Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

IÇI ÜLJELI TOWUGYŇ TAÝYNLANŞY

  • Aşpez: Batyr Atamammedow
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.82 (11 Ses)

Söýgülileriň gününde, öz ýakyn adamlaryňyzy haýran galdyrjak resept.

Kaloriýa çyzgyjy (1 adamlyk)

– 1 bölek towuk döşi ~ 145gr = 250 Kal.

– 50 gr guradylan ýa-da ýönekeý ülje ~ 25 Kal.

– 50 gr pýure görnüşinde ýer almasy ~ 44 Kal.

– 2 sany kiçi bankada ýapylan mekgejöwen – 1,2 Kal.

– 20 gr şampinýon kömelegi ~ 5,6 Kal

Jemi: 327 Kal. (kal hasaby takmynan alynandyr)

Taýýarlamak üçin gerekli wagt:

~30-35 minut

Naharyň sagdynlyk çyzgyjy:

– Towuk Döşi öz içinde: witamin B6 40%-ni, witamin B12 8%-ni, witamin A 2%-ni saklaýar.

– Ýer almasy öz içinde: kaliý we krahmal, witamin B6 30%-ni we magniniň 12%-ni saklaýar.

– Şampinýon Kömelegi öz içinde witamin B6 5%-ni saklaýar we berhizli bolan adamlar üçin örän peýdalydyr.

– Ülje C witamina örän baýdyr we işdäsi pes bolan adamlar üçin şypaly işdäaçar dermany höküminde peýda edýär.

– Bankada satylýan kiçi mekgejöwen krahmala örän baýdyr. Nahary iýeniňizde mekgejöwenden başlap, towuk bilen gutarsaňyz ýerlikli bolar.

– Naharyň üstündäki narpyz ýapraklary bolsa naharyňyza owadanlyk, hem reňk goşýar.

Gerekli önümler (1 adamlyk):

► 1 sany towuk döşi;

► 50 gr ülje ýa-da bankada şire görnüşi (supermarketlerde doňdurlan görnüşi hem satylýar);

► 2 sany kiçijik bankada satylýan mekgejöwen (tapyp bilmedik ýagdaýynyzda deregine hiç zat ullanmaň);

► 2-3 sany ýer almasy;

► 50 gr şampinýon kömelegi;

► 2 sany narpyz ýapragy;

► Sapak;

► Günebakar ýagy.

Taýýarlanyş usuly:

1. Towuk döşini almaly we suratdaky ýaly ortasyndan kesip iki tarapa açylar ýaly etmeli. (Towugyň döşüni doly ikä bölmeli däldir. Ýartysyndan gowragyny kesip iki tarapa açmalydyr.)

2. Towugy keseniňizden soň ony ýuwmaly we islegiňize görä duzlap burçlamaly.

3. Towugyň döşüniň açyk görnüşiniň içine 50 gr ülje goýup, towgy rulon görnüşinde togalapjyk düýrläň.

4. Towugy düýrläp bolandan soň, iki tarapyndan sapak bilen daňmaly, towuk bişenden soň sapagy aýyrmaly.

5. Duhowka peçiňizi 200-250 C derejä gyzdyryň. Towugy gabyň içine salyp 20 minut bişiriň. Towgyň daşynda pyrtykal reňkli öwüşgin emele gelende, towgyňyzyň bişdigidir.

6. Towgyňyz bişip durka, iki sany ýer almasynyň daşyny arassalaň we ýuwuň hem-de kiçi böleklere bölüp, ýumşaýanşa gaýnadyň.

7. Ýumşandan soň suwuň belli bir mukdaryny pýure bilen garar ýaly alyp goýuň we ýer almasyny ezeniňizde, suwundan çala guýup pýureňizi taýýarlaň. Pýureňiziň suwuk bolmagyndan ägä boluň. Pýureň içine islegiňiz boyunça duz we burç goşuň.

8. Kömelegi taýynlama gezegi hem gelip ýetdi. Kömelegi gowy ýuwuň we kiçeňräk böleklere kesiň.

9. Sajyňyza azajyk günebakar ýagyny guýup gyzdyryň. Kesen kömelegiňizi günebakar ýagda, pes otda 5-6 minut bişiriň. Islegiňiz boýunça duzlap burçlaň.

10. Towgymyz, pýuremiz we kömelegimiz taýýar bolandan soň, kiçi mekgejöwenleriň 2 sanysyny bankadan çykaryň we narpyzyn 2-3 yapragyny ýolup hem-de ýuwup goýuň.

11. Towugy duhowka pejinden çykaryp, suratdaky ýaly böleklere bölüň.

12. Kesen towgyňyzy owadanlap tarelkanyň bir tarapyna örüň. Onsoň pýureni we pýureň üstünde kömelekleri ýerleşdiriň.

13. Mekgejöweni hem owadanlap gabyň boş ýerlerine ýerleşdiriň. Mekgejöweni tapyp bilmedik bolsaňyz hökman dal.

14. Iň soňunda, nahary birnäçe narpyz ýaprajyklary bilen owadanlap, söýgüliňizi begendiriň.

IŞDÄŇIZ AÇYK BOLSUN!

  • 4128 gezek okalan