Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

LUKMAN ÝALŇYŞLYGY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

lukman yalnyslyklary

 

Salam Saglyk redaksiýasy,

Bejergide göýberen ýalňyşlyklary üçin lukman nähili jogapkärçilik çekýär?

Okyjy

 

Gadyrly okyjymyz,

Adamyň durmuşy we saglygy – bu döwlet tarapyndan goralýan uly baýlykdyr. Her adamyň döwrebap we ýokary hilli medisina kömegini almaga hukugy bardyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 52-nji maddasynda bellenilişi ýaly:

Her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukugy bardyr. Tölegli lukmançylyk we tebipçilik hyzmatyny etmäge kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär.

Emma, gynansakda, biz gündelik durmuşda köplenç anyklanylmasy we barlanylmasy kyn bolan pes derejeli medisina hyzmatlary sebäpli döreýän ýalňyşlyklara gabat gelýäris. Bu bolsa olaryň öňüni almagy we soňuna çykmagy örän çylşyrymlaşdyrýar.

Medisina ýalňyşlyklarynyň sebäpleri

Häzirki wagtda medisina ýalňyşlyklarynyň birnäçe görnüşi bar. Bu ýalňyşlyklar esasan lukmanyň professional hökmünde başarnyksyzlygy sebäpli ýüze çykýar. Şeýle-da, lukmanyň ýadawlygy, başagaýlygy ýa-da ünssüzligi hem medisina ýalňyşlyklaryna sebäp bolup bilýär.

Medisina ýalňyşlyklary öz işlerinden lezzet almaýan işgärleriň hassalara bolan jogapkärçiliksizliginden, parhsyzlygyndan, we aladasyzlygyndan döreýär. Häzirki wagtda medisina işgärleriniň arasynda birtopar näbeletler köpeldi. Diňe öz işine ökde hünärmenleriň işlemeli ýeri bolan medisinada gowşak işgärleriň köpelmegi hem medisina ýalňyşlyklarynyň sanyny hasam artdyrýar. Ýalňyşlyklaryň ýene bir sebäbi bolsa lukmanlaryň korrupsiýasy we dermanlaryň we medisina hyzmatynyň kommersiýa, täjirçilik esasynda ulanylmasydyr.

Medisina ýalňyşlyklarynyň görnüşleri

Medisina ýalňyşlyklarynyň esasy görnüşleri nädogry anyklaýyş ýa-da anyklaýyşda goýberilýän ýalňyşlyklar bolup durýar. Bu bolsa bejerginiň netijesizligine ýa-da zyýan bermegine eltýär. Tehniki medisina ýalňyşlyklary seýrek ýüze çykýar, emma olaryň hem üstünde durup geçmek beýlekiler ýaly möhümdir. Tehniki ýalňyşlyklar iş alyp barmanyň dowamynda bolup geçýän nädogry hasaplamalar we nädogry ýazgylardyr göçürmeler sebäpli döreýär.

Näme etmeli?

Gynansakda, ýurdumyzda ýörite hassanyň hukuklaryny goramak bilen iş salyşýan gurama ýok.

Russiýa, Gazagystan ýaly goňşy döwletlerde hassanyň hukuklaryny goramak bilen meşgullanýan birnäçe gurama bar. Bu guramalaryň esasy wezipesi hassanyň medisina hyzmatlaryndan peýdalanmak hukuklaryny goramak we saglyk öýlerine ýüz tutmakda ýüze çykýan meselelerde kömek bermek bolup durýar. Şeýle guramalar hassalara döwrebap anyklaýyşa, kanagatlanarly bejergä we sosial goldawa bolan konstitusiýadaky hukuklaryndan peýdalanmaga ýardam berýärler. Bu guramalarda işleýän hünärmenler saglyk öýlerine dürli ýüz tutmalary we arzalary tabşyrmaga, arz-şikaýatlary olary çözüp bilýän degişli edaralara ýetirmäge kömek edýärler.

Ýalňyşlygyň kabul edilmesi üçin, prokuratura edarasyna ýa-da Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrligine arz etmek möhümdir. Lukmanyň goýberen ýalňyşlyklaryny tassyklaýan arza islendik görnüşde tabşyrylyp bilner. Aklawçylar hem ähli etraplarda we şäherlerde bar bolan Kazyýet oturdaşlarynyň geňeşine arza berip bilýärler. Diňe kazyýet edarasyna arza bermek üçin ýörite arza kagyzy talap edilýär. Ony hem etrap kazyýetinden ýa-da aklawçylar geňeşinden alyp bolýar.

Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji bölüminiň "Ýüztutmalara bildirilýän talaplar" maddasyna laýyklykda:

Ýüztutma raýatyň hut özüni wezipeli adam kabul eden mahaly dil üsti bilen beýan edilip ýa bolmasa degişli edara, kärhana, gurama ýa-da edara poçta bilen iberilen ýa-da gönüden-göni raýat tarapyndan berlen ýazmaça görnüşde bolup biler. Raýatda bar bolan, ýüztutma garamak üçin zerur resmi kagyzlar ýa-da olaryň nusgasy ýüztutma goşulýar.

Arza berleninden soň

Prokuratura edarasy özüne berlen hukuklaryň çäklerinde, kanunyň bozulandygy barada habar berýän arzany gözden geçirýär. Prokuraturanyň çykaran karary arz edijini hukuklaryny goramak üçin kazyýete ýüz tutmakdan saklamaýar. Kazyýetiň karary bilen kanagatlanmasa, arz ediji Döwlet Prokuraturasyna ýa-da Döwlet Kazyýetine ýüz tutup bilýär.

Prokuratura edaralary tarapyndan kabul edilýän arzalardyr ýüz tutmalar Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenen görnüşde we wagt aralygynda gözden geçirilýär. Türkmenistanyň Kanunynyň "Raýatlaryň ýüztutmalaryna garamagyň möhletleri" baradaky 12-nji maddasynda şeýle diýilýär:

Raýatlaryň ýüztutmasy gelip gowşan gününden başlap bir aýdan köp bolmadyk möhletde, goşmaça barlamak zerur bolmadyklary bolsa haýal edilmän, olar alnan gününden başlap, on bäş günden gijä galynman çözülýär. Ýüztutmany çözmek üçin ýörite barlaglaryň geçirilmegi ýa-da uly möçberdäki materialyň öwrenilmegi zerur bolan halatlarynda degişli edaranyň, kärhananyň, guramanyň, edaranyň ýolbaşçysy ýa-da onuň orunbasary şol ýüztutmany çözmek üçin zerur bolan möhleti belleýär, bu barada ýüztutmany beren adama habar berilýär.Şunda ýüztutmany çözmegiň umumy möhleti kyrk bäş günden geçmeli däldir.

Ýüz tutma ýa-da arza berilýän jogap kanun tarapyndan aklanylmalydyr. Eger arza inkär edilse, arza edijä kararyň nämä esaslanyp çykarylandygy we onuň ýokary kazyýete ýüz tutmaga hukugynyň bardygy düşündirilmelidir.

Prokuror öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Kanunyň bozulmagynda günäkär wezipeli adamlary jogapkärçilige çekmäge borçludyr. Raýatlaryň şikaýatlaryny hereketleri ýa-da çözgütleri barada şikaýat edilýän edaralara ýa bolmasa wezipeli adamlara garamak üçin ibermek gadagan edilýär.

Medisina ýalňyşlyklarynyň sebäplerini anyklamakda, ýalňyşlyklara ýol beren lukmanyň günäkärdigini subut etmek möhümdir. Şeýle ýagdaýda medisina ýalňyşlygyny subut etmek üçin, Türkmenistanyň Kanunynyň "Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda" bölümi tarapyndan güwä geçilýän medisina hyzmatynyň hilini tassyklamak üçin medisina barlagynyň geçirilmegi talap edilýär:

Saglygy goraýyş kömegi berlen mahalynda goýberilen düzgün bozmalary ýüze çykarmak maksady bilen saglygy goraýyş kömeginiň hiliniň bilermenler seljermesi geçirilýär. Saglygy goraýyş kömeginiň hiliniň bilermenler seljermesi diýlip, saglygy goraýyş kömeginiň öz wagtynda berlendigine, keseliň saýlanyp alnan öňüni alyş usullarynyň dogrulygyna, anyklanylyşyna, bejerilişine, saglygyň dikeldilişine, berlen saglygy goraýyş kömeginiň netijeliligine baha bermek boýunça çäreleriň toplumyna düşünilýär.

Medisina hünärmenine näme bolar?

Lukmançylyk işgäri professional borçlaryny ýerine ýetirmese ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmese, olara äsgermezlik etse, Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksine esaslanyp, jenaýat jogapkärçiligine çekilýär. Bu barada kanunlar Jenaýat Kodeksiniň şu maddalarynda bellenilip geçilýär: 115, 119 (4-nji bölüm), 120, 121, 122, 124, 125. Günäkäre berilýän jeza we saglyga ýetirilen zyýan goýberilen ýalňyşlygyň görnüşine we sebäplerine baglydyr.

Eger lukmanyň ýalňyşlygy sebäpli hassanyň saglygyna ortaça agyrlykda şikes ýetse, ol şikes hem hassanyň durmuşyna howp salman, ýöne uzak wagtlaýyn şikese sebäp bolsa, kazyýetiň kanuny jenaýatkäri bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemekden ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip bilýär. Ýa-da oňa iki ýyla çenli düzediş işlerinde işlemek jezasy berilýär. Eger lukmanyň ýalňyşlyklary saglyga agyr şikes ýetirse ýa-da seresapsyzlyk bilen jebir çekeniň ölmegine getirse, munuň üçin, üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär. Bu jeza Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 122-nji maddasynda bellenilip geçilýär.

Bikanun abort edilen ýagdaýynda, bu işi alyp baran adamlar Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 120-nji maddasynyň 4-nji bölümine görä kanuny jogapkärçilige çekilýär. Bu kanun seresapsyzlyk bilen jebir çekeniň ölmegine getirmek ýa-da onuň saglygyna agyr ýa-da ortaça agyr şikes ýetirmek baradaky jezalandyrylmalary hem öz içine alýar.

Terjime eden: Merjen Gurdowa

Rus dilinde ýazylan makalanyň terjimesi

  • 674 gezek okalan

Teswirler (6)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Türmenistanda tebibçilik hyzmtynä känun rugsät berýärmi?

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Jerik sen bir zady ýatdan çykarypsyň ýa-da üns bermänsiň. Saýtda bellenilşine görä: “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 52-nji maddasynda bellenilişi ýaly:
Her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda Döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň...

Jerik sen bir zady ýatdan çykarypsyň ýa-da üns bermänsiň. Saýtda bellenilşine görä: “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 52-nji maddasynda bellenilişi ýaly:
Her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda Döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukugy bardyr. Tölegli lukmançylyk we tebipçilik hyzmatyny etmäge kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär” diýen ýazgy bar. Eýsem, bu dogrumy?!.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Wi onsanam su lukmanlar tanysly meselade gaty uns beryaler harbyda zatda tansy blar kemini goyman seretyaler yone dayhan barsada seretmek hyllalada dogrymy

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Jogap yazgyn merjen

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Makalan ucin sagbol! lukman diyilyanler dine para yatdylar meselem alaly bir disini sowurtmak uc 50 manat alyalar we gunde azyndan 10 15 adamyn disini bejeryaler aylygam alyalar sondada puldan doyanaklar pulyny bermesen kime bejertsen sona bejert...

Makalan ucin sagbol! lukman diyilyanler dine para yatdylar meselem alaly bir disini sowurtmak uc 50 manat alyalar we gunde azyndan 10 15 adamyn disini bejeryaler aylygam alyalar sondada puldan doyanaklar pulyny bermesen kime bejertsen sona bejert diyler

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Merjen berekella gaty dogry yazpsyn lukmanlaryn 10 de 1 ri proffesionalmyka diyan mena turkmenistanda

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location