MERKEZI AZIÝADA AIW STIGMASY NÄHILI DEREJEDE?
AIW bilen bagly stigma (biabraýçylyk) we diskriminasiýa AIW bilen ýaşaýan adamlaryň bejergi, ideg we goldaw hyzmatlaryndan peýdalanmagynda iň uly päsgelçilik döredýär. AIW bilen ýaşaýanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak üçin olaryň hakyky ýagdaýy, ýagny nähili kynçylyklar we meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýanlygy, AIW-iň olaryň öz durmuşyna, garyndaşlarynyň we dostlarynyň durmuşyna nähili täsir edýändigi barada maglumatlary öwrenmek örän wajypdyr.
AIW bilen ýaşaýan adamlaryň stigma indeksi – bu gözleg we tejribe başlangyjy bolup, AIW-e ýoluganlara garşy stigma we diskriminasiýa barada maglumatlary standart sowalnama we ilat arasyndan barlag üçin gatnaşyjylary saýlap almak strategiýasy arkaly ýygnaýar. Barlagyň netijeleri AIW bejergisiniň, ideg we goldaw hyzmatlarynyň elýeterliligi boýunça esasy päsgelçilikleri çözmek üçin pasiýentleriň hukuklaryny goramagyň zerurdygyny subut edýär.
2008-nji ýylda AIW bilen ýaşaýanlaryň stigma indeksi dünýäde ilkinji gezek geçirildi. 2018-nji ýylda, indeksiň gözleg guraly rejelendi we AIW bilen ýaşaýanlaryň stigma indeksi 2.0 diýlip üýtgedildi. Rejelenen sowalnama 2018-nji ýylda işe girizildi. Taslamanyň başyndan bäri, sowalnamalara 100-den gowrak ýurt gatnaşdy we 100,000-den köp AIW bilen ýaşaýanlardan sowalnama alyndy.
Stigma indeks 2.0 Türkmenistan barada maglumat bermeýär, ýöne Merkezi Aziýa sebitindäki tendensiýalary görkezýän möhüm maglumatlary özünde jemleýär.
↪ Gazagystanda AIW bilen ýaşaýanlaryň 65.3%-i daş-töweregindäki adamlar we resmi edaralar tarapyndan stigma, diskriminasiýa we kemsidiji sözlere sezewar bolýarlar. Saglygy goraýyş edaralary pasiýentleriň AIW statusyny olaryň razylygy bolmazdan, esassyz (5.2%) aýan edýärler. Sowalnama gatnaşanlaryň 80.14%-ine ýakynlary, diňe 31.5%-ine kesekiler goldaw berýärler. Aýallar erkeklere garanyňda 2 esse köp kemsidilýär. Gatnaşanlaryň 6%-ine lukmançylyk hünärmenleri çaga edinmezligi maslahat beripdirler.
↪ Gyrgyzystanda AIW bilen ýaşaýanlaryň 55.8%-i işsizlige we AIW bilen bagly stigmalara duçar bolýarlar. Bu olaryň saglygy goraýyş hyzmatlaryny almagyna we durmuş hiline ýaramaz täsir edýär. Pasiýentleriň ýarysyndan gowragy AIW statusyny aýan etmeýärler. Olaryň 60%-i maşgalasyna, az sanlysy bolsa dostlaryna, iş berijilerine we goňşularyna öz ýagdaýy barada habar beripdir. Gatnaşanlaryň 25%-i AIW barlagyndan geçenlerinde hukuk bozulmalaryny başdan geçiripdir. Bu olaryň ýarysyndan gowragynyň bejergini bir aýdan 2+ ýyla çenli yza süýşürmegine sebäp bolupdyr. Transgenderler, erkekler bilen jynsy gatnaşykda bolýan erkekler, tenini satýanlar we migrantlar ýaly ýokary töwekgelçilikli toparlar yzygiderli stigma we diskriminasiýa sezewar bolýar.
↪ Täjigistanda AIW bilen ýaşaýanlara, esasanam aýallara we ýokary töwekgelçilikli toparlara öz-özüni kemsitmeler düýpli täsir edýär. Olaryň üçden iki böleginden gowragy statuslary sebäpli özlerini günäli we utanç duýýarlar. Gatnaşanlaryň 22%-i razyçylyksyz AIW barlagyndan geçirilipdir we olaryň ýarysyndan gowragy aýallardyr. Aýallar erkeklere garanyňda 6 esse köp kemsidilmä sezewar bolupdyrlar. Işden boşadylmak we işsizlik juda kän, ýagny AIW bilen ýaşaýanlaryň 40%-i statusy zerarly iş anketalaryny tabşyrmaýarlar. AIW bilen ýaşaýan transgender adamlar güýçli diskriminasiýa duçar bolýarlar. Olaryň ýarysyndan gowragy maşgaladan çetleşdirilýär, süteme sezewar edilýär we dörtden üç bölegi gender aýratynlyklary sebäpli paýyş sözler bilen kemsidilýär.