Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

dymma okyjylardan hekayalarДелюсь своей болезненной историей в надежде что она может помочь тем, кто возможно проходит через то, что прошла я.

Когда мне вот-вот должно было исполниться 17 лет, взрослый мужчина, учитель по физкультуре, старший меня на 20 лет, сексуально надо мной надругался. Это не было изнасилованием, однако могло бы быть если бы человек этот не был учителем в школе.

Dowamy

  • 2483 gezek okalan

GATY GORKDYM

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.22 (9 Ses)

dymma gaty gorkdym#dymma #hekaýaňypaýlaş

Men ol wagty 4-5-nji klas gyzjagazdym. Gyş günleridi, agşam 6-7 arasy daşarda doganyma garaşýardym. We birden duýdansyz ýagdaýda bir oglan arkamdan gelip meniň jyns agzamy elläp bir zatlar samyrdady-da gaçyp gitdi. Men bolsa şoka girdim, gaty gorkdum. Bu ýagdaý meň psihikama zeper ýetirdi.

Dowamy

  • 3142 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (10 Ses)

dymma 5#maslahatgerek

Salam. Men siz bilen kop gun bari paylaşasym gelyan wakalarym bardy. Men ol wakalary kop gunlap aytmana guyjim yetmedi. Ahyry ejem dagydan maslahat alyp bilmeyanligim uçin, sizden maslahat alasym geldi we ozimi tanatmak islamok. Meniň wakalaryma meňzeş başgada gyzlarda boldumyka?!

Meniň halasyan oglanym bar, we ol maňa "Men seniň gyzdygyňy barlamasam, seni aljak dal" diyyar. Men oňa kop wagtlap ozimiň arassadygymy we öň jynsy gatnasykda bolmadygymy aytsamam, ol maňa "barlamasam ynanmayan" diyyar. "Men seň ozuňe ynanyan, yone seni alsamam diňe gorjek, barlajak" diyyar.

Dowamy

  • 3441 gezek okalan

ÖZÜNIŇ IKINJISI BOLMAGYMY TEKLIP ETDI

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.80 (5 Ses)

dymma 4Men durmuşymda şeýle wakany başymdan geçirdim.

18 ýaşda işe başlapdym. Telekeçiniň elinde işleýärdik, gyzlaram kändi, işdeşlerimi gowy görýärdim. Başlyk hem gowudy, maşgalaly, çagaly 40 ýaşdan geçen adamdy. Agzybirlik bardy işde. Şular ýaly işde işleýän diýip, begenýärdim: "Başlygym (я прям его боготворила) seret nähili gowy adam, aýalyny gowy görýär, çagalarynam, aýalyndan başgasyna seredenok, maňa-da Hudaý ýetirsin" diýip gezýärdim.

Dowamy

  • 2635 gezek okalan

"ÇYDAMLY WE GEÇIRIMLI BOL"

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

cydamly we gecirimli bol introNäme üçin türkmenistanly aýallar zuluma çydam edýärler?

Türkmenistan däp-dessurlara aýratyn sarpa goýýan ýurt bolup, maşgala ýöretmekde we gender rollarynda patriarhal düşünjelere eýerýär. Patriarhal maşgalada aýal öýe we çagalara seredýär, erkek bolsa eklenç edýär. Bu jemgyýetçilik-ykdysady ýagdaý aýallaryň we erkekleriň arasynda deňsizlik döredýär we jemgyýetiň aýallara bolan garaýşyna şekil berýär. Muňa ýüzleý seredeniňde, aýallar öý we çaga bilen bolmaly we başga ýerde kän işlemeli däl. Içgin seretseň welin, aýallara kän özbaşdak hereket etmäge erkinlik berilmeýär. Şeýle meseleler maşgalada zulumçylygyň döremegine ýol açýar. Zulumyň giňden ýaýrandygyna garamazdan, pidalar çydamly we geçirimli bolmaklaryny dowam edýärler. Çünki jemgyýet olara şeýle bolmagy ündeýär. Bu bolsa, aýallaryň köpçülikden çetleşmegine, özlerini günäkärlemegine we zulumy içlerinde saklamaklaryna alyp barýar. Eger öýdäki zulum barada hiç hili çäre görülmese, aýallar onuň adaty zatdygyna ynanyp başlaýarlar.

Dowamy

  • 2915 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

zorluk pidasyna etmeli dalÖýdäki zorlugyň pidasy öz ýagdaýyny gürrüň berende, ony goldaň. Şeýle-de, pidanyň stresli ýagdaýdadygy sebäpli, oýlanyşyksyz sözleriň we hereketleriň onuň daşky dünýä bolan ynamyny söndürip bilýändigini unutmaň. Şol sebäpli, örän seresaply çemeleşiň.

Tutanýerli maslahatlar we taýýar çözgütler hödürlemäň:

Dowamy

  • 2762 gezek okalan

GAZLAÝTIŇ NÄME WE OŇA NÄDIP GARŞY DURMALY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gaslighting isGazlaýtiň termini Oskar baýragyna mynasyp bolan "Gaz yşygy" ("Газовый свет") filminden gelip çyksa-da, gazlaýtiň hadysasynyň gyzyklanma, höwes ýa-da söýgi bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur.

Ýylylygy bolmadyk ýagtylyk

Gazlaýtiň – bilkastlaýyn edilýän psihologik zorluk bolup, adamda öz düşünjelerine, ýadyne ýa-da daş-töweregindäki bolup geçýän zatlara şübhe döredýär. Netijede, adam hakykat bilen gatnaşygyny we özüne bolan ynamyny ýitirýär; özüni däli hasaplaýar, sussupeslige uçraýar.

Dowamy

  • 2913 gezek okalan

MÄNSPLEÝNIŇ NÄME?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

mansplaining isMÄNSPLEÝNIŇ (IŇLISÇE: MANSPLAINING)

1. Erkegiň, hamana has gowy bilýänsiräp, aýala bir zat düşündirjek bolmagy.

2. Patriarhal jemgyýetiň aýalda özüne bolan ynamsyzlyk we özüni çäklendirmek häsiýetlerini terbiýelemegi, şol bir wagtyň özünde erkekde, sebäpsiz, aşa özüne göwni ýetme häsiýetini terbiýelemegi.

Çeşme: UN Women

  • 2612 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (5 Ses)

missing data introÖýdäki zuluma gezek gelende, maglumatyň azlygy ýa-da ýoklugy diňe tablisadaky sanlaryň kemdigini aňlatman, eýsem has uly meseleden habar berip bilýär. Öýdäki zorluk ölüm howply hadysadyr. Türkmenistanda öýdäki zulum köplenç hökümet, polisiýa, kazyýetler, hassahanalar we halkara guramalar tarapyndan ünsden sowulýar we hasaby ýöredilmeýär. Munuň esasy sebäbi bolsa, zulumly hadysalara gözegçilik edilýän dürli usullaryň kemçilik etmegidir. Gynansakda, maglumat kemçiligi gymmada düşüp bilýär we käbir ýagdaýlarda ölüm howply netijeleri berip bilýär.

2015-nji ýylda Türkmenistan BMG-nyň Durnukly Ösüş Maksatnamasyny (DÖM) kabul etdi. Bu uniwersal hereket 2030-njy ýyla çenli häzirki global meselelere çözgüt tapmagy maksat edinýär. Olaryň içine gender deňligi (5-nji maksat) hem girýär. Gender deňligi aýallaryň häzirki döwürde ýüzbe-ýüz bolýan meselelerine üns gönükdirip, öýdäki zulumy hem öz içine alýar. Bu maksatlara ýetmek üçin, her ýurt ýerlikli metodologiýalary we maglumat ýygnaýyş usullaryny ulanmaly.

Dowamy

  • 2745 gezek okalan