GYRGYZYSTANDA TELEWIZOR MAHABATLARY ÇAGALARYŇ SEMREMEGINE NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gyrgyzystanda telewizor mahabatlaryMerkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynda ulularyň we çagalaryň arasynda semizlik epidemiýasy ýaýbaňlanan. BSGG-nyň Ýewropa sebitindäki ulularyň 60%-i we mekdep ýaşyndaky çagalaryň üçden bir bölegi aşa semiz ýa-da semiz.

Merkezi Aziýada 6-9 ýaş aralygyndaky her üç çaganyň biri aşa semiz ýa-da semiz. Aşa agramly çagalaryň iň azy Täjigistanda (10% -den az) bolup, ikinji orunda Gyrgyzystan (~10%), üçünji ýerde Türkmenistan (10% -den biraz kän) we dördünji orunda Gazagystan (20% -den az) durýar.

Çagalar aşa şekerli gazlandyrylan içgileri köp mukdarda sarp edýärler.

Gyrgyzystanda çagalaryň semizligi

Gyrgyzystanda çagalaryň semremek töwekgelçiligi 40%. Ýurtda 2030-njy ýyla çenli 5-19 ýaş aralygyndaky semiz çagalaryň sany 179,668-e ýeter.

Telewizorda juda kän iýmit mahabatynyň görkezilmegi çagalarda we ýetginjeklerde semizlik we ýürek-damar keselleriniň döremegine gönümel täsir edýär.

↪ Gyrgyzystandaky çagalaryň 80% -i yzygiderli telewizora tomaşa edýärler.

↪ Ene-atalaryň 62%-i çagalaryň telewizorda görkezilen önümleri satyn alýandygyny tassyklaýar.

↪ Gyrgyzystanyň Milli telewideniýe we radio ýaýlymlar korporasiýasynyň (KTRK) her üç mahabatynyň biri iýmit mahabatydyr.

↪ KTRK-daky her ikinji mahabaty gazlandyrylan içgiler düzýär.

BSGG-a görä, gazlandyrylan içgiler çagalarda aşa semizlik bilen bagly meseleleri döredýär. Aşa semizlik bolsa ýürek-damar keselleriniň döremegine sebäp bolýan esasy faktorlaryň biridir.

Çözgütler

Semizlige garşy göreş çäreleri hemmetaraplaýyn bolmalydyr. Häzirki wagtda hiç bir ýurt ähli zerur syýasatlary birlikde berjaý edip bilmeýär. Şonuň üçin, durmuşa geçirip boljak çäreleriň iki ýa-da üç sanysyny ileri tutmak möhümdir. BSGG-nyň teklipleri:

↪ Çagalara gönükdirilen iýmit mahabatlaryny çäklendirmeli;

↪ Şekerli içgilere salgyt goýmaly;

↪ Semizlige garşy çäreleri pugtalandyrmaly.

Çeşme

  • 228 gezek okalan