Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SIZ SAGLYK ÄTIÝAÇLANDYRMAŇYZ BARADA NÄMELERI BILMELI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.45 (31 Ses)

Adam haýsydyr bir saglyk kynçylygyna uçramasa, öz saglyk ýagdaýy barada asla alada etmeýär. Emma biziň saglygymyz ýa-da ýakynlarymyzyň saglygy islendik wagt kynçylyga uçrap bilýändir. Şonuň üçin-de, saglygymyz barada öňünden alada edenimiz gowy dälmi näme?

Saglygy goramak we onuň aladasyny etmek babatda hemmeler tarapyndan ykrar edilen usullar, ine, şulardyr: sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, dogry iýmitlenmek we sport bilen meşgullanmak. Emma biziň günlerimiziň bazar ykdysadyýetinde lukmançylyk hyzmatlarynyň we derman serişdeleriniň bahalarynyň ähmiýeti hem az däldir. Biz saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy arkaly bejergimiziň tölegini arzanladyp, maşgala byujetine "ýeňillikler" döredip bileris. Türkmenistanyň Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy (DMSGÄ) raýatlaryň girdejisine garamazdan, hemmeler: işleýänler üçin-de, hormatly dynç alyşdaky adamlar üçin-de, çagalar üçin-de elýeterlidir. Saglygy goraýyş ätiýaçlandyrylmasynyň töleg gatanjy her aýda her bir adam üçin zähmet hakynyň (işelemeýänler üçin kesgitlenen binýatlyk möçberiniň) 2%-ne deňdir.

Siziň dykgatyňyza hödürlenýän şu ýazynyň esasy maksady döwlet düzgünnamasyna laýyklykda umumy maglumaty ilata sada dilde ýetirmekden ybaratdyr.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy näme?

Bu raýatlaryň bähbidini araýan sosial goragyň bir görnüşidir. Bu ätiýaçlandyryş elýeterli we ýokary hilli lukmançylyk kömegini üpjün etmek bilen, derman serişdelerini olaryň bahasynyň 10%-ni töläp satyn almaga, tölegli lukmançylyk hyzmatlarynyň ähli görnüşlerine 50%-lik ýeňillikleriň berilmegine mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanda saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy nähili amal edilýär?

1996-njy ýylda ätiýaçlandyrmalaryň hökmany görnüşlerinden başga-da Türkmenistanda Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrylmasy girizildi. Ätiýaçlandyrmanyň bu görnüşi meýletin bolup, raýatlaryň arza ýazmagy arkaly amala aşyrylýar. 

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasynyň esasy maksady raýatlary ýarawsyzlyk döwründe derman serişdeleri we lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Bu ätiýaçlandyrma raýatlaryň durmuş derejesine garamazdan, olaryň ählisi babatda adalatlylyk, deňlik we arkalaşyk esaslaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy häzirki döwürde hereket edýän  saglygy saklaýşy döwlet tarapyndan maliýeleşdirme ulgamyna we ony býujet-ätiýaçlandyryş ulgamyna geçirmekligiň üstüni ýetirdi.

DMSGÄ her bir raýatyň öz saglygy we sagdyn durmuş ýörelgesi babatdaky jogapkärçiligini ýokarlandyrmagy, şeýle hem öz saglyklary, çagalarynyň saglygy üçin sarp edilýän serişdelerine töleg gatanjyny goşmaga gatnaşmaklaryny göz öňünde tutýar. Ätiýaçlandyryş meýletin bolup, raýatlaryň islegine görä baglanyşylýar. Raýatlar ony baglaşmazdan ozal, ätiýaçlandyrmanyň töwekgelçilikleri we öz mümkinçiliklerini doly derňäp bilýändirler.

DMSGÄ nähili işleýär?  

Raýatlaryň saglygy goraýyş töleg gatançlary Türkmenistanyň saglygy goraýşy ösdürmekligiň döwlet gaznasyna geçirilýär. Bu gaznanyň serişdeleri mätäçlikleriniň öwezini dolmaga gönükdirilýär. Mysal üçin, tölegli lukmançylyk hyzmatlarynyň ähli görnüşlerine saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyna laýyklykda ýeňillikler berilýär, ätiýaçlandyryş dermannamalary boýunça satylyp, keselliniň saglygy üçin örän möhüm bolan derman serişdelerini satyn almakda ýeňillikler berýär.

Şunlukda, Türkmenisatanyň DMSGÄ-sy raýatlaryň saglygyny goramagyň durmuşy esaslaryny berkitmäge gönükdirilip, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün edýär.

Kadalaşdyryş-hukuk binýady

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyny girizmeklige we ony amala aşyrmaklyga  Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Raýatlaryň saglygyny goramak baradaky» kanun, «Saglyk» döwlet maksatnamasy  we raýatlaryň saglygyny goramaklygyň döwlet tarapyndan kepillendirilmegini üpjün edýän kadalaşdyryş–hukuk namalary esas bolup durýandyr.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasynyň subýektleri we obýektleri

DMSGÄ-den kim peýdalanyp biler?

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan hemme raýatlar, şol sanda olaryň 16 ýaşa ýetmedik çagalary we olaryň eklenjindäki adamlar peýdalanyp bilýändirler.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyny şu aşakdakylar baglaşyp bilerler:

  • Raýatlar (işleýänler we işlemeýänler, hormatly dynç alyşdaky raýatlar (pensionerler), talyplar, telekiçiler we başgalar);
  • Ýüridik şahslar (emläginiň we edýän işiniň, kärhanalaryň, guramalaryň, okuw jaýlarynyň, paýdarlar hojalyk jemgyýetleriniň görnüşlerine garamazdan);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň edaralary. 

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasynyň berýän ýeňillikleri

Türkmenistanyň raýatlary, şol sanda olaryň 16 ýaşa ýetmedik çagalary we olaryň eklenjindäki maşgala agzalary Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyny baglaşyp, töleg gatançlaryny tölänlerinde, şu aşakdaky ýeňilliklerden peýdalanyp bilýärler:

  • Gatnawly şertlerde bejergi alnanda lukmanlar tarapyndan ýazylan dermannamalar esasynda derman serişdelerini Türkmenistanyň ähli dermanhana edaralaryndan 90% ýeňillikli satyn alyp bolýar. Derman serişdeleriniň sanawy 2005-nji ýylda tassyklanylyp, 128 derman serişdelerini öz içine alýandyr. Bu derman serişdelerine agyrysyzlandyryjylar, ýürek-damar kesellerinde ulanylýan dermanlar, waksinalar we beýlekiler degişlidir.
  • Döwlet byujetindäki we hojalyk hasaplaşygyndaky bejeriş-öňüni alyş edaralarynda amala aşyrylýan tölegli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini öz bahasyndan 50% arzanladylan görnüşinde alyp bolýar.
  • Bir hepde möhletde hassahana ýerleşmek (gyssagly däl halatlarda).
  • Hyzmat edýän bejeriş edarasynyň çäklerinde maşgala lukmany bilen üpjün edilmek.
  • Ýylyň dowamynda bir gezek Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagatyny ministrliginiň şypahana edaralarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän we nagt hasaplaşygy esasynda alnan ýollanmanamalary olaryň bahasynyň ýüzden 50% möçberinde arzanlandylan görnüşinde satyn almak bolýar.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy boýunça berilýän ýeňillikler döwlet tarapyndan kepillendirilen lukmançylyk kömeginden we hyzmatlaryndan daşary berilýändir.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasynyň çäklerinde berilýän ýeňillikleriň diňe döwlet bejeriş-öňüni alyş edaralarynda berilýändigini, DMSGÄ-niň berýän ýeňillikleriniň hususy klinikalara we dermanhanalara degişli däldigini belläp geçmelidir.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy diş lukmanynyň, hirurgyň, dogrum öýlerinde edilýän tölegli hyzmatlarynyň töleglerine ýeňillikler berýär. 16 ýaşa ýetmedik çagalar we eklençdäki maşgala agzalary ene-atalarynyň DMSGÄ-den peýdalanýarlar; är-aýalyň saglyk ätiýaçlandyrylyşy olaryň işläp-işlemeýändigine garamazdan, aýry-aýry baglanyşylýandyr.

Ätiýaçlandyryşy amal etmegiň tertibi

Türkmenistanda DMSGÄ-ni amal etmek üçin raýatlaryň saglyk ätiýaçlandyryş pasportlary we DMSGÄ-niň şertnamasynyň resmikagyzlary (goşmaçada) ulanylýar. 

Raýatyň saglyk ätiýaçlandyryş pasporty berk hasabatdaky resminama bolup, onuň tertip sanawy we seriýasy bardyr. Lukmançylyk kömegi üçin saglygy goraýşyň islendik edarasyna ýüz tutulanda we ätiýaçlandyryş dermannamalaryň esasynda dermanlar satyn alnanda, saglyk ätiýaçlandyryş pasporty hökman görkezilmelidir.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy raýatlaryň dürli toparlary üçin nähili resmileşdirilýär?

  • Işleýän raýatlar; talyplar we okuwçylar; hormatly dynç alyşdaky raýatlar (pensionerler) we döwlet kömek puluny alýan raýatlar

DMSGÄ-niň şertnamasy oňa gatnaşýanlaryň arasynda baglanyşylýar. Munuň üçin raýat öz ýaşaýan çäklerindäki saglygy goraýyş edarasynyň/kärhanasynyň başlygynyň (ýa-da hemişe aýlyk alýan ýerindäki ýurudiki şahsyň) adyna degişli arzany ýazýar:

  • Işleýänler we gullukçylar, şol sanda işleýän pensionerler, çaga seretmek üçin rugsatdaky eneler we başgalar öz iş ýerlerinde şertnama baglaşýarlar;
  • Ýokary okuw jaýlarynyň talyplary, ýörite orta we hünärmençilik-tehniki okuw jaýlarynyň talyplary öz okaýan ýerlerinde şertnama baglaşýarlar;
  •  Bellenilen pensiýa haky bolup, işlemeýän pensionerler we döwlet pul kömegini alýan raýatlar DMSGÄ-nyň şertnamasyny durmuş üpjünçiliginiň edaralarynda baglaşýarlar.

Şertnama 3 ekzemplýarda resmileşdirilýär. Onuň bir ekzemplýary ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan raýatda, ikinji ekzemplýary edarada (kärhanada), üçünji ekzemplýary bolsa ýerli Saglyk öýünde saklanylýar.

  • Işlemeýän raýatlar; hukukly tarapy emele getirmeýan şashy telekeçileler, daşary ýurtly ýuridiki şahslar üçin işleýän raýatlar, oba hojalygy bilen meşgullanýan raýatlar we başgalar:  

Şu aşakdaky raýatlar topary DMSGÄ şertnamalaryny ýerli Saglyk öýlerinde baglanyşylýar:

  • Esasy iş ýeri bolmadyk raýatlar;
  • Wagtlaýyn işlemeýän raýatlar;
  • Daşary ýurtly ýuridiki şahslar üçin işleýän raýatlar;
  • Hukukly tarapy emele getirmeýan şashy telekeçileler;
  • Döredijilik işgärleri;
  • Oba hojalygy bilen meşgullanýan raýatlar.

Şertnama baglaşýan raýat öz ýaşaýan ýerindäki Saglyk öýüniň başlygynyň adyna degişli arza ýazandan soň, saglyk ätiýaçlandyryş şertnamasy iki ekzemplýarda resmileşdirilýär: onuň bir ekzemplýary şertnama baglaşan raýatyň özünde, ikinji ekzemplýary bolsa ýerli Saglyk öýünde saklanylýar. Saglyk ätiýaçlandyryş şertnamalary degişli edaralaryň ýolbaşçylarynyň bellän jogapkär işgärleri tarapdan resmileşdirilýär.

Dogluş hakynda şahadatnamanyň nusga göçürmesiniň ýa-da ýaşaýyş jaýlara hyzmat edýän edaranyň (ÝJHEE) beren güwanamasynyň easasynda raýatyň saglyk ätiýaçlandyryş pasportyna onuň 16 ýaşa ýetmedik çagalarynyň we onuň eklenjindäki maşgala agzalarynyň atlary ýazylýar.

Saglyk ätiýaçlandyryş şertnamasy 2-3 iş gününiň dowamynda resmileşdirilýär.

Ätiýançlandyryş töleg gatançlarynyň möçberi näçe?

Türkmenistanyň  DMSGÄ boýunça töleg gatanjynyň mukdary zähmet hakynyň (talyp hakynyň, pensiýa hakynyň, hemaýat pulunyň, girdejiniň)  2% -ne deňdir. Ätiýaçlandyryş töleg gatançlary şertnama baglaşan raýatyň işleýän edarasynyň/kärhanasynyň hasaphanalary tarapyndan hasaplanylyp, haklarynyň ujundan tutulyp alynýar we Türkmenistanyň saglygy goraýşyny ösdürmekligiň döwlet gaznasyna geçirilýär. Bu töleg gatançlary diňe raýatyň ýazan arzasynyň esasynda meýletin tölenilen ýagdaýynda tutulyp alynýandyr.

Saglyk ätiýaçlandyrmasyny baglaşan, emma wagtlaýyn işlemeýän ýa-da durnukly iş ýeri bolmadyk raýatlar töleg gatançlaryny her aýda yzygiderli girdejileri bolmadyk raýatlat üçin kesgitlenen binýatlyk möçberiniň 2%-ni ýa-da 1 manat (ýagny 50 manadyň 2%-ni) banklaryň bölümlerinde töleýärler.   

Hasaphanalar we bank bölümleri töleg gatançlaryny kabul edenlerinden soň her aýda bu barada saglyk ätiýaçlandyryş pasportlaryna töleg gatanjynyň tölenendigi barada degişli ýazgyny ýazyp, edaranyň/kärhananyň möhürini basmalydyr.

Töleg gatanjy wagtynda tölenilip, dogry resmileşdirilen saglyk ätiýaçlandyryş pasporty Türkmenistanyň saglygy goraýşynyň bejeriş we keselleriň öňüni alyş edaralarynda tölegli hyzmatlaryny almakda, şeýle-de saglyk ätiýaçlandyryşy bolan raýatlara we olaryň eklenjindäki adamlara döwlet dermanhanalaryndan derman serişdelerini satyn almakda ýeňilliklerden peýdalanmaga hukuk berýär.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy babatdaky hukuklaryň bozulan ýagdaýynda nirä ýüz tutmaly?

Saglyk ätiýaçlandyryşy bolan raýatlaryň tölegli hyzmatlar we  derman serişdelerini satyn almakdaky ýeňillikler babatdaky arz-şikaýatlary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagatynyň ministrligi tarapyndan garalyp, degişli çäreler görülýär. Şeýle-de, Türkmenistanyň kada-kanunyna laýyklykda,   DMSGÄ boýunça ýüze çykýan dawaly meseleler kazyýet tarapyndan çözülýär.

  • 10455 gezek okalan