Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AÝALLAR WE HUKUK: JYNSY TAÝDAN ERJEŞME NÄME?

  • Lily Sha
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.53 (45 Ses)

Aýallara zulum edilmegine garşy göreşmegiň Halkara güni 1981-nji ýylyň 25-nji noýabrynda syýasy işjeň zenanlar tarapyndan bellenilip başlandy we 1999-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan Halkara güni diýlip yglan edildi. Bu bellenilýän Halkara günüň dowamynda BMG-nyň Baş Assambleýasy halkara guramalara we hökümetlere degişli bolmadyk guramalara aýallara zulum edilmegine garşy göreş babatda iş çärelerini geçirmegi teklip etdi. Şeýle bolsa-da, käbir alymlaryň geçiren derňemeleriniň esasynda, dünýäde aýallara garşy zorluk edilmesi, maşgalada erkek bilen aýalyň arasyndaky deňsizlik, aýallary jynsy gatnaşyklara mejbur edýän zorluk, erkek oglanlar tarapyndan jynsy gatnaşyk etmek maksady bilen edilýän hereketler we kemsitmeler ýyllaryň geçmegi bilen käbir ýurtlarda kemelsede, käbir ýurtlarda artýar.

IŞ ÝERINDE ÝÜZE ÇYKÝAN KEMSITMELER

Adatça iş ýerinde ýüze çykýan kemsitmeleriň pidalary gelin-gyzlar bolup durýarlar. Emma kähalatlarda oglanlaram bu kemsitmelere öz başlyklary tarapyndan sezewar edilip bilnerler. Size gönükdirilen gödek degişmeler, edepsiz şorta sözleri aýdyp bermeler, uzak wagtlap gözüni aýyrman seretmeler ýa-da siz tarapa aýratyn üns bermeler kemsitme höküminde kesgitlenilýär. Gynansakda, heniz Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygynda bu kesgitlemä garşy degişli jogapkärçiligiň bellenmändigi sebäpli, iş ýerinde bolup geçýän kemsitmeler adama ahlaklylyk tarapdan zelel ýetirip, adamynyň ruhy dünýäsine zyýan ýetirip biler. Şonuň üçin hem, iş bilen üpjün edýän ýolbaşçynyň kompaniýadaky we gol astyndaky işgärleriň özüni alyp barşyna üns bermegi we olardan düzgün-tertip babatda jogapkärçiligi talap etmegi hökmanydyr. Aýal-gyzlar iş ýerlerinde bolgusyz suwjuk kemsitmeler bilen ýüzbe-ýüz bolsalar, hökmany ýagdaýda ýolbaşçylara habar bermelidir we olaryň mertebesini peseldýän hereketlere garşy çäre görmeklerini talap etmelidir.

JYNSY TAÝDAN ERJEŞME NÄME?

Gorkuzma, masgaralama ýa-da jynsy hereketlere mejbur etme, şonuň ýaly hem, sylag-wadalaryň ýerine jynsy hyzmatlary talap etmek, kähalatda dilden ýa-da fiziki hereketleri amala aşyrma:gujaklama, sypalama, ilteşme, zorlama maksady bilen hüjüm etme – jynsy erjeşme häsiýetli yzarlamalardyr. Aýal-gyzlar bu hereketlere ýa-da kemsitmelere, köplenç iş ýerlerinde kärdeşleri, başlyklary we müşderleri tarapyndan we jemgyýetçilik awtoulaglarynda nätanyş erkekler tarapyndan duçar bolýarlar. Kähalatlarda, käbir gelin gyzlar öz öýlerinde daşgyn garyndaşlary ýa-da goňşylary tarapyndan hem bu kemsitmelere sezewar edilýärler.

Jynsy erjeşmelik köplenç aýal maşgalada gorky döredip, uzak wagtlyk psihologiki sarsgynlylygy galdyryp biler. Gynansakda, käbir gelin-gyzlar iş ýerinde ýa-da öýde bolup geçen kemsitmelere garşy öz arza-şikaýatlaryny başlyklaryna bermeýärler. Olaryň köpüsi özlerini günäkär hasap edip utansalar we mälim bolmakdan çekinseler, birnäçeleri kärdeşleriniň ýa-da ýolbaşçylarynyň olara ynanmazlyklaryndan we özleriniň ýazgarylmagyndan heder edýärler.

JYNSY TAÝDAN ERJEŞMÄNI NÄHILI MÄLIM ETMELI?

► Bolup geçen ähli hadysalary, maglumatlary ýazyp belläň. Haçan we nähili bolup geçendigini, kimiň gatnaşandygyny, kimiň näme diýendigi ýa-da edendigi barada ýazyp belläň.

► Her bir bolup geçen fiziki we emosional çaknyşyk barada ýolbaşçylara hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň wekillerine habar beriň we habar berendigiňiz baradaky ýazmaça delilnama olaryň gol çekmeklerini talap ediň.

► Iş ýerinde aýal maşgalanyň sezewar bolan kemsidilmeleri we jynsy taýdan erjeşmeler jenaýatçylygy baradaky ýazan arzasy.

Eger-de jynsy erjeşmelik zorluga öwrülýän bolsa, onda siziň indiki etmeli zerur hereketleriňiz :

Hukuk goraýjy edaralara we lukmançylyk derňewi üçin arzany bermegiň düzgünleri:

1. Polisiýa baryp arzaňyzy kabul etmeklerini talap ediň. Eger-de polisiýa işgärleri siziň haýyşyňyzy ýerine ýetirmekden boýun gaçyrsalar, onda olaryň ýolbaşçylaryna ýüz tutuň.

2. Hukukçyň maslahatyny almaga çalşyň, has dogrusy, öz hukuklaryňyzy bilmek üçin ýanyňyz bilen aklawjyňyzy (adwokat) alyp baryň.

3. Eger-de siziň meseläňiz polisiýada çözülmese, onda prokuratura ýüz tutuň.

4. Zerur ýagdaýda lukmançylyk derňewini geçirmek üçin aýal lukmanyna (ginekologa) ýüz tutuň we beriljek netijede hemme maglumatlary ýazdyryň. Ondan başga-da, jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokanç kesellerine özüňizi barladyň.

5. Jynsy zorluga sezewar bolanyňyzdan soň hiç zady arassalamaň, ýuwunmaň ýa-da eşikleriňizi çalyşmaň. Sebäbi jebir çekeniň eşiginde ýa-da endamynda gerekli bolan delilleri tapyp bolýar.

6. Polisiýa ýa-da lukmanlara ýüzlenmezden öň iýip-içmäň, sebäbi şunuň bilen gerekli delilleri ýitirip bilersiňiz.

7. Eger-de jenaýatyň günäkäri sizi gorkuzýan bolsa ýa-da arzaňyzyň yzyna alynmagy üçin pul hödürleýän bolsa, onda bada-bat polisiýa ýüz tutuň. Başarsaňyz bolýan gürrüňi diktofona ýa-da wideomagnitofona ýazyp alyň.

8. Ynamdar adamyňyzdan siz bilen kazyýete bile gitmegini haýyş ediň we prokurordan derňewleriň gizlin saklanmagyny talap ediň.

JYNSY TAÝDAN ERJEŞILMEGIŇ NETIJELERINDEN ÜSTÜN ÇYKMAK

Jebir çekenleriň köpüsi howsala düşüp bialaçlyk, gaharjaňlyk we ýekelik ýaly duýgulary başdan geçirýärler. Hadysadan soň jebir çekenleň köpüsi gozgan jenaýat işlerini ýapjak bolýarlar, çünki olar hemmelere mälim bolmakdan we öz işlerini ýitirmekden gorkýarlar. Olaryň köpüsi gamgynlylyk ýagdaýyna düçar bolup, özlerini günäkärlemäge başlaýarlar. SAKLANYŇ! Bu hadysanyň siziň bilen bolup geçenliginde siziň hiç hili günäňiz ýok. Şonuň üçin ýörite şeýle ýagdaýa düşen adamlar bilen işleme tejribesi bolan psihologlara kömek üçin ýüz tutuň.

JYNSY ERJEŞMELERDEN GAÇA DURMAK ÜÇIN ÖZÜŇI NÄHILI ALYP BARMALY?

Eger-de siz erkek adam bolsaňyz, onda aýal ýa-da gyz maşgala degmekden ýa-da eginlerine bigünä kakmadan, uzak durup el gysyşmagyň çäginden çykmaň. Elbetde şularyň hemmesi siziň gepleýiş äheňiňize hem degişlidir. Siziň işleýän edaraňyzdaky adamlaryň dürli milletleriň wekilidigi sebäpli, olaryň özlerini alyp barmak medeniýetiniň hem dürli-dürlidigini ýatdan çykarmaň.

Eger-de siz aýal ýa-da gyz maşgala bolsaňyz, onda geýinýän eşikleriňize, özüňizi alyp barşyňyza ýa-da gepleýşiňize üns berip, jynsy taýdan erjeşmeler bilen bagly hadysalardan gaça durup bilersiňiz. Eger-de siz işgärleriň arasynda biriniň eden ýa-da diýen jynsy erjeşmelerine garşy çäre görmän geçiren bolsaňyz, onda siziň geljekde hem şolar ýaly garaýşa duçar bolmagyňyz mümkindir. Esasy bilmeli zadyňyz, daş-töweregiňizdäki, esasan hem ýakyndan gatnaşýan adamlaryňyzyň özlerini kollektiwde nädip alyp barýandyklaryna üns bermelidir. Birden bir jynsy erjeşmeler bilen bagly waka düçar bolsaňyz, özüňiziň günäkär däldigiňizi subut etmek kyn düşer. Il arasynda "Ýigidi dostundan tana" ýa-da "Dosty dostundan tanarlar" diýen nakyllaryň bardygyny ýatda saklaň.

  • 9257 gezek okalan