Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MAŞGALA ZORLUGYNDAN NÄDIP GORANMALY: ÝURISTIŇ MASLAHATY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.92 (12 Ses)

masgala zorlugy

Rus dilinde ýazylan makalanyň terjimesi: Как защититься от семейного насилия: советы юриста

Meniň hukuklarym nähili we men maşgalamda yzygiderli zorluga duçar bolsam nähili hereket etmeli? Sizden maşgala zorlugyndan gutulmagyň ýollaryny paýlaşmagyňyzy haýyş edýärin.

Zenan hukuklary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy kanuny hem-de beýleki kanun çykaryjy aktlar tarapyndan goralýar. Zenanyň we erkegiň hak-hukuklary we olardan peýdalanmak mümkinçilikleri deňdir. Ol hak-hukuklary goraýan kanunyň bozulan ýagdaýynda degişli adam kanuna görä jogapkärçilik çekýär. Döwlet her bir raýatyň öňünde jogapkärli we onuň erkin ösmegini üpjün etmäge, onuň erkinligini, abraýyny, mertebesini, eldegirmesizligini, we şahsyýetiň esasy hak-hukuklaryny goramaga borçludyr.

Maşgala zorlugy içerde bolup geçýän zorluklaryň iň ýaýgynydyr. Munda bir maşgala agzasy (ýanýoldaş, çaga, ene-ata) fiziki ýa-da moral taýdan maşgalanyň başga bir agzasyna zeper ýetirýär.

Medisina barlagy näme üçin we nämä gerek?

Medisina barlagy pidanyň çeken zyýanlarynyň agyrlygyny ölçemek üçin zerurdyr. Eger sen ýakyn adamyň tarapyndan maşgala zolugynyň pidasy bolsaň, bedeniňe ýetirilen zeperiň derejesine görä, öýüňde medisina kömegini alyp bilýäň ýa-da ýakynyňdaky polisiýa bölümine jaň edip ýa-da göni ýüz tutup bilýäň. Pida şobada medisina kömegini almadyk hem bolsa, muny polisiýa ýüz tutanyndan soň alyp bilýär. Polisiýa bölümi bedene ýeten şikesiň derejesini tassyklamak üçin sud medisina barlagyndan geçmäge kepilnama berip bilýär. Pidanyň bu barlagdan geçmegi, hatda eýýäm hassahanadan kepilnamasy bar hem bolsa, talap etmäge haky bardyr.

Saglyk öýleri ýurduň ähli nokatlarynda hereket edýär. Medisina hyzmaty öýde hem üpjün edilip bilinýär. Maşgala agzasy tarapyndan bedene ýetirilen zyýanyň derejesine görä, ilki bilen saglyk öýüne ýüz tutmak has dogry hereketdir. Sebäbi zenana ýetirilýän zyýan urgy görnüşinde bolup, hiç zat bildirmezligi ähtimal.. Meselem, diwara ýa mebele urulmak, bogulmak, ýüze şarpyk çalynmak we beýleki görnüşli urgular bedende göze görnüp duran yz galdyrmaýar, emma içki organlara (meselem aşgazana) howply şikes salyp bilýär. Şonuň üçinem ýokary hilli medisina kömegini almak zerurdyr. Bu saňa fiziki we moral taýdan nähili agyr hem bolsa, haýal etmän saglyk öýüne ýüz tutmalysyň.

Polisiýa edarasynda

Sen bedeniňe ýetirilen zyýanyň ululygyna görä saglyk öýüne ýüz tutmazdan polisiýa ýüz tutmaga haklysyň. Ýöne, eger agyr ýarananan bolsaň we tiz kömege mätäç bolsaň, onda polisiýanyň özi sorag teswirnamasyny almak üçin saglyk öýüne gelýär.

Gullukda duran polisiýa işgärlerinden her kimden, hatda urgy ýa şikes barada saglyk kepilnamasy ýok hem bolsa, arza almak talap edilýändigini bilip goýmaly. Has jikme-jik hasabat almak üçin polisiýa bölüminiň seni öýüňe ugratmagy hem ähtimal. Arzanyň birnäçe görnüşi bolýar: "Raýatyň ýüzlenmesi," "Jenaýat işi barada arza" we ş. m. Zorlanma duçar bolana "Jenaýat işi barada arza" doldurmak maslahat berilýär. Şeýle edilse iş möhüm kitaba, Jenaýatçylyk Hasaba Alyş Kitabyna ýazylýar. Sen ýa arzaňy tabşyran wagtyň ýa-da soňra telefon üsti bilen düşündiriş bermäge taýýar bolmalysyň. Düşündirişiň örän jikme-jik bolmaly we duçar bolnan zorlugyň häzirki, öňki her bir görnüşini we şol sebäpli öňki polisiýa ýa saglyk öýüne ýüz tutmalary öz içine almaly. Şol sanda, wakalaryň wagtyny we bolan ýerini hem goşmagy unutmaly däl. Arzaňy tabşyranyňdan soň, oňa seredilýänçä garaşmaly.

Arzamy tabşyrdym. Indi näçe wagt garaşmaly?

Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksi jenaýat işi baradaky arzalaryň 3 günüň içinde seredilip, karar çykarylmagyny talap edýär. Emma, hünärmenleň derňewi we beýleki prosessual hereketler gerek bolsa, onda iş 30 güne çenli dowam edip bilýär.

Eger mümkinçiligiň bolsa her bir wakany telefona ýa-da kagyza ýazyp aljak bolmaly. Ähli bolup geçenleri jikme-jik ýadyňa saljak bol we kazyýetde seň tarapyňda durjak şaýat tapjak bol. Şaýat seň garyndaşyň, işdeşiň, goňşyň hem bolup biler. Şularyň hemmesi takyk we ýerli-ýerinde, arzalaň bilen bilelikde üpjün edilmeli. Aslynda polisiýa saňa näme etmelidigini we nädip etmelidigini aýtmaly. Özüňi kanun taýdan goramak ullakan bilesigelijilik we batyrgaýlyk talap edýär. Şonuň üçinem elmydama özüňde ähli arzalaryň we saglyk kepilnamalaryň kopiýalaryny saklamaly.

Türkmenistanda maşgala zorlugy barada

"Öýdäki zorluk" düşünjesi "Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakyndaky" kanunyň 3-nji babynyň 22-nji maddasynda kesgitlenilýär. Şeýle-de bolsa, Türkmenistanda henize çenli öýdäki zorluk barada aýratyn kanun çykarylmady.

Öýdäki zorluk – öýdäki zorluk gizlenilmeli, dymdyrylmaly, çydam edilmeli, ýa-da ejir çekilmeli zat däldir. Öýde zorluk dörän wagty onuň gelejekde öňüni almak üçin duruzylmalydyr. Öýdäki zorluga biziň her birimiz, eje, kaka, çaga we ýaşuly bolup duçar bolup bilýäris. Ýanýoldaşlar biri-birine zeper ýetirip bilýär, ene-atalar çagalaryna, çagalar ene-atalaryna ýa jigi-doganlaryna zyýan ýetirip bilýärler. Öýdäki zorluk "jenaýat" ýa-da "adminstratiw hukuk bozulma" hasaplanýar. Işiň jenaýatyň haýsy görnüşine girýändigi zorlugyň derejesine görä kesgitlenýär. Kanun dolandyryş organy köplenç "adminstratiw hukuk bozulma" hasaplanýar. Emma pida garşy zorluk gaýtalanyp dursa, onda bu "jenaýata" öwrülýär.

Häzirki wagtda internetde ýurtdaky maşgala zorlugy we zenanlara garşy beýleki diskriminasiýa görnüşleri barada statistika ýoklugyna galýar.

BMG-nyň Merkezi Aziýadaky statistikasyna görä, 15-49 ýaşly gelin-gyzlaryň ortaça 25%-i öýdäki zorlugyň pidalarydyrlar.

UNICEF we TurkmenStat (MICS) barlaglaryna görä, 15-49 ýaş aralygyndaky türkmen zenanlarynyň 35%-i ýanýoldaşlarynyň olara el galdyrmaga haky bar diýip ynanýarlar. El galdyrma şu sebäplere görä bolup bilýär: (1) eger zenan ýoldaşyna duýdurmazdan bir ýere gitse, (2) eger zenan çagalaryna gowy seretmese, (3) eger zenan ýoldaşyna garşylyk görkezse, (4) eger zenan ýoldaşy bilen jynsy gatnaşyk etmäge garşylyk görkezse, (5) eger zenan nahary ýaksa, (6) eger zenan ýoldaşynyň maşgalasyny sylamasa.

Haýsy kanunlar zorlukdan goraýar?

Türkmenistanda zenanlaryň ösüşi ugrunda zenanlara edilýän zorluklara garşy göreşmäniň birnäçe ýollary kabul edildi. 1996-njy ýylda zenanlara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini doly aradan aýyrmak şertnamasy ýola goýuldy. 2015-nji ýylda bolsa "Aýallaryň we erkekleriň deň hukularynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri" kabul edildi. Bu kanun diskriminasiýanyň ähli görnüşini gadagan edip, zenanlara we erkeklere deň hukuklardan we mümkinçiliklerden peýdalanmaga ýol açdy. Jenaýatçylyk Kodeksi we Adminstratiw Hukuk Bozulmalary hakyndaky Kodeksi zorlaýja garşy çäreler bilen üpjün edýär. Eger sen zorlugyň pidasy bolsaň ikirjiňlenmän Krizis Merkezlerine ýüz tut. Ol ýerde seniň düşen ýagdaýyňa düşünýän adamlar işleýär we olar saňa psihiki we kanuny taýdan goldaw bermäge taýýar. Gerek bolsa olar saňa wagtlaýyn ýatak jaý hem berip bilýär. Biziň ýurdumyzda hem şuňa meňzeş "Keýik Okara" we "Ynam" ýaly jemgyýetçilik guramalaryň kömek berýän nokatlary bar.

Biz hüjüm ediji bilen bile ýaşaýarys. Hyýanatçylyk dowam etse näme?

Özüňi sosial gurşawyňdan daşlaşdyrmajak bol. Garyndaşlaň, dost-ýarlaň, goňşulaň bilen ýakyn gatnaşygyňy üzme. Zorluga sezewar edilen ýagdaýyňda ýeke galmajak bol. Ýarag hökmünde ulanyp boljak zatlary (pyçak, gaty zatlar) ýetmesi aňsat bolmadyk ýerlerde sakla. El telefonyňy elmydama ýanyňda göter.

Döwlet kanunlarymyzda "goraýjy buýrugy", ýagny zorlaýjy bilen gatnaşygy gadagan edýän ýa-da çäklendiýän kazyýet buýrugy düşünjesi ýok. Türkmenistanyň Jenaýatçylyk Kodeksiniň 108-nji maddasyna laýyklykda, maşgala zorlugyna duçar bolan adama howp abanýan bolsa, derňewçi, aklawçy, ýa-da kazyň özi iki tarapyň hem howpsuzlygyny goramak üçin içerki işler organyny ýola goýmaga haklydyr.

Wagtlaýyn we kazyýet buýrugy (orderi). Bularyň nähili tapawudy bar?

Halkara kanuny adamyň belli hereketlerini çäklendirýän ýa-da gadagan edýän "wagtlaýyn we kazyýet gadagançylygyny" üpjün edýär.

Wagtlaýyn kazyýet buýrugy gysga wagt aralygynda hereketde bolýar we taraplaryň biri tarapyndan gaty gyssaga düşülende kabul edilip bilinýär. Bu buýruk zorlaýja pidanyň garşysyna zyýanly hereket etmegi gadagan edýär we ony pida bilen gönümel we gönümel däl ähli gatnaşyklardan çäklendirýär.

Howpsuzlyk kazyýet buýrugynyň hem şertleri waglaýyn buýrugyňka meňzeş bolup, zorlaýja pida bilen gatnaşyk etmäni gadagan edýär. Esasy uly tapawut gadagançylyk döwrüniň dowamlylygyndadyr. Gatnaşyk gadagançylygy resmi şekilde alnyp barylýar we bu bozulan ýagdaýynda pidanyň özi polisiýa habar bermeli bolýar. Mundan başga-da, buýrugyň hereket edýän döwründe ýaşaýan ýeriňden gitmek we bilelikde eýeçilik edýän emlägiňi ulanmak üçin hem belli talaplaryň berjaý edilmeginiň soralmagy mümkin. Kazyýetiň buýrugyny berjaý edip bilmedik ýagdaýyňda jerime tölemek ýa-da azatlykdan mahrum edilmek ýaly jezalandyrylmalar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilýärsiň.

Hüjüm edijä näme garaşýar?

Kazyýet. Kazyýet işi zorlaýjynyň ýaşaýan etrabynda ýa-da zorlugyň bolup geçen ýerinde geçirilip bilner. Eger maşgala zorlugy adminstratiw hukuk bozulma diýip kesgitlense, onda Adminstratiw Hukuk Bozulmalary Kodeksininiň 42-nji maddasyna görä, duýduryş, jerime, we jemgyýetçilik işlerini etmek ýaly jezalar berlip bilner. Eger pida ýetirilen zeper güýçli bolsa, onda jenaýatçy 2 ýyla golaý "ýola salyş işini" etmäge ýa-da jenaýatyň has beter bolan ýagdaýynda jenaýatçy 15 ýyla çenli tussaglyga çekilip bilinýär.

Terjime eden: Şöhle Mämmedowa

  • 4919 gezek okalan