Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
SAGDYN WE TAGAMLY NYGMATLAR - ÝAŞYL SOGANLY GYZYL BALYK
Söýgüliňizi haýrana galdyrjak resept.
Egerde wagtyňyz az bolup, işden yadap gelen bolsaňyz, ýöne oňa garamazdan, söýgüliňizi begendirmek isleýän bolsaňyz, onda bu resept siziň üçindir. Bu az ýagly, pes kaloriýaly we taýýarlamasy aňsat reseptdir.
Kaloriýa çyzgyjy (1 adamlyk)
1 file, 198 gr gyzylbalyk eti ~ 412 kal.
1 iri ýaşyl sogan 89 gr ~ 54 kal.
Umumy kaloriýa = 466 kal.
Taýýarlamak üçin gerek wagt
15 minut.
Naharyň sagdynlyk çyzgyjy
Gyzylbalyk öz içinde vitamin A (göz üçin peýdaly), C, B6, Kalsiý we Magniý ýaly peýdaly minerallary we vitaminleri saklaýar.
Iri Ýaşyl sogan bolsa vitamin A, C, D, B6, B12we demir ýaly gerekli minerallara we vitaminlere baýdyr. Mundan başgada ýaşyl sogan adamyň içegesindäki soguljanlara garşy göreşmekde uly peýdasy bardyr.
Zeýtun ýagy bolsa naharyň tagamyny has hem gowulandyrýandyr.
Gerekli önümler (1 adamlyk)
► 198 gr. gyzyl balygyň gylçyksyz, arassa eti (file). Gyzylbalyk tapyp bilmeseňiz onyň ýerine som balygyny ýa-da lakga balygy ulanyp bilersiňiz. (Dykkat! Balyk file görnüşinde we gyljyksyz bolmaly). Gyzylbalyk supermarketlerde doňdurylan görnüşde satylýar.
► 2 sany iri ýaşyl sogan.
► 10 ml zeýtun ýagy, zeýtin ýagy bolmasa günebakar ýa-da mekgejöwen ýagyny ulanyp bilersiňiz.
► Öz islegiňiz boýunça pesto batyrmasy ýa-da owadanlyk üçin ýaşyl sogan.
Taýýarlanyş usuly:
Filelenen gyzylbalygy iki çümmük duz we burç bilen sepelemeli. Ilki burçlasaňyz, soňundan saja atjak wagtyňyz duzlasaňyz, gyzylbalygyň tagamy has süýji bolýar. Sebäbi duz balygy guradyp goýup, iýlen wagty balygyň bar tagamyny alýar.
Iri ýaşyl sogany ýuwmaly we onuň ak ýerini ulanmaly. Ýaşyl soganyň ak ýerini uzynlygyna kesmeli. Pessejik otda, azajyk zeýtun ýagyny aşagy galyň saçda gyzdyryp, ýaşyl sogany 5 minut bişirmeli. Bişiren wagtyňyzda duz bilen burçy atmaly. Ýaşyl sogan yumşan wagtynda sajyn aşagyny öçürmeli we aýratyn gapda ýylylygyna goýmaly.
Ýaşyl sogany bişiren sajyňyza azajyk zeýtun ýagyny gyzdyryň. Duzlanan we burçlanan gyzyl balygy orta otda her tarapyny 5 minut bişiriň. Haçanda balygyň daşy altynsow ýa-da pyrtykal renke eýe bolanda, balygyňyzyň taýyn boldugydyr.
Ilki bişirilen ýaşyl sogany, onson üstüne gyzyl balygy suratdaky ýaly goýuň. Gyzylbalygyň üstüne islegiňiz boýunça pesto batyrmasyny guýup bilersiňiz. Pesto batyrmasy supermarketlerde taýýar görnüşinde satylýar. Eger-de pesto tapmasaňyz, onyň ýerine owadanlyk üçin bişiren ýaşyl soganyňyzdan alyp, taýyn tagamy owadanlap bilersiňiz.
IŞDÄŇIZ AÇYK BOLSUN!
- 5235 gezek okalan