• Makalalar
  • Sagdyn iýmitlenme we berhiz
  • Sagdyn iýmit
  • SÜLE ÝARMASY (GERKULES KAŞASY)

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SÜLE ÝARMASY (GERKULES KAŞASY)

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (15 Ses)

Hemmeler ýarmanyň (ýarma – kaşa)  diňe tagamly däl, eýsem peýdalydygyny bireýýam bilýärler. Ýarmalaryň islendigi kletçatka baý bolup, adamyň organizminden şlaklaryň, ýagny siňdirelen iýmitden galan galyndylaryň organizmden çykarylmagyna ýardam berýändir. Ýarmalaryň arasynda iň peýdalysy süle ýarmasydyr (gerkules kaşasy).

Köp adamlar ertirlik hökmünde süle ýarmasyny iýmegi halaýarlar. Eýsem onuň nähili häsiýetleri barka? Süle dürli witaminlere we minerallara örän baýdyr. Onuň düzüminde A witamini, B toparynyň witaminleri, E, F, PP witaminleri, şeýle-de kremniý, kaliý, fosfor, magniý, demir, kalsiý, ýod, natriý, kükürt we başgalar barydyr. Süläniň düzüminiň 60%-ne golaýyny krahmal, 10-18%-ni beloklar we 5-8%-ni ýaglar düzýändir.

Süle ýarmasy B toparynyň witaminlerine baýdyr. Bu witaminler topary adamyň nerw ulgamynyň sazlaşykly işlemegine ýardam edýändir. Şonuň üçin-de, ol ýürek işiniň kadalaýyk bolmagy üçin örän peýdalydyr. Mundan başga-da, süle ýarmasy adamyň organizmindäki maddy çalşygyň kadalaýyk bolmagyna ýardam berýär. Süle ýarmasy artkmaç agramyndan dynyp, derisiniň ýagdaýyny gowulandyrmak isleýänler üçin juda peýdalydyr. Sebäbi ol bagryň we aşgazanasty mäziniň işiniň gowulandyryp, ýaglaryň siňmegine ýardam berýär. Süle ýarmasy akyl zähmeti bilen meşgullanýanlar üçin örän peýdalydyr. Mekdep okuwçylary we ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplar ertirlik wagty hökman süle ýarmasyny iýmelidirler. Diňe okuwçylar we talyplar däl, hemmeler öz iýmitleriniň sanawyna süle ýarmasyny goşmalydyr.

Süle ýarmasyny iýýän her bir adamyň ony taýýarlamakda söýgüli usuly bardyr. Käbirler ony suwda bişirse, käbirleri ony süýtde bişirýärler. Köp adamlar süle ýarmasyna bal, kişmiş, maňyz goşmagy halaýarlar. Eger-de siz hiç haçan süle ýarmasyny bişirip görmedik bolsaňyz, ine, onuň taýýarlanyş usullarynyň biri: süle ýarmasyny taýýarlamak üçin adatça 2 bulgur süýde 1,5 bulgur suwy goşup, gaýnama derejesine ýetirmeli. Soňra oňa 1 bulgur süläni, özüňize gerek mukdarda şeker we duz goşmaly. Bularyň baryny garyşdyryp, pessejik otda ýarma taýýar bolýança bişirmeli. Ýarmanyň düýbi ýanmaz ýaly, ony bulap durmaly.

Ýöne ýarmalar peýdaly diýip, diňe şolary iýmeli däldir. Sagdyn bolmagy isleýän adamyň iýmiti dürli-dürli bolmalydygyny ýatdan çykarmaň!

Ulanylan WEB Salgy

  • 5769 gezek okalan