Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÖÝDÄKI ZULUM HALKASY NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Öýdäki zulum ýa-da zorlukzulum halka intro – bu adamyň ýanýoldaşyna, ýakyn gatnaşykdaky ýoldaşyna ýa-da maşgalasyndakylara agalyk etmek üçin edýän islendik hereketini öz içine alýar.

Öýdäki zulum islendik ýaşdaky, jynsdaky, milletdäki, we derejedäki adamyň başyna gelip bilýär. Derňewlere görä, öýdäki zuluma aýallar has köp duçar bolýarlar, emma erkekler hem zulumyň, esasan hem dil we emosional zulumyň pidasy bolýarlar.

Öýdäki zulum köplenç haýbatlar we göwne degiji sözler bilen başlap, kem-kemden ulalýar. Adatça zulumly gatnaşyklar Zulum Halkasy atly 3 döwre bölünýär:

1. Dartgynlylyk döwri;

2. Partlama ýa-da krizis döwri;

3. Asudalyk ýa-da bal aýy döwri.

zulum halka 1

Dartgynlylyk döwründe gündelik durmuşyň aladalary ýa-da beýleki meseleler sebäpli stres artyp başlaýar. Zuluma sezewar bolýan adam gorkýar we erbet zatlaryň bolmasyndan howatyrlanýar. Ol dartgynlylygy azaltmagyň hatyrasyna zulum edijä boýun bolýar.

zulum halka 2

Ikinji krizis döwürde dil, emosional, fiziki ýa-da jynsy zulumyň haýsy hem bolsa biri (krizis) bolup geçýär. Bu gahary, gorkuzmany, haýbaty, şarpygy, ýumrugy, bogmagy, tüýkürmegi, zat zyňmagy, zorlanylan jynsy gatnaşygy, we zulumyň beýleki görnüşlerini öz içine alýar.

zulum halka 3

Zorlama wakasyndan soňra, bal aýy döwri gelýär. Bu döwürde zulum ediji ötünç soraýar, puşman edýär we bagyşlanylmagy üçin ýalbarýar. Bu hereketler pidany söýgi we mähir bilen gurşap, zulumyň indi gaýtalanmajagyna ynandyryp bilýär.

zulum halka 4

Bu döwürleriň ählisinde-de zulum ediji we pida hakykata göz ýumýarlar. Olaryň ikisi hem, dürli sebäplere görä zulumy azaltmaga synanyşýarlar. Köplenç zulum ediji hiç zat bolmadyk ýaly hereket edýär. Pida bolsa, bu indi hiç haçan gaýtalanmaz diýip umyt edýär. Beýle häsiýet zulum halkasynyň üzülmän aýlanyp durmagyna sebäp bolýar.

Käwagt halkada üýtgeşmeler bolup bilýär. Bal aýy tiz gutaryp, dartgynlylyk we zulum ýitileşip bilýär. Käbir pidalar hiç haçan bal aýynyň bolmandygyny, diňe täze halka başlamazdan öňürti dartgynlylygyň gowşandygyny aýdýarlar.

Zulum halkasy modeli psiholog Lenor Walker tarapyndan 1979-njy ýylda düzülip, zulumyň çylşyrymlylygyny we onuň mähremlilik bilen birleşip bilmesini düşündirmäge çalyşýar. Bu model öýdäki zulumy başdan geçirip görmediklere zulum halkasyny üzmegiň aýrylyşyp dynaýmakdan has çylşyrymlydygyna düşünmäge kömek edýär.

Hanym Walkerden soňra, zulum halkalary beýleki ylmy barlagçylar tarapyndan hem öwrenilýär. 2006-njy ýylda psiholog Skot Allen Jonson zulumly gatnaşyklara has düýpli düşünmek üçin 14 döwre bölünýän zulum halkasyny hödürleýär.

zulum halka 5

  • 1664 gezek okalan