ÖZBEGISTANDA LGBT ADAMLAR HOWP ASTYNDA ÝAŞAMALY BOLÝARLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

ozbegistanda lgbt adamlarÖzbegistanda geýler, biseksuallar we trans adamlar polisiýadan, agressiw gomofoblardan, diskriminasiýadan, azatlykdan mahrum edilmekden we sebäpsiz tussaglykdan gorkuda ýaşaýarlar. Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 120-nji maddasynda erkek bilen erkegiň arasynda razylykly geçirilýän jynsy gatnaşyklar aýyplanylýar we 3 ýyla çenli tussaglyk jezasy berlip bilinýär. Kanuny jogapkärçilige çekilmekden gorkup, LGBT adamlar köp halatlarda özlerine edilen adalatsyzlyklar barada şikaýat etmeýärler.

Özbegistanda eçeme adam gomoseksuallygyň adamdan-adama ýaýraýan we jemgyýetiň binýadyny ýykýan ýokanç keseldigine ynanýarlar. Haçanda adamlar maşgalalarynda ýa-da garyndaşlarynyň içinde biriniň geý, lezbian, biseksual ýa-da transdygyny bilseler ýa-da güman etseler, ony lukmana, psihiatra, psihoterapewte, molla ýa-da beýleki dini şahslara ýüz tutup, "özüni bejertmäge" mejbur edýärler. Maşgalalaryň geý ogluny ýa-da lezbian gyzyny öýden kowýan halatlary hem az bolup geçmeýär.

Jemgyýetiň içinde bolşy ýaly, polisiýa gullugynda hem gomofobiýa we transfobiýa giňden ýaýran. Käbir polisiýa işgärleri LGBT jemgyýetiniň agzalaryny ýörite gözläp tapyp, azar berýän bolsalar käbirleri gomoseksuallygyň jenaýata çekilmeginden we il içinde masgaralanmagyndan öz maddy peýdasy üçin peýdalanýarlar. Olar eger para bermeseler, geý ýa-da biseksual adamlaryň syryny maşgalasyna, goňşy-golamlaryna, işdeşlerine ýa-da sosial mediýada paş etjekdiklerini we 120-nji madda görä kanuny jogapkärçilige çekjekdiklerini aýdyp gorkuzýarlar. Geý we biseksual adamlar jezalandyrmak, kemsitmek hem-de uly möçberde para almak üçin gynamalara we adalatsyz daraşmalara sezewar edilýärler. Halkara guramalar tarapyndan "peýdasyz", "ylmy däl" we adamyň eldegrilmesizliginiň bozulmagy hasaplanylýan anal barlaglary hem gomoseksual gatnaşyklaryň bolup geçendigini ýa geçmändigini anyklamak üçin häli-şindi geçirilýär. 

Agressiw gomofob adamlar geýleri, biseksual we trans adamlary hem-de sosial mediýada LGBT toparynyň agzalaryna bolan çydamlylygy öňe sürýänleri yzarlaýarlar we olary atlaryny, nomerlerini we suratlaryny internetde ýaýratmak bilen gorkuzýarlar; olara jaň edip jezalandyrjakdyklaryny we öldürjekdiklerini aýdyp, haýbat atýarlar. Agressiw gomofob adamlaryň birnäçesi gomofob polisiýa işgärleri bilen ýakyn gatnaşyk saklaýarlar we olara geý, biseksual we trans adamlar barada habar berýärler.

LGBT adamlary goldamaga we olara täsir edýän hukuk bozulmalar baradaky maglumatlary ýaýratmaga gezek gelende, Özbegistanyň hökümeti hem adamlary söz azatlygyndan mahrum edýär. Meselem, 2022-nji ýylyň ýanwarynda blogger Miraziz Bazarowa öz söz azatlygyndan peýdalanyp, LGBT adamlara raýdaşlyk görkezeni üçin 3 ýyllyk azatlyk çäklendirmesi berildi. 2021-nji ýylda 36 adam 120-nji madda boýunça jenaýat jogapkärçiligine çekildi we olaryň 25 sanysy tussaglyga alyndy. 

Özbegistanyň hökümetine, ýurduň Adam hukuklary boýunça milli merkezine hem-de Ýokary mejlisiň adam hukuklary boýunça adalatçysyna görä, ýurtda meňzeş-jynsly gatnaşyklaryň jenaýat hasaplanylmagynda dinden, medeniýetden, däp-dessurlardan we ilatyň pikirinden ugur alyndy; meňzeş-jynsly gatnaşyklaryň kanunlaşdyrylmagy jemgyýete we ýurduň musulman dünýäsindäki abraýyna negatiw täsir eder.

Halkara adam hukuklary kanunynda razylyk beren ulularyň arasyndaky meňzeş-jynsly gatnaşyklary jenaýat hasaplamak aç-açan gadagan edilýär. Soňky ýyllarda BMG-nyň adam hukuklary bölümleri Özbegistany Jenaýat kodeksiniň 120-nji maddasyny ýatyrmaga, diskriminasiýadan goraýan kanunlary çykarmaga, gynamalary we azar bermeleriň beýleki görnüşlerini netijeli derňemäge, hukuk bozujylary jogapkärçilige çekmäge hem-de adamyň gender şahsyýetine we seksual orientasiýasyna esaslanýan zuluma, diskriminasiýa, ýigrençli dile, erjeşmä we jemgyýetçilikli kemsitmelere garşy göreşmäge çagyrdyrlar. Özbegistan häzirki wagtda Jenaýat kodeksini täzelemegiň üstünde işleýär. Onuň garalamasy 2021-nji ýylyň fewralynda çap edildi we erkek bilen erkegiň arasyndaky razyçylykly jynsy gatnaşyklary gadagan edýärdi, emma entek kanunyň doly görnüşi kabul edilýänçä Özbegistana bu kanuny garalamadan aýyrmaga we halkara adam hukuklaryna hormat goýmaga ýakynlaşmaga mümkinçilik bar. 

Çeşme

  • 530 gezek okalan