAŇYZLARYŇ PEÝDASY

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

HOZLARYŇ WE MAŇYZLARYŇ PEÝDASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.92 (13 Ses)

Hozlaryň we maňyzlaryň ähli görnüşleri mikroelementlere we witaminlere, beloklara we aminoturşulyklara örän baýdyr. Günde hoz ýa-da maňyz iýýän adamyň bedeninde zyýanly galyndy bolmaýar, onuň ýüregi we beýnisi has gowy işleýär.

Hoz

Hoz iň pedaly iýmitleriň biri hasaplanylýar. Onuň düzüminde gan damarlaryny berkidýän E witamininiň we immuniteti berkidýän C witamininiň köp mukdary bardyr. Hoz ýatkeşligi berkidýär, ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini peseldýär, ýüregi we bagry goraýar.

Hoz aterosklerozyň we ýokary gan basyşynyň öňüni almakda örän peýdalydyr. Ol immun ulgama oňaýly täsir edýär, nerw bozulmalarda we ukusyzlykda kömek edýär.

Arahis

Arahis (oňa ýer hozy hem diýilýär) ýeňil ýaglaryň hasabyna örän ýokary kuwwatly iýmit hasaplanylýar. Ol diňe tiz wagtyň içinde dokundyrmak bilen çäklenmän, eýsem artykmaç holesterini hem aradan aýyrýar.

Ýer hozy (arahis) kaliý, fosfor, PP, B1, B2, D witaminlerine baýdyr. Bu mikroelementler ýürek-damar we myşsa ulgamyna, kelle beýnisiniň we bagryň işi üçin peýdalydyr. Arahis ýatkeşligi berkidýär, akyl taýdan işjeňligi artdyrýar.

Diýetologlar çig arahisiň agyr özleşdirilýändigini belläp, ony gowrup iýmegi maslahat berýärler. Onuň gabyjaklary allergiki täsirleriň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

Pisse

Pisse (tokaý hozy hem diýilýär) E witaminiň we myşsa dokumalarynyň berkemegine ýardam berýän, garramagy haýalladýan belogyň üýtgeşik sazlaşygy bilen tapawutlanýar. Bu hoz gipotoniýadan (pes gan basyş) ejir çekýänlere, birden keýpi üýtgeýänlere kömek eder. Şeýle hem ol damarlaryň warikoz giňelmeginde, erkeklik jyns mäziniň ulalmagynda, ganazlykda we trofik baş keselinde örän peýdalydyr.

Ýokary energetik gymmatlygy bolany sebäpli tokaý hozy çörekden, süýtden, hatda şokoladdan hem ýokumlydyr.

Muňa garamazdan, düzüminde uglewodlaryň az bolanlygy sebäpli pisse berhiz tutýanlar,şeýle hem süýji keselden ejir çekýänler üçin örän peýdalydyr.

Keşýu hozy

Gadymy Afrika taýpalarynyň tebipleri keşýu hozyny diş we diş etiniň kesellerinde giňden ulanypdyrlar. Bu hoz E witaminine baýdyr. Şol sebäpli hem ol süýjibaşdan, teňňeli demrewden (psoriazdan) we madda çalşygynyň bozulmagy netijesinde dörän beýleki deri kesellerinden ejir çekýänler üçin peýdalydyr.

Kedr hozy

Kedr hozunyň düzüminde adam bedeni üçin gerek bolan ýokumly maddalaryň ählisi diýen ýaly bardyr.

Kedr hozjagazlary pes immunitetde, aterosklerozda, aşgazan-içege ulgamynyň kesellerinde ulanylýar.

Adam kedr hozjagazlaryny iýende, ýaralar gutulýar, nemli bardanyň sowuklamasy aradan aýrylýar. Şeýle hem kedr hozjagazlary ene süýdüniň köpelmegine ýardam berýär, ýadawlygy we dartgynly nerw ýagdaýlary aradan aýyrmaga kömek edýär.

Hozy, maňyzlary iýmegi adamlaryň ählisi diýen ýaly halaýar. Olaryň peýdasynyň nähili derejede ýokarydygyny bilmek bolsa hozdur maňyzlara bolan islegi has artdyrýar.

  • 4870 gezek okalan