ANTIBIOTIKLERE DURNUKLYLYK HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BILEN ÝARAMAZLAŞAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Antibiotik serişdelerine bolan durnuklylykantibiotiklere durnuklylyk – bu bakteriýalaryň, wiruslaryň, kömelekleriň (gribok), we parazitleriň dermanyň täsirine öwrenişmegidir. Bu hadysa köp duş gelýän ýokanç keselleriň bejergisini kynlaşdyryp, keseliň ýaýramagyna, agyrlaşmagyna we ölümçiligiň artmagyna eltip bilýär.

Ylmy barlagçylaryň bellemegine görä, howanyň üýtgemegi bilen utgaşyp artjak antibiotiklere durnuklylyk dünýäniň ilatyna howp abandyrýar.

Howanyň üýtgemegi we antibiotiklere durnuklylyk döwrümiziň iň uly iki saglyk meselesidir.

Bular nädip utgaşyp ýüze çykýar?

Tebigy betbagtçylyklaryň netijesinde: Siller ýa-da tupanlar ýaly güýçli tebigy hadysalar bakteriýalaryň ösmegine mümkinçilik döredip bilýärler we suw infrastrukturasyny hapalaýarlar. Şeýle-de, tebigy betbagtçylyklar sebäpli ýüze çykýan şikeslenmeler we ýokançlyklar antibiotikleriň has köp ulanylmagyna eltip, olara durnuklylygyň ýitileşmegine goşant goşýar.

Barha gyzýan howanyň netijesinde: Howanyň ortaça temperaturasynyň kem-kemden ýokarlanmagy bakteriýalaryň ösmegi we ýaýramagy üçin oňyn şertleri döredýär. Bu hem antibiotik bejergisini talap edýän keselleri köpeldip, antibiotiklere durnuklylygy ýaramazlaşdyryp biler.

Taýýarlygy nädip ýokarlandyrmaly?

Ylmy barlagçylaryň aýtmagyna görä, howanyň gözegçiligini mikroblara garşy durnuklylygyň gözegçiligi (meselem, akdyrylýan hapa suwlaryň barlagy) bilen bilelikde alyp barmak antibiotiklere durnuklylygyň ýüze çykyp biljek ýerlerini anyklamagy ýeňilleşdirer.

Nature

  • 79 gezek okalan