GRUZIÝANYŇ HÖKÜMETINDEN SEÝREK KESELLI ÇAGALARYŇ DERMANYNY MALIÝELEŞDIRMEK TALAP EDILÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

gruziya derman maliyelesdirmekGruziýada 10-dan gowrak ahondroplaziýaly çagany bejermek üçin derman zerur. Ahondraplaziýa keseli süňkleriň ösmegine päsgel berip, göýdüklige we dürli saglyk meselelerine sebäp bolýar. Gruziýada umytsyz ene-atalar hökümetden täze çykan Voxzogo dermanynyň importyny maliýeleşdirmegi haýyş edýärler.

Voxzogo (vosoritide dermanynyň başgaça ady) Amerikanyň BioMarin farmasewtik kompaniýasy tarapyndan ahondroplaziýaly çagalaryň ýaşyna görä ösüşini ýokarlandyrmak üçin taýýarlanyldy. 2021-nji ýylda bu dermanyň ulanyşa ýaramlylygyny ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri administrasiýasy (FDA) we Ýewropanyň derman serişdeleri agentligi (EMA) dessine tassyklady. Bir adamy bu derman bilen bejermegiň ýyllyk bahasy $200,000-a barabar bolup, muňa pasiýentleriň ählisiniň ýagdaýy ýetmeýär.

Derman çagalara kiçi ýaşda bermek üçin niýetlenen we diňe ýetginjekleriň we çagalaryň süňk kikirdewükleriniň ösýän döwründe täsirlilik görkezýär. Ýagny, süňkler ösmegini bes edensoň derman peýdasyzdyr. Şonuň üçin, ene-atalar çagalaryna gyssagly bejergi aljak bolup janykýarlar.

Emma, Gruziýanyň hökümeti ene-atalaryň garaşmalydygyny aýdyp, halkara derejede tassyklanandygyna garamazdan, dermana heniz hem gözegçilik edilýändigini we ony beýleki ýurtlaryň maliýeleşdirip başlamandygyny nygtaýar.

"16 aýlap her bir ädimimizi assa ätdik we Saglygy goraýyş ministrliginiň çagalarymyzy bejerip başlamagyna garaşdyk. Gynansak-da, olar üçin 16 aý ýeterlik bolmady we olar biziň ýene garaşmagymyzy isleýärler. Ýitirere wagtymyz ýok, çagalarymyzda beýle kän wagt ýok" – diýip, ene-atalaryň biri belleýär.

  • 551 gezek okalan