ŞEKERLI IÇGILER: 100% BOŞ KALORIÝA, 0% ÝOKUM!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

sekerli icgiler"Şekerli içgiler" diýlip düzümine şeker ýa-da beýleki süýjedijiler (ýokary fruktozaly mekge siroby, saharoza, miwe şiresiniň konsentraty we baş.) goşulan islendik içgä aýdylýar. Bu içgilere mysallar: gazlandyrylan içgiler, kola, lemonad, sowuk çaýlar, tonik, poroşok görnüşli napitoklar, sport we energiýa içgileri. Ösüp barýan ýurtlarda urbanizasiýanyň we içgi marketinginiň netijesinde şekerli içgileriň sarp edilişi güýçli depginde ýokarlanýar. 

Içinde näçeräk şeker bar?

Bir çaý çemçesine 4.2 gram şeker sygýar. Indi göz öňüňe getirip gör: içip oturan suwly stakanyňa (ýa-da çaýly käsäňe) 7-10 çaý çemçe şeker guýýarsyň. Bu juda süýji eşdilýärmi? Onda, bir banka adaty gazlandyrylan içgide şonça şekeriň bardygyny bilmek megerem seni geň galdyrsa gerek. 

Energiýa içgilerinde hem napitoklardakyça şeker, gan basyşyňy galdyrjak mukdarda kofein, we uzak möhletleýin täsirleri näbelli bolan goşundylar bolýar. Bu sebäpden energiýa/sport içgilerinden daş duranyň gowudyr. Ol içgiler sportsmenlere 1 sagat ýa ondan köp dowam edýän agyr türgenleşikleriň dowamynda uglewodlary, elektrolitleri we suwuklyk üpjün etmäge niýetlenen hem bolsa, olar başga adamlara diňe artykmaç kaloriýa we şeker hödürleýär.

100% miwe şireleri ýaly içgiler hem aşa şekerlidir. Miwe şireleri köplenç witaminlere, minerallara we fotohimiki serişdelere baý hem bolsalar, olaryň kabul edilmesi çäklendirilmelidir. Çünki, olar hem düzüminde gazlandyrylan içgileriňkiçe şeker (emma tebigy miwe şekerleri) we kaloriýa saklaýarlar.

Şekerli içgiler we seniň saglygyň

Şekerli içgiler bedene aşa köp kaloriýa berýärler, emma hiç hili ýokumly maddalary hödürlemeýärler. Şekerli içgi içýän adam özüni içgi bilen deň mukdardaky kaloriýaly iýmit iýen dek dok duýmaýar. Şeker goşulan adaty gazlandyrylan içginiň ýa-da miwe tagamly napitogyň bir bankasynda 150 kaloriýa bolýar. Eger adam bu içgilerden her gün diňe bir banka içse we kabul edýän beýleki kaloriýalaryny azaltmasa, ol bir ýylda 2 kilo çenli semräp bilýär. Semizlikden başga-da, şekerden doly bu içgileri yzygiderli içmeklik II görnüşli diabete, ýürek kesellerine we beýleki hroniki kesellere uçrama howpuny artdyrýar. Şekerli içgileri köp içýänler wagtyndan ir ölme töwekgelçiliginiň hem astynda bolýarlar.

Şekerli içgileriň marketinginiň roly

Şekerli içgileri öndürýän kompaniýalar olaryň marketingi üçin milliardlarça dollar harçlaýarlar, emma köplenç marketinging ýetirýän zyýanlaryny inkär edýärler. Şekerli içgileriň marketinginiň agramly böleginiň çagalary we ýetginjekleri nyşana alýandygyny hem aýratyn bellemek möhümdir.

Şekerli içgileri içmegi nädip azaltmaly?

Olaryň ýerini tutup biljek ençeme içgiler bar, bularyň ilkinjisi hem suwdur. Günüň dowamynda ýeterlik suw içmek seni diňe suwsuzlykdan uzak saklaman, eýsem bütin bedeniň işleýşine hem oňaýly täsir eder. Eger gazly suwy has halaýan bolsaň, onda sada gazly suwy barlap gör. Eger ony aşa tagamsyz görseň, tebigy gazly suwlary syna. Heniz hem tagamyny gowulaşdyrmak isleseň, oňa biraz miwe şiresini, kesilen limon ýa-da hatda gök otlardan hem atyp bilersiň.

Az kaloriýaly gazlandyrylan içgiler näme?

Az kaloriýaly süýjedijileriň kaloriýasy örän az bolýar ýa-da asla bolmaýar. Emma, olaryň her gramynda kaloriýaly süýjedijileriňkiden has köp süýjülik saklanýar. Bulara "aspartam" we "sukraloza" ýaly emeli süýjedijiler ýa-da ösümliklerden (meselem, stewiýa ösümligi) alynýan ekstraktlar degişlidir. Az kaloriýaly süýjedijili içgiler käwagt "şekersiz" ýa-da "diet (berhiz üçin)" ýaly ýazgylary göterýärler. Az kaloriýaly süýjedijileriň saglyga edýän täsiri barada heniz alymlar anyk netijä gelmediler. 2018-nji ýylda Amerikan ýürek assosiasiýasy we diabet assosiasiýasy az kaloriýaly süýjedijileriň beden agramyna we ýokanç däl keselleriň döreme howpundaky täsirlerine düşünmek üçin goşmaça barlaglaryň gerekdigini bellediler.

Çeşme

TEMA BARADA GOŞMAÇA ÖWRENMEK ÜÇIN:

A SEN СOCA-COLA IÇÝÄRMIŇ?

GAZLANDYRYLAN IÇGILER: IÇMELIMI ÝA-DA IÇMELI DÄL?

LUKMANLAR GAZLANDYRYLAN IÇGILERDEN ÝÜZ ÖWÜRMEGIŇ SEBÄBINI DÜŞÜNDIRDILER.

ŞEKER: NÄÇE AZ BOLSA ŞONÇA GOWY!

OKYJYDAN: SENEM GÜNDE BIR ÝA IKI GOŞA ÇYNAR IÇMESEŇ OŇMAÝAŇMY?

  • 264 gezek okalan