Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GÖWRELI AÝAL WE IŞ

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.40 (5 Ses)

dekret sorag jogapOkyjylardan redaksiýa gelýän soraglara jogaplar. Soraglara ýurist jogap berdi.

Iş berijiniň aýal maşgalany göwreliligi sebäpli işe almazlyga ýa-da dekrede gitmänkä işden çykarmaga hukugy barmy?

Jogap: Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 241-nji maddasynyň 1-nji bölümine laýyklykda, aýal maşgalany göwreliligi sebäpli işe almakdan boýun gaçyrmak gadagandyr. Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 152-nji maddasyna laýyklykda, ýokarda görkezilen sebäp boýunça aýal maşgalalary işe almakdan boýun gaçyrandygy ýa-da esassyz işden çykarandygy üçin kärhanalaryň ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary jogapkärçilik çekýärler.

Göwreli aýalyň zähmet gatnaşyklaryny haýsy kanun kadalaşdyrýar? Göwreli aýal haýsy kanuna salgylanyp, işde ýeňilleşdirilen zähmeti talap edip biler?

Jogap: Göwreli aýallaryň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň Zähmet Kodeksi (TZK) arkaly kadalaşdyrylýar.

Göwreli aýalyň haýyşy boýunça, iş beriji oňa doly däl iş gününi ýa-da doly däl iş hepdesini bellemäge borçludyr. Göwreli işgär üçin doly däl iş wagty şertlerinde işlemek rugsadyň dowamlylygynyň, zähmet stažynyň hasaplanylmagynyň, haýsy-da bolsa beýleki zähmet hukuklarynyň hiç hili çäklendirilmegine getirip bilmez (TZK, 63-nji madda).

TZK-nyň 64-nji maddasynyň 4-nji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda, göwreli aýallar iş wagtyndan goşmaça işlere goýberilmeýär.

Şeýle hem, 87-nji maddanyň 3-nji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda, on bir aý geçmese-de her ýylky esasy rugsat göwreli aýallara olaryň islegi boýunça berilmelidir – göwreliligi we çaga dograndygy boýunça rugsadyň öň ýanynda ýa-da ondan soň.

Döwlet göwreli aýallara fiziologik aýratynlyklaryna we saglyk ýagdaýyna laýyk şertlerde işlemäge hukuk berýär. Şu maksatlar bilen zähmet kodeksi tarapyndan lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda, işgäriň öňki işindäki ortaça aýlyk hakyny azaltman, ony ýaramaz önümçilik faktorlarynyň täsiri bolmadyk has aňsat işe geçirmek üçin birnäçe çäreler bellenen (TZK, 245-nji madda).

Meýdan şertlerinde oba hojalyk işlerinde işleýän göwreli aýallara ortaça zähmet hakyny saklap galmak bilen dowamlylygy alty sagat bolan iş güni bellenilýär (TZK, 244-nji madda).

  • 273 gezek okalan

Teswirler (1)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Maslahatyňyza minnetdar. Meniň durmuşyma gowylyga tarap peýdaly täsirini ýetirdi.

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location