Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

KANUNA GÖRÄ SYRKAWLAÝARYS: WAGTLAÝYN ZÄHMETE UKYPSYZLYK HATYNY NÄDIP ALMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

yarawsyzlyk haty

Türkmenistanda resmi taýdan COVID-19 syrkawlarynyň ýokdugy sebäpli, ýurtda hiç hili karantin yglan edilmedi. Bu sebäpden, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk hatyny almak üçin ýörite düzgünler (meselem, Russiýada bar) hem çykarylmady. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk hatyny almagyň tertibi häzir hem pandemiýadan öňküsi ýalydyr.

Syrkawlan işgärler käwagt çykdajy etmejek bolup, syrkawlyk rugsadyna (bolniçna) çykmaýarlar we işe gatnamagy dowam edýärler. Emma welin, esasan hem pandemiýa döwründe, beýle hereket adamyň hem özi hem töweregindäkiler üçin örän howpludyr. Ýurist okyjylarymyzyň soraglaryna jogap berdi. A siz nähili ýagdaýlara duş gelip gördüňiz?

Men wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk hatyny nädip alyp bilerin?

Jogap: Adalat Ministrligi tarapyndan 26.03.2020 senede tassyklanan, "Zähmete ukypsyzlyk hatyny bermegiň tertibi" (21.06. 2020) we "Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny bermegiň tertibi" (25.02.2020) hakynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň görkezmelerine laýyklykda, zähmete ukypsyzlyk hatlary, wagtlaýyn ýa hemişelik işleýändiklerine garamazdan, ähli işgärlere berilýär.

↪ Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty saglyk edaralarynyň lukmanlary tarapyndan, şahsyň hemişelik ýa-da esasy ýaşaýan ýerine görä berilýär.

↪ Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty ol günüň iş güni ýa däldigine garamazdan, diňe syrkawlyk gününde berilýär we ondan öňki günler üçin berlip bilmeýär, sebäbi ondan öňki günlerde ol adamy lukman ýa feldşer barlamady. Haty almak üçin, syrkaw pasportyny ýa-da şahsy maglumatlaryny görkezýän dokument görkezmeli.

↪ Syrkawlara öýde hyzmat berlende, zähmet ukypsyzlyk haty wagtlaýyn ukypsyzlygyň kesgitlenen gününde berilýär. Şonuň üçin, syrkawy öýünde görmäge baran lukman zähmete ukypsyzlyk hatyny berýän käbinete tabşyrmak üçin resmikagyz doldurýar.

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty aşaky ýagdaýlarda berilmeýär:

↪ Şahs kanuna garşy hereketler etse;

↪ Şahs öz saglygyna ýa-da özüniň eklenjindäki adamyň saglygyna bilkastlaýyn zeper ýetirsde;

↪ Syrkawlyk serhoş, neşe çeken ýa-da kelläni sämediji ýagdaýlarda ýüze çykan bolsa.

Aýdaly, men dümewledim (ýokançly) we ýatyp sagalmaly, emma hassahana girmek gerek däl. Bu ýagdaýda maňa wagtlaýyn zähmete ýarawsyzlyk hatyny bererlermi?

Jogap: Eger ýokanç kesel ýiti däl bolsa, syrkaw öýde bejergi alyp bilýär. Bu ýagdaýda, adatça, syrkawa seredýän lukman zähmete ukypsyzlyk hatyny berýär.

Eger mende koronawirusyň ýa pnewmoniýanyň bardygy tassyklanan bolsa, karantinde oturmak üçin, nädip wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk hatyny almaly?

Jogap: Kanunda bellenilişi ýaly, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty saglyk edaralary tarapyndan belli syrkawlygy bolan adamlara berilýär. Eger Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugy karantin yglan etse, onda “Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny bermegiň düzgünleri hakyndaky” görkezmäniň 25-nji punktyna laýyklykda, işden galan günleriň hem aýlygyň ýöreýär. Ýokanç kesel ýa-da pnewmoniýa bilen keselläp, hassahana giren syrkawlara hem, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty berilýär.

Syrkawlyk rugsadyndaky adamy işden kowup bilýärlermi?

Jogap: Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 42-nji maddasynyň 3-nji bölegi esasynda, işgäriň zähmete wagtlaýyn ukypsyz bolan döwründe we rugsatda bolan döwründe, iş berijä ony işden boşatmaga ýol berilmeýär.

Emma, eger işgär wagtlaýyn ýarawsyzlyk sebäpli bassyr dört aýdan köp wagtlap işe gelmese, ol işden çykarylyp bilinýär (42-nji madda, 1-nji bölek, 5-nji bent).

Şeýle-de, lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda zähmete doly ukypsyz diýlip ykrar edilen işgärler işden çykarylyp bilinýär (47-nji madda, 1-nji bölek, 5-nji bent).

Stasionarda ýatyp bejergi alan ýa-da reanimasiýada bejergi alyp, öýde gutulmaly adama näçe wagtlyk syrkawlyk rugsady berilýär?

Stasionarda bejergi alan adama hassahanadan boşadylan güni wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty berilýär – hatda stasionarda bejergi alnan ähli günler bellenilýär. Eger, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk dowam etse, syrkaw indiki bejergi üçin ýaşaýan ýerindäki saglyk edarasyna ugradylýar. Keseliň geçişine we syrkawyň ýagdaýyna baglylykda, zähmete ukypsyzlyk haty bir aýa çenli uzaldylyp bilinýär.

Şol bir kesel sebäpli zähmete ukypsyzlyk dowam etse, zähmete ukypsyzlyk haty 4 aýa çenli yzygiderli ýa-da soňky ýylyň dowamynda 5 aý ara salyp berilýär. Eger başda anyklanan inçekesel bar bolsa, 10 aýdan köp bolmadyk ýa-da soňky iki ýylyň içinde jemi 12 aýdan köp bolmadyk rugsat berilýär.

Görkezilen senelerden soňra hem, lukmançylyk netijenamasyna görä, şahsyň syrkawlygy dowam etse, maýyplyk toparynyň anyklanylmasy üçin, syrkaw saglygy goraýyş-sosial bilermenler seljermesine ugradylýar.

Makalanyň Rusça görnüşi

  • 1669 gezek okalan