Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TIZ KÖMEK NÄÇE WAGTDA GELMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

hukuk soraglarySorag: Salam, tiz kömek näçe wagtda gelmeli? Muňa gözegçilik edýän kim? Sag boluň.

Jogap: Türkmenistanyň "Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky" kanunynyň 36-njy maddasyna laýyklykda, tiz saglygy goraýyş kömegi raýatlara gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini talap edýän keseller, betbagtçylykly halatlar, şikesler, zäherlenmeler we beýleki ýagdaýlar bolan mahalynda berilýär.

2014-nji ýyldan bäri, Türkmenistanda Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezleri hereket edýär. Bu merkezleriň Aşgabatda we her welaýatda biri bar. Türkmenistanda tiz kömek gullugynyň näçe wagtda kömege ýetişmelidigi barada düzgünnama elýeter däl, emma Russiýada gaýragoýulmasyz tiz kömek jaň edileninden soňra 20 minudyň içinde gelip ýetişmeli.

  • 858 gezek okalan