Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
LUKMANÇYLYK SYRLARY WE JOGAPKÄRÇILIK
Sorag: Meniň ýoldaşlarymyň biri meniň barýan saglyk öýümde işleýär we meniň tanyşlarymyň birnäçesi saglyk ýagdaýym barada eşidipdirler. Men saglyk maglumatlarymyň gizlin saklanmandygy üçin lukmanlary suda berip bilýärinmi? Olar lukmançylyk syrlaryny goramandygy üçin nähili jogapkärçilige çekilýärler?
Jogap: Näsagyň hukuklarynyň bozulmagy, esasan hem lukmançylyk syrlarynyň bikanun üstüniň açylmagy düzgün-tertip we administratiw jogapkärçiligi öz içine alýar. Lukmançylyk syrlaryny gorap saklamak ol syrlar bilen gönüden-göni iş salyşýan her bir saglyk işgäriniň moral borjudyr we ony bozmaklyk professional ýaramsyzlygyň alamatydyr. Türkmenistanyň dürli kanunlarynda bu barada şeýle bellenilýär:
↪ Syrkawlaryň şahsy maglumatlary ýaşyryn maglumatlar toparyna degişli bolup, her bir raýatyň lukmançylyk edarasyna kömek gözläp ýüz tutandygyny gizlin saklamaga hukugy bar. (Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda, 60-njy madda)
↪ Adamyň at-abraýyny peseldýän ýa-da mertebesini kemsidýän hereketler we kararlar, şol sanda adamyň şahsy durmuşy hakynda maglumatlaryň ulanylmagy we ýaýradylmagy gadagandyr. (Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi, 1-nji bap, 8-nji madda)
↪ Adamyň saglyk ýagdaýyna we pynhan durmuşyna degişli şahsy maglumatlary ýygnamaga we işläp taýýarlamaga ýol berilmeýär. (Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda, 21-nji madda)
↪ Lukmançylyk syrlaryny gorap saklamazlyk käýinç almak ýa-da işden çykarylmak ýaly netijelere eltip bilýär. (Zähmet kodeksi, 164-nji madda)
↪ Başga adamyň şahsy ýa-da maşgala syryny düzýän şahsy durmuşy barada maglumatlaryň onuň razylygy bolmazdan bikanun ýygnalmagy, saklanylmagy ýa-da ýaýradylmagy – binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär. (Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, 339-njy madda)
Şeýle-de, näsagyň hukuklaryny bozýan adam jogapkärçilige çekilip bilinýär. Moral zyýanyň öweziniň mukdary kazyýet tarapyndan näsaga ýetirilen zyýana görä kesgitlenilýär.
Näsagyň maglumatlaryny iş üsti bilen gören işgär, hatda jenaýatdygyny bilmän etse-de, ol maglumatlary ýaýradandygy üçin jogapkärçilige çekilip bilinýär. Bu ýagdaý barada arz etmek isleýän adam näme etmeli?
↪ Hassahananyň baş lukmanyna arz ediň. Eger netije bermese, şäheriň ýa-da welaýatyň saglygy goraýyş bölümine ýüz tutup bilersiňiz. Ondan hem umyt bolmasa, Saglygy goraýyş ministrligine çykyp bilersiňiz.
↪ Arzanyň görnüşi barada takyk düzgünler berilmeýär. Eger moral zyýanyň öwezini soraýan bolsaňyz, onda aklawçy bilen maslahatlaşyň we şoňa degişli arzany dolduryp, suda gidiň. Sözüňiziň dogrudygyny tassyklamak üçin subutnamalaryň gerekdigini hem unutmaň.
Arzaňyzy kanselýariýa tabşyryň we ikinji kopiýasyna bellik goýmaklaryny soraň ýa-da ony gowşurylandygy barada habar berilmeli zakaznoý hat görnüşinde ugradyň. Şonda hatyňyz bellige alnar, ýyrtylmaz we işe geçiriler.
- 1296 gezek okalan