Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMENISTANDA EKOLOGIÝA MAGLUMATLARY ELÝETER BOLARMY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (5 Ses)

tm ekologiya maglumat

2020-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistan ekologiýa maglumatlary barada täze kanun kabul etdi. Täze kanunyň maddalaryny düşündirmek haýyşy bilen, "Liwen" saýtynyň redaktorlary, Sosial-ekologiýa gaznasynyň geňeşiniň agzasy Wadim Niýe ýüzlendi.

Wadim Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem ekologiýa kanunçylygynyň işlenip düzülmegine gatnaşdy we birnäçe ýyllap Orhus konwensiýasynyň agzasy bolup işledi. Orhus konwensiýasy ekologiýa maglumatynyň elýeterliligini, karar kabul etmekde jemgyýetiň gatnaşmagyny we ekologiýa meselelerinde adalatlylygy üpjün edýär.

Wadim, Türkmenistanyň bu kanuny kabul etmeginiň sebäbi näme?

Orhus konwensiýasy güýje gireli bäri Türkmenistan oňa gatnaşyp gelýär. Bu taryhy wakanyň köpleriň ýadyna düşmeýän bolmagy hem mümkin, ýöne Türkmenistan bu konwensiýany tassyklamak barada resminamalary tabşyran ilkinji ýurt boldy. Bu köp kişini geň galdyrsa-da, hakykatdanam bolup geçdi. Emma welin, ýurduň Orhus konwensiýasyny durmuşa geçirmegi bilen baglanyşykly köp zat sorag astynda galdy.

BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan 2011-nji ýylda Türkmenistanyň ekologiýa netijeliligine baha beriş işleri geçirildi. Bu geçirilen işlere ýurt derejesinde "ekologiýa barlagy" diýseň hem bolar. Men hem şoňa gatnaşdym. Türkmenistanyň ekologiýa maglumatlarynyň elýeterlilik baradaky kanunlaryna örän pes baha berildi. Şol döwürde ekologiýa maglumatlaryny diňe 1999-njy ýylyň 14-nji ýanwaryndaky "raýatlaryň ýüz tutmalary we olara garamagyň tertibi" Kanuny esasynda alyp bolýardy. Şonuň üçinem, bu ýeterlik däl diýip kabul edildi.

Täze kanun näderejede gowy düzülen?

Men 2018-nji ýylda bu kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabatdaky Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň merkezine çagyryldym. Ýadyma düşüşine görä, kanunyň taýýarlanmagyna Ýolbars Aždarowiç Kepbanow gatnaşdy. Ol örän meşhur we abraýly ýurist. Öz wagtynda ol daşary işler ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Milli Demokratiýa we Adam Hukuklary Institutynyň müdiri bolup işlän. Şonuň üçinem, kanunyň üstünde örän ussatlyk bilen işlenilendigi meni geň galdyrmady.

Täze kanunyň kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda näme gowulaşdy?

Orhus konwensiýasynyň düzgünleriniň köpüsi Türkmenistanyň milli kanunçylygyna goşuldy. Ekologiýa maglumatlaryny ýygnamak, saklamak, ýaýratmak we elýeter etmek kanunda jikme-jik düzgünleşdirilýär.

Halkyň ýüz tutmasy boýunça, ekologiýa maglumatlarynyň berilmegi üçin has giňişleýin çemeleşmeleriň hem bardygyny aýratyn belläsim gelýär. Bular diňe hökümetden düzülmän, eýsem ekologiýa maglumatlaryny halka aýan etmäge borçly beýleki guramalary we işgärleri hem öz içine alýar. Orhus konwensiýasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, "ekologiýa maglumatlary" düşünjesiniň jikme-jik kesgitlemesi berilýär. Ekologiýa maglumatlarynyň dürli görnüşlerine (ýazmaça, elektron we audiowizual) karar berildi. Şeýle-de, Aşgabatda bolan ýygnakda hödürlän käbir tekliplerimiň kanunyň soňky nusgasynda göz öňünde tutulandygy meni diýseň begendirdi. Ol teklipler "ekologiýa maglumatlary" düşünjesini kesgitlemäge çemeleşýän, maglumat bermäge borçly guramalaryň mümkinçiligini artdyrmakdan ybarat bolup durýar.

Täze kanunda sizde sorag döredýän düzgünler barmy?

Kanunyň 12-nji maddasynyň 2-nji bölüminde ekologiýa maglumatlaryny soramak üçin talaplar jikme-jik ýazlan. Olaryň biri ýüz tutulanda "talap edilýän ekologiýa maglumatyny tapmak üçin takyk we ýeterlik maglumatlary" görkezmekdir. Ekologiýa maglumatlaryny köplenç raýatlar ulanýarlar we olara beýle jikme-jiklikleri bilmek gerek däl. Mundan başga-da, ekologiýa maglumatlarynyň täjirçilik maksatly ulanylmagy ýa-da gadagan edilmegi mende birnäçe sorag döredýär (Kanunyň 14-nji maddasynyň 4-nji bölümi). Ekologiýa maglumatlaryny ýaýratmaga çemeleşme erkin bolmaly, şonda ol jemgyýetiň islendik agzasyna elýeterli bolar. Bu maglumatlaryň üsti bilen girdeji alýan we şol bir wagtyň özünde maglumat elýeterliligine goşant goşýan guramalar hem bolup biler. Men Aşgabatda geçirilen ýygnakda bu meseleler boýunça öz pikirlerimi aýtdym, emma onuň bilen hiç zat üýtgemedi.

Türkmenistanda garaşsyz ekologiýa jemgyýetçilik guramalarynyň ýokdugy sebäpli ekologiýa maglumatlary baradaky kanuny ähmiýetsiz hasaplamaýarsyňyzmy?

Hakykatdanam, garaşsyz ekologiýa jemgyýetçilik guramalary 2000-nji ýyllaryň başynda Türkmenistanda öz işlerini bes etdi. Bu barada halk köpçüligi habar berdi. Orhus konwensiýasynyň komiteti hem bu meselä garady. Türkmenistanyň, Konwensiýanyň 3-nji maddasynyň 4 we 9-njy bölümlerini berjaý etmeýändigi ýüze çykaryldy. Konwensiýanyň bu bölümleri ekologiýa jemgyýetçilik guramalarynyň ykrar edilmelidigi we olara goldaw berilmelidigi hem-de raýatlyk esasynda diskriminasiýanyň gadagan edilmelidigi hakyndady. Türkmenistanda 2003-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda kabul edilen "Jemgyýetçilik birleşikleri barada" kanunda, jemgyýetçilik birleşiginiň agzalygynyň çäklidigi – olaryň diňe Türkmenistanyň raýatlary bolup bilýändigi bellenilipdir.

Ekologiýa jemgyýetçilik guramalarynyň ykrar edilmeginiň we goldawynyň ozalky SSSR ýurtlarynda çynlakaý meseledigini bellemegimiz gerek. Bu ekologiýa maglumatlarynyň Kanunyny düzýänleriň çözüp biljek meselesi däl. Köp sanly ekologiýa jemgyýetçilik guramalary ýok bolsa-da, aýry-aýry raýatlar we hasaba alynmadyk eko-aktiwistler üçin ekologiýa maglumatlarynyň elýeterliligi örän möhüm mesele bolup galýar.

Şol sebäpden, Türkmenistanyň ekologiýa maglumatlarynyň kanunyny işläp düzenleri üstünlikli we netijeli işleri bilen gutlaýaryn! Täze kanun raýatlara ekologiýa maglumatlarynyň elýeter bolmagy üçin oňat kanuny esas döredýär.

Terjimäniň asyl nusgasy we surat: Станет ли Экологическая Информация Доступнее В Туркменистане?

Ekologiýa maglumaty hakynda Türkmenistanyň kanuny

Ekologiýa maglumatlary baradaky konwensiýany şu ýerde görüp bilersiňiz.

Türkmenistanyň ekologiýa işleri barada doly maglumaty şu ýerde görüp bilersiňiz.

Türkmenistan baradaky beýleki makalalary şu ýerde okap bilersiňiz.

  • 1934 gezek okalan