TÜRKMENISTANA ÝÜREK-DAMAR, DEM ALYŞ WE NEWROLOGIK KESELLERIŇ DERMANLARY GOWŞURYLDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

tkm derman gowsuryldyBirleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine (TSGDSM) ýürek-damar, dem alyş we newrologik keselleri bejermek üçin dermanlary gowşurdy. Dermanlaryň jemi bahasy 375,244.80 ABŞ dollaryna barabar bolup, Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirildi.

Gowşurylan derman serişdeleriniň topary:

↪ Enoksaparin natriý (antikoagulant) - öňünden doldurylan 25 000 şpris;

↪ Dem almak üçin Budesonid – 5 000 çüýşe;

↪ Dem almak üçin Ipratropium bromid – 10 000 çüýşe;

↪ Dem almak üçin Salbutamol – 120,000 çüýşe;

↪ Tutgoýa garşy dermany natriý walproat 500 mg – 121 410 gerdejikler.

Dermanlar TSGDSM tarapyndan Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş edaralaryna we ýurduň welaýatlaryna paýlanylýar.

Dermanlaryň welaýatlara nädip we näçeden paýlanyljakdygy, kimlere we nähili şekilde elýeter ediljekdigi ýa-da bu maksatnamanyň gidişine we netijelerine nädip gözegçilik ediljekdigi barada habar berilmedi.

  • 190 gezek okalan