Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMENISTANDA AÝRYLYŞMAGA DEGIŞLI NÄHILI HUKUKLAR BAR?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

ayrylysmaga degisli hukuklarOkyjylar soraýar, ýurist jogap berýär

Sorag 1: Türkmenistanda aýrylyşmak isleýän adamyň kanun taýdan ätmeli ilkinji ädimi näme?

Jogap: Nikany bozmagyň tertibi Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 5-nji babynda bellenilýär. Eger är-aýalyň ikisi hem aýrylyşmaga razy bolsalar we arada kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da zähmete ukypsyz çaga we bilelikdäki emläk barada dawa ýok bolsa, onda är-aýal haýsy hem bolsa biriniň ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasyna (ЗАГС) ýa-da nika baglanyşylan edara arza bermek arkaly aýrylyşyp bilýärler.

Eger är-aýalyň biri aýrylyşmaga razy bolmasa ýa-da maşgalada kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da zähmete ukypsyz çagalary bar bolsa, onda nikany bozmak arza berýäniň ýaşaýan ýerindäki etrap kazyýeti tarapyndan alnyp barylýar.

Sorag 2: Nikany bozmak üçin nirä, nähili resminamalary tabşyrmaly?

Jogap: Aýrylyşmak üçin degişli edara (RÝNÝ, etrap kazyýeti) arza bilen bilelikde pasportyň we nika şahadatnamanyň nusgalaryny hem-de döwlet pajynyň tölenendigi baradaky kwitansiýany tabşyrmaly. Arzany dogry ýazmak üçin ýuristlerden we adwokatlardan kömek alyp bolýar.

Sorag 3: Aýrylyşylanda göz öňünde tutulmaly möhüm zatlar näme?

Nikany bozmak üçin arza bermezden ozal göz öňünde tutulmaly iň wajyp zatlar:

↪ Eger aýaly göwreli bolsa ýa-da är-aýalyň 1 ýaşdan kiçi çagalary bar bolsa, onda erkek adam aýalynyň razylygy bolmazdan aýrylyşmak üçin arza berip bilmeýär.

↪ Är-aýalyň bilelikde gazanan ähli emlägi we bergileri olaryň arasynda deň bölünip bilinýär. Miras/peşgeş ýa-da şahsy hasaba alnan emläkler we nikalaşmazdan öň gazanylan serişdeler muňa degişli däldir.

↪ Çaga 18 ýaşa ýetýänçä islendik wagt aliment talap edip bolýar. Alimenti çagany alyp galýan ene ýa ata ýa-da aýrylyşylanyndan soňra kyn günde galýan tarap talap edip bilýär.

↪ Çaga (çagalara) degişli ýa-da olaryň adyna duran emläkler (egin-eşikler, mekdep we öý esbaplary, çaganyň adyna bank hasaby ýa öýüň bir bölegi we ş.m.) bölünmägedegişli däldir.

↪ Çaga ene-atanyň islendik biri bilen ýaşap bilýär (muny çaganyň islegine, ene-atanyň maddy we durmuş ýagdaýyna we ş.m. görä kazyýet kesgitleýär). Şol bir wagtda, çagasy bilen ýaşamaýan enäniň ýa atanyň çaganyň terbiýesine gatnaşmaga hukugy bolýar. Diňe çaga zyýan berýän ene-ata beýle hukuk berilmeýär.

↪ Eger-de aliment öňünden är-aýalyň arasynda ylalaşylmadyk bolsa, onuň möçberini kazyýet kesgitleýär. Alimentleriň her aýda tölenendigi barada subutnamalary saklamak möhümdir.

Ýüze çykýan islendik soragy ýeterlik subutnama görkezmek arkaly kazyýetiň üsti bilen çözmek mümkindir. Kazyýet ähli ýagdaýlary, şol sanda şaýatlaryň we garyndaşlaryň güwänamalaryny hem göz öňünde tutýar. Her hili ýagdaýda hem, nikany bozmak çylşyrymly iş däl. Munda anyk maksadyňy bilmek ýeterlikdir. 

Sorag 4: Aýrylyşmak üçin sebäp görkezmek hökmanmy?

Jogap: Nika sebäpli bozulmalydyr. Talap arzasynda standart sebäpler görkezilýär: umumy gyzyklanmalaryň bolmazlygy; barlyşyksyz gapma-garşylyklar; geljekki durmuşa bolan garaýyşlaryň çaprazlygy; gylyk-häsiýetler sebäpli konfliktler; sulhuň alyşmazlygy; maşgalany terk etmek; agyr ýa-da hroniki alkogolizm, neşekeşlik we ş.m.

Sorag 5: Nikany bozmak üçin näçe wagt garaşmaly?

Jogap: Är-aýalyň ikisiniň nikanyň bozulmagyna razylygy bolanda we olaryň arasynda jedel bolmadyk halatynda nikany bozmak üçin üç aýa çenli möhlet bellenilýär.

Nikanyň kazyýet üsti bilen bozulýan ýagdaýynda, Maşgala kodeksiniň 27-nji maddasyna laýyklykda, kazyýet şu aşakdakylara borçludyr:

1. är-aýaly ýaraşdyrmak we maşgalany saklamak üçin çäreler görmäge, zerur halatlarda är-aýaly ýaraşdyrmak üçin alty aýa çenli möhlet belläp, işe garamagyny gaýra goýmaga;

2. kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalaryň är-aýalyň haýsysy bilen ýaşajakdygyny we olary ekläp-saklamak üçin serişdeleri tölemegiň tertibini we möçberini är-aýaldan anyklamaga.

Sorag 6: Eger nikany bozmak hakyndaky arzam kabul edilse, meni we ýanýoldaşymy ýaraşmak üçin psihologa ugradyp bilýärlermi?

Jogap: Nika bozulanda psihologa görünmek Türkmenistanyň kanunçylygynda nazarda tutulmaýar. Kazyýet edaralary aýrylyşmagyň ýagdaýlaryny nazarda tutýarlar we ýaraşmak üçin wagtlaýyn möhlet berýärler.

Sorag 7: Eger hökümet muny talap etmeýän bolsa, hususy hyzmat berýän psihologlar barmy?

Jogap: Türkmenistanda hususy hyzmat berýän psihologlar bar we raýatlar olara diňe aýrylyşmak meselesinde däl, eýsem başga meselelerde hem ýüz tutup bilýärler.

Sorag 8: Alimentiň möçberi hakynda haýsy kanunda aýdylýar?

Jogap: Alimentiň möçberi Maşgala kodeksiniň 144-nji maddasynda bellenilip geçilýär. Çagany ekläp-saklamak üçin aliment ata-enesinden (olaryň birinden) her aýda şu möçberde tutulyp alynýar:

1. bir çaga üçin - girdejiniň dörtden biri;

2. iki çaga üçin - girdejiniň üçden biri;

3. üç we şondan köp çaga üçin - girdejiniň ýarysy.

Şeýle-de, 151-nji madda görä, kämillik ýaşyna ýeten zähmete ukypsyz çagalary ekläp-saklamak üçin her aýda ata-enelerden tutulyp alynýan alimentiň möçberi ata-eneleriň we çagalaryň maddy we maşgala ýagdaýyny nazara almak bilen, kazyýet tarapyndan kesgitlenilýär.

Sorag 9: Eger aýalyň ýoldaşy Türkiýä işlemäge giden bolsa we 3 ýyl bäri yzyna gelmeýän bolsa, aýal öz islegi bilen aýrylyşyp bilýärmi?

Jogap: Aýal kazyýete arza tabşyrmaly we ýanýoldaşynyň pasportynda hasapda duran ýerini, şeýle-de daşary ýurtda anyk ýaşaýan ýerini görkezmeli. Esasy zat çagyryşy poçta arkaly ýanýoldaşyňa gowuşdyrmakdyr. Poçta ýanýoldaşyňa gowşurylansoň, eger ol närazylyk bildirmese, kazyýet bir aýdan nikany bozup berýär.

Sorag 10: Eger ene-atanyň haýsy hem bolsa biri daşary ýurtda bolsa we olar aýrylyşsalar, hökümet daşary ýurtdaky enäniň ýa atanyň aliment töleýändigine gözegçilik edýärmi?

Jogap: Alimente degişli ähli soraglar ýakyn garyndaşlaryň beýannamalary nazarda tutulyp, kazyýet tarapyndan çözülýär.

  • 1869 gezek okalan