ABŞ-DA YSLAM WE ABORT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

abs da yslam we abortABŞ-nyň Ýokary kazyýeti Roe v. Wade dawasyny ýatyrandan soň, aborty goldaýan hukuk goraýjylar bu karary "şerigat kanunyna" meňzedip ýazgardylar we Tehasdaky kanun çykaryjylary "Tehas Talibanlary" diýip atlandyrdylar.

Emma, bu deňeşdirme yslam taglymatyna düşünmezligi, onuň ýönekeýleşdirilmegini we amerikan musulmanlarynyň abort meselesine çylşyrymly garaýyşlaryny görkezýär.

Geçen ýyl Sosial syýasat we düşünje institutynyň geçiren sowalnamasyna görä, amerikaly musulmanlaryň 56%-i abortyň ähli ýa-da köp halatlarda kanuny bolmalydygyna ynanýarlar.

Amerikaly musulmanyň aýtmagyna görä, yslamyň esasy ündewleriniň düşündirilişi barada dürli garaýyşlar bar: Meselem, konserwatiw garaýyşlara görä, abort diňe enäniň janyna howp abananda rugsat berilýär. Has liberal garaýyşlarda welin, aborta giňden rugsat berilýär.

Çeşme: NPR

  • 1393 gezek okalan