KAKA BOLUP DOGULMAÝARLAR, KAKA BOLMAGY ÖWRENÝÄRLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

kaka bolmagy owrenyarlerKakalaryň täze doglan bäbekleri bilen has köp wagt geçirmegi uzak möhletde olaryň beýnisinideg etmäge uýgunlaşmagyna ýardam edýär. Bu kakalyk rugsadynyň ähmiýetlidigini öňe sürýär.

Kakalyk rugsadynyň kän peýdasy bar. Barlaglar bäbege ideg etmek üçin işden rugsat almagyň kakanyň çaga ysnyşmagyna, çaganyň ösüşine we ene-atanyň özara gatnaşygyna peýdalydygyny görkezdi. Emma, täze barlagyň we maglumatlaryň saýasynda kakalyk rugsadynyň kakanyň beýnisini türgenleşdirmekde hem bähbitlidigi ýüze çykaryldy.

Beýni türgenleşigi näme?

Ene-atalyk ozal pikir edişimiz ýaly instinktiw (tebigy) hereket däl. Onýyllyklaryň dowamynda enäniň beýnisini öwrenen barlaglar göwresindäki bäbegi diri saklamak üçin beýnini türgenleşdirýän geň galdyryjy üýtgeşmeleri ýüze çykardy.  Kakanyň beýnisi barada geçirilen täze barlaglar hem şuňa meňzeş üýtgeşmeleri görkezdi. Kakalar göwreliligi, çaga dogurmagy we olar bilen bagly gormonal üýtgemeleri fiziki taýdan başdan geçirmese-de, olarda beýni üýtgeşmeleri bolup geçýär.

Subutnama

Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň psihologiýa professory Darbi Saksbeniň we kärdeşleriniň geçiren barlagy Kaliforniýadaky ilkinji çagasyna garaşýan kakalaryň beýni suratlaryny Ispaniýadaky birinji gezek kaka boljaklaryňky bilen deňeşdirdi. Kakalaryň iki toparynyň hem beýnilerinde üýtgeşmeler ýüze çykaryldy. Ýöne, diňe ispan kakalarynda beýniniň durnukly üns berme bilen bagly böleginde düýpli üýtgeşmeler göründi – bu üýtgeşmeleriň bolsa ene-atany çaga ýetişdirmegiň kognitiw (akyl) we emosional talaplaryna taýýarlaýan bolmagy ahmal. Ispan kakalarynyň beýni taýdan kakalyga has taýýarlykly bolmagynyň sebäbi uzak wagtlyk kakalyk rugsady bolup biler. Uzak wagt berilýän kakalyk rugsady kakalara öýde täze doglan çagalary bilen has köp wagt geçirmäge mümkinçilik berýär.

Başgaça aýdylanda, kakalyk rugsady beýnini mugt türgenleşdirýän maksatnama deňdir.

Kakalaryň täze doglan bäbegi bilen ikiçäk wagt geçirmegi çagalaryna täsirli we instinktiw ideg etmäge mümkinçilik berýär. Bu gysga möhletli maýa goýum kakalyk instinktlerini oýandyrjak ömürlik peýda berer.

Çeşme

  • 236 gezek okalan