Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GEPATIT WE MUGT BEJERGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

hukuk soraglaryOkyjydan sorag: Meniň ejem Gepatit B bilen keselledi. Onuň mugt bejergi alyp bilýändigi çynmy?

Jogap: Gepatit B we C iň köp ýaýran we howply keselleriň biri bolup, bagra zyýan berýär. Türkmenistanyň "Ýokanç keselleriň öňüni almak hakyndaky" kanunynyň 4-nji maddasynyň 4-nji bendinde ýokanç keselli syrkawlara, olar bilen galtaşykda bolan adamlara hem-de ýokanç keselleri göterijilere tölegsiz saglygy goraýyş kömegi kepillendirilýär. Kanunyň 5-nji maddasynyň 4-nji bendine görä hem, döwlet saglygy goraýyş edaralarynda we döwlet ylmy edaralarynda ýokanç keselli syrkawlaryň, olar bilen galtaşykda bolan adamlaryň, ýokanç keselleri göterijileriň, ilatyň näsaglama töwekgelligi bolan toparlarynyň saglygyny bejermek, saglygy goraýyş gözegçilikleri, barlaglary we öňüni alyş çäreleri, iýmit, hojalyk, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmek tölegsiz geçirilýär.

  • 861 gezek okalan