GYRGYZYSTAN MERKEZİ AZİÝADA İNÇEKESEL HADYSALARYNYŇ BAŞYNY ÇEKÝÄR - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

GYRGYZYSTAN MERKEZİ AZİÝADA İNÇEKESEL HADYSALARYNYŇ BAŞYNY ÇEKÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

BSGGgyrgyzystan incekesel hadysalary görä, inçekesel dünýäde adam ölümçiliginiň 13-nji sebäbi we ýokanç keselleriň arasynda COVID-19-dan soň ikinji ýerde durýar. Gyrgyzystanda inçekesel hadysalary Merkezi Aziýada iň ýokary bolup, 100.000 adamdan 130-sy inçekesel bilen keselleýär (Täjigistan – 88, Gazagystan – 74, Özbegistan – 62, Türkmenistan – 47).

2020-nji ýyla çenli Gyrgyzystanda her ýylda 5000-den gowrak inçekesel hadysasy hasaba alynýardy. Koronawirus pandemiýasy döwründe keseliň derejesi ~1.5 esse peseldi. BSGG görä, bu global tendensiýa bolup, pandemiýa döwründe saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligiň kesilmegi, saglyk işgärleriniň we maliýe serişdeleriniň COVID-19 bilen göreşmek üçin gönükdirilendigi sebäpli ýüze çykdy. Bu döwürde inçekeselden ölümçilik derejesi ýokarlandy we inçekesel bilen kesellän käbir adamlar resmi statistika goşulmady.

Köp dermanlara durnuklylyk görkezýän inçekesel - inçekesele garşy esasy dermanlara durnukly inçekeseldir. Inçekeseliň bu görnüşi çylşyrymly we uzyn bejergini talap edýär. BSGG görä, Gyrgyzystandaky keselleriň 38%-ine golaýy köp dermanlara durnukly inçekeseldir. Gyrgyzystan Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri ýaly (Türkmenistandan başga) dermanlara durnukly inçekeseliň iň köp ýaýran 30 ýurdunyň sanawyna girýär.

Mundan başga-da, Gyrgyzystanda inçekesel barada stereotipler we bu kesele ýolugan adamlara garşy stigmalar bar. Hünärmenler saglyk işgärleriniň, garyndaşlaryň we kärdeşleriň inçekeselliler barada negatiw garaýşy bolýar. Inçekeselli adamlaryň öýlerinden kowulmagy, iş tapyp bilmezligi we ş.m ýaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolmagy mümkin. Şol sebäpli, inçekesel bilen kesellän köp adamlar kesellerini hatda maşgala agzalaryndan hem gizleýärler ýa-da salgylaryny nädogry berýärler. Bu olaryň ýakyn aragatnaşykda bolan adamlaryny ýüze çykarmaga päsgel berýär.

Çeşme

  • 282 gezek okalan