Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ONKOLOGIÝA KESELLI NÄSAGLAR WE DÖWLET ÝEŇILLIKLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

hukuk soraglaryOkyjydan sorag: Döwlet tarapyndan onkologiýa keselli näsaglara nähili ýeňillikler berilýär we haýsy derman serişdeleri, şol sanda himiýa bejergisi üçin serişdeler mugt berilýär?

Jogap: Hormatly okyjy, gynansakda biz Onkologiýa Merkezinden onkologik keselleri kadalaşdyryjy resminamalar we syrkawlara mugt kömek berme barada ygtybarly maglumat alyp bilmedik.

"Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky" kanunda syrkawlara öz saglygy, özüne bellenilýän derman serişdeleri, öz hukuklary we borçlary, özüne berilýän saglygy goraýyş kömegi we hyzmaty, şol sanda tölegli saglygy goraýyş hyzmatlary, şeýle hem olaryň berliş tertibi barada doly we ygtybarly maglumatlary almaga hukuk berilýär.

Konstitusiýanyň hem 35-nji maddasynda raýatlara saglygyny gorap saklamaga we döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatyndan mugt peýdalanmaga hukuk berilýär.

Syrkawlaryň we saglyk işgärleriniň özlerinden alnan maglumatlara görä, hassahana girmezden öňürti syrkawyň özi töleglerini tölemeli. Aýdyşlaryna görä, syrkaw ýylda bir gezek mugt tomografiýa barlagyny etdirip bilýär.

Mundan başga-da, Aşgabadyň Onkologiýa Merkezi daşary ýurtlaryň haýyr-sahawat gaznalaryndan esasan onkologik keselliler üçin lukmançylyk serişdelerini yzygiderli kabul edýär. Syrkawlar welin mundan habarsyz. Bejerginiň dowamynda, syrkawlaryň özleri we garyndaşlary lukmanlardan ýa-da hassahana ýolbaşçylaryndan haýsy lukmançylyk serişdeleriniň mugt berilýändigini sorap talap etmeli.

Okyjylarymyzda goşmaça maglumat, tejribe bar bolsa, biz bilen paýlaşmagyňyzy soraýarys

  • 994 gezek okalan