Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

KÄDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.16 (32 Ses)

Biz şu makalada adamyň organizmi üçin örän peýdaly bolan bir gök önümi – kädi barada, onuň saglyga peýdasy barada gürrrüň bermekçi.

Kädi bir ýyllyk ösümlikdir. Onuň baldagy 8 metre çenli uzalyp, köpsanly murtjagazlary bolýar. Kädi iýun-iýul aýlary gülleýär. Onuň gülleri iri we sary bolýar. Kädi sentyabr-oktýabr aýlary ýetişýär. Kädiniň örän köp görnüşleri bolup, onuň miwesi togalak, süýri, agramy 20 kilograma çenli bolup bilýär. Kädiniň eti ýumşak, köplenç mämişi reňkde bolýar. Kädiler maşgalasyna kabaçok, patisson, iri kädi, daş kädi dagylar degişlidir. Kädi gadymy ösümlik bolup, onuň watany Meksika hasaplanylýar. Kädini b.e. 3000 ýyl ozal ösdürip ýetişdirendikleri barada maglumatlar bardyr.

Kädi siziň öýüňizdäki baý dermanhanajykdyr.

Kädi dermanlyk çig malydyr. Onuň çigidi, eti, gülleri we baldagy örän peýdalydyr. Kädi çigidiniň düzüminde ýaglar, beloklar, fitosterin, şepbikler, tebigy turşulyklar, C, Bi witaminleri, karotin bardyr. Ýöne kädi çigidini  kölegede guratmalydyr. Ojagyň üstünde, bugpeçde, açyk günde guradylan çigitler özleriniň şypa berijilik häsiýetlerini ýitirýärler. Guradylan kädi çigitleriniň saklanyş möhleti iki ýyldyr. Kädiniň eti kletçatka we ösümlik şekerleriniň köp görnüşlerine baýdyr. Şeýle-de onuň düzüminde kalsiniň, kaliniň, duzlary, demir we mikroelementler, C, Bi, B2, B5, E, A, PP witaminleri bardyr. Kädi pektinlere baýdyr. Kädiniň mämişi we sary reňkli etindäki karotiniň mukdary käşiriňkiden-de köpdür. Kädi sowuklama garşy, damarlary giňeldiji, köşeşdiriji, maddalryň çalşygyna ýardam beriji, yara bitiriji ýaly häsiýetlere eýedir. Ol aşgazan-içege ulgamynyň işini gowulandyrýar, peşewiň we ödüň bölünip çykmasyny kadalaşdyrýar. Kädi gurçuklara garşy geçirilýän çärelerde-de gaty peýdalydyr. Ol adam organizminiň duz we suw çalşygyny ýokarlandyrýar, ukyny kadalaşdyrýar. Kädiden inçekesel taýajyklarynyň ösmeginiň öňüni alýan derman serişdeleri taýýarlanylýar. Kädini halk içinde peşew bölüp çykaryjy hökmünde hem giňden ulanýarlar. Ol diňe böwregi däl, eýsem tutuş organizmi arassalaýar. Kädi şypa berijilik häsiýetlere eýe bolmak bilen, ony artygrak iýäýeňde-de zyýany ýokdur. Kädi möwsümi peşew ulgamynyň bozulmalaryndan, ýatdaşlyk bozulmalaryndan (sklerozdan), bogunagyrylardan ejir çekýänler üçin öý şertlerindäki bejeriş-dynç alyş möwsümlerine öwrülýändir.

Kädi ýürek-damar ulgamyndaky näsazlyklaryň netijesinde ýüze çykýan çişmelerde, gan basyşynyň ýokarlanmalarynda, aterosklerozda kömek berýär. Kädi demre baýdyr. Ol ganazlykdan kösenýänler üçin tapylgasyz sowgatdyr. Ýürek-damar kesellerinden ejir çekýänler üçin peşew çykardyjy serişde hökmünde günüň dowamynda kädiniň ýarym kilesini iýmek ýa-da ýarym bulgur şiresini içmek maslahat berilýär. Ony süýtde bişirilen tüwi, dary, manna ýarmalary bilen garyşdyryp iýse bolýar. Kädi ateroskleroz, ýagny ýürek-damar ulgamynyň näsazlyklaryndan kösenýän adamlar üçin-de örän peýdalydyr. Sebäbi kädi pektine örän baýdyr. Pektin adamyň organizminden holesterini çykarmaga ýardam berýär. Kädiniň düzümindäki pektin öt haltasynyň işini gowulandyrýar, ýogyn içegedäki sowuklama ýagdaýlaryny aýyrýar. Kädi aýratyn-da holesistitlerde, holitlerde, böwrek sowuklamalarynda, peşew haltasynyň ýiti we dowamly sowuklamalarynda,  uretritleriň käbir görnüşlerinde peýdalydyr. Ony günde 2 gezek 100 gramdan ýarma (kaşa) görnüşinde iýmek maslahat berilýär.

Şeýle-de kädi adam organizindäki artyk suwuklygy bölüp çykarmaga ýardam berýär. Munuň üçin günde kädiniň ýarym kilesini çigligine ýa-da gaýnadyalan, ýa-da bugpeçde taýýarlanan görnüşiniň 2 kilesini iýmek maslahat berilýär. Bu çişleriň köp görnüşlerinde täsirlidir.

Kädi sarygetirme keselini başdan geçirenler üçin gaty peýdalydyr. Sebäbi ol bagryň zäherlere garşy göreşijilik ukybynyň dikeldilmegini tizleşdirýär. Bişirilen ýa-da buglanan kädi bagyrdaky, dalakdaky, durgunlyk ýagdaýlaryny aýyrýar, aşgazan-içege ulgamynyň işini gowulandyrýar, aşgazanyň iýmiti siňdirmegine ýardam berýär. Şoňa görä-de, kädi aşgazan ýarasyndan, ýogyn içegäniň ýaralaryndan, içgatamalardan, kolitlerden ejir çekýänler üçin hem diýseň peýdalydyr. Şu ýagdaýlarda kädi ýarmasyny günde 3 gezek 100-150 gramyny adatdaky naharlardan daşary iýmek maslahat berilýär. Ýöne şu döwürde hamyrmaýaly önümlerinden we süýjüliklerden saklanjak bolmaly. 1:2 gatnaşykda süýtde bişirilen kädi ýarmasy aşgazanyň turşulyk derjesini peseldýändir.

Kädiniň kuwwatlylyk derejesiniň pes bolany üçin, ony organuzminde madda çalşygy bozulan, çendenaşa semizlikden ejir çekýänlere iýmek maslahat berilýär. Ol içegäniň işleýşini gowulandyryp, güýçli içgatamalarda peýdalydyr. Organizmdäki artyk duzlaryň, peşewiň bölünip çykmasyny tizleşdirýär. Kädi süýji keselinde, bogunagyralarda tapylgasyz dermandyr.

Çiş kesellerinde (rak kesellerinde) kädiniň gaýnadylan etini çişlere ýapmak maslahat berilýär.

Kädi gaýnatmasy. Peşew mäziniň kesellerinde kädi gaýnatmasy klizma (emeli usul bilen içegä suwukly goýberip, içini boşatmak) görnüşinde ulanylýar.

Kädiniň gaýnatmasyna balyň goşulyp kabul edilmegi nerw ulgamynyň rahatlanmagyna ýardam berýär. Munuň üçin 200ml kädi gaýnatmasyna 2 n.ç.bal goşup, günde 4 gezek 3 owurtdan içmeli. Bu gaýnatma ukyny kadalaşdyrýar.

Göwreli zenanlaryň aşsaýlama döwründe kädiniň gaýnatmasyna limonyň şiresini goşup berilse, ýürek bulanmalaryny azaldýar.

Kädiniň baldagyndan gaýnadylan gaýnatmany organizmde maddalaryň bozulmalarynyň ýüze çykan ýagdaýynda, böwrek kesellerinde, damar giňeldiji serişde hökmünde, çişleri aýyrmakda maslahat berilýär.

Kädiniň güllerinden gaýnadylan gaýnatma ýaralary bitiriji serişde hökmünde ulanylýar. Süýji keselliler el-aýaklarynda ýaralaryň dörän ýagdaýynda şu gaýnatmany melhem ýapgysy hökmünde ulanýarlar.

Kädi ýarmasy. Kädi ýarmasy ýanyklarda, süýjibaşlarda, deriniň iriňläp haraplanan ýagdaýlarynda ulanylýar. Arassa, ter kädiniň etini (çigidi bilen bilelikde) ýanyk, düwürtik, örgün ýaly teniň dertli ýerlerine hem ýapgy edýärler.

Kädi şiresi.Ýatmazdan öň içilen ýarym bulgur kädi şiresi nerw ulgamyny rahatlandyrýar we güýçli uky dermany ýaly täsir edýär. Kädiniň bedendäki artykmaç suwuklyklary bölüp çykarýandygyny nazara alyp, ony bedende suwuklygyň ýygnanma keselinde (wodýankada) ulanýarlar. Bu şiräni dürli çişmelerde, böwrek, bagyr, peşew ýollarynyň kesellerinde hem içýärler. Bir aýyň dowamynda günde  4 gezek 3 owurtdan içilen şire köp böwrek we bagyr kesellerinden saplaýar. Kädi möwsüminde günde 2-3 bulgur kädi şiresiniň içilmegi  içgatamanyň, bagryň, ödüň we öt ýollarynyň, iç ýellenmäniň, gurçuklara garşy göreşmegiň iň oňat usulydyr.

Kädi çigitleri.Kädi çigitleri ýüregiň işleýşini gowulandyrýar. Ýürek agyrylaryny peseldýär. Kädi çigitlerinden demlenen çaýy günde 2-3 käseden bir hepdäniň dowamynda kabul etmeli. Bu çaý böwrek kesellerinde oňat kömek edýär. 1 bulgur gaýnag suwa 1 n.ç. owradylan kädi çigidini demlemeli. Ony ýarym sagat demine goýmaly. Kädi çigitleriniň peşew çykardyjy häsiýetleri bolany üçin, ony peşew ulagamynyň kesellerinde we gurçuklaryň bolan ýagdaýynda günde 3 käsesini içmek maslahat berilýär.

 

Kädiden derman serişdeleriniň taýýarlanyş usullary.

Kädiniň baldagy – 20gr ownuk dograp, 2 bulgur suwda gaýnatmaly. Bu gündelik mukdardyr. Ony peşew we öt çykardyjy serişde hökmünde kabul etse bolýar.

Çig ýumşak kädi eti ýa-da dykyz kädi etinden taýýarlanan ýarma:deride sowuklama, ýanyk, örgün alamatlary, düwürtikler, ýaralar dörände ýara ýerlere melhem hökmünde ýapgy etmeli.

Kädi etiniň gaýnadylan peti: 150-200g kädi etini ownuk dograp, ýarym litr suwda 10 minut gaýnatmaly. Ýarym sagat demine goýmaly. Soňra bu peti süzmeli-de, 1 bulgurdan günde 3-4 gezek bal ýa-da şeker bilen kabul etmeli.

Kädi gülünden gaýnadylan pet:2 n.ç. owradylan kädi gülüni 1 bulgur suwa suwda 5 min gaýnatmaly-da, 30 min demine goýmaly. Soňra bu peti süzüp, günde 3 gezek ýarym bulgurdan nahardan öň kabul etmeli.

Kädi çigidi: 500g çig kädi çigitlerini gabygy bilet üwemeli-de, 1 litr suw guýup, başga bir suwly gabyň içinde pessejik otda gaýnatmaly. Kädi çigitli gapdaky suw bugaryp gutaransoň, ony 2-3gat hasadan süzmeli. Bu serişdäni ýarym sagadyň dowamynda kabul etmeli. Ol gurçuklara garşy serişdedir. Mundan soň bolsa iç sürüji serişdäni kabul etmeli.

Arassalanan kädi çigidini üwemeli. Her gün irden ajöze 2 n. ç. mylaýymja süýt bilen kabul etmeli. Bir sagatdan iç sürüji serişdäni kabul etmeli. Bu serişde hem gurçuklardan saplanmaga ýardam berýär.

Ulanylan WEB Salgy

  • 9092 gezek okalan