INÇEKESEL BEJERGILERINIŇ ÜSTI ÝETIRILÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

incekesel bejergilerinin usti yetirilyarŞu ýylyň noýabrynda Parižde geçirilen Öýken saglygy boýunça konferensiýada tanyşdyrylan ylmy barlag dermanlara durnukly inçekesel ştamlaryny gysga wagtda, agyzdan kabul edilýän dermanlar arkaly bejermäge uly umytlar berýär.

↪ Dermanlara durnukly inçekeseliň iň köp ýaýran ýurtlarynda BSGG-nyň maslahat berýän bedaquiline, pretomanid, linezolid we moxifloxacin dermanlaryny öz içine alýan bejeriş tertibi 95% netijelilik berýär.

↪ Mundan başga-da, ýene bir ylmy barlag başga 4 sany has gysga bejeriş tertibiniň gelejegi uly bejeriş derejesiniň barlygyny ýüze çykardy.

↪ Günorta Afrikada we Wýetnamda geçirilen barlag agyzdan kabul edilýän antibiotikleriň ulularda we çagalarda dermana garşy durnukly inçekesel bilen keselleme töwekgelçiligini azaltmaga kömek edip biljekdigini görkezýär.

BSGG-nyň noýabrda habar bermegine görä, geçen ýyl 7.5 million inçekesel ýokançlyklary ýüze çykyp, bu häzire çenli hasaba alnan iň ýokary görkezijidir. Emma, saglyk resmileri bu erbet habarlaryň oňyn tarapynyň bardygyny aýdýarlar.

BSGG-nyň Global inçekesel maksatnamasynyň ýolbaşçysy: "Hadysalaryň birdenkä möwjemegi Covid-19 sebäpli inçekeseli bejermekde ýüze çykan uly bökdençliklerden gutulýanlygymyzy görkezýär we inçekeseli anyklamakda, bejermekde gowy öňe gidişlik bar" – diýip belleýär.

  • 181 gezek okalan