GYRGYZYSTANDA PALLIATIW KÖMEKDE DERMANLARYŇ WE HÜNÄRMENLERIŇ ÝETMEZÇILIGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

pal kom yetmezciligiGyrgyzystanda palliatiw kömege mätäç adamlaryň anyk sany näbelli bolsa-da, ýurtda hasaba alnan 25 müňden gowrak rak keselli pasiýent bar. Emma palliatiw kömek diňe onkologik kesellilere däl, eýsem inçekesel, ýürek keselleri, AIDS, süýji keseli we adamyň ömrüniň soňuny kynlaşdyrýan başga-da birnäçe kesellerden ejir çekýänlere gerek bolup bilýär.

Palliatiw kömek bejerip bolmaýan ýa-da agyr geçýän kesellerden ejir çekýän adama, onuň ýagdaýyna baglylykda, ýaşaýşy üçin amatly şertleri döredýän çäreleriň toplumydyr. Palliatiw lukmançylygyň esasy wezipesi agyryny we başga bimaza ediji alamatlary ýeňletmek, ýokary hilli ideg, şol sanda pasiýente we onuň dogan-garyndaşlaryna sosial, psihologik we ruhy taýdan goldaw bermekdir.

Gyrgyzystanda palliatiw kömegi üpjün etmegi we kabul etmegi kynlaşdyrýan ençeme meseleler bar:

↪ Ýurtda hökümet saglyk edaralarynda palliatiw kömek berilmeýär, diňe birnäçe hususy edaralarda berilýär, emma olaryň sany az. Şonuň üçin agyrylardan iň beter ejir çekýän we palliatiw kömege iň mätäç bolan pasiýentler esasan öýde galýarlar.

↪ Güýçli agyryny ýeňletmegiň ýeketäk ýoly bolan opioidleriň elýeterliligine birnäçe çäklendirmeler bar. Meselem, 20 tabletkaly ortaça bahasy 900 som ($10.08) bolan morfin agyry kesiji dermanyny diňe poliklinikada hasapda duran we ötüşen rakly pasiýentler arzanladyşly satyn alyp bilýärler.

↪ Ýurtdaky dermanhanalaryň köpüsinde morfin tapdyrmaýar, çünki lukmanlar jogapkärçilige çekilmekden heder edip, morfin ýazyp bermeýärler – netijede onuň talaby we üpjünçiligi hem azalýar.

↪ Dermannamada 4 sany möhür, şol sanda saglyk edarasynyň ýolbaşçysynyň hem möhüri talap edilýär. Diňe 5 günlük möhleti bolan bu dermannamany almak üçin üç-dört ýere baryp, nobatda garaşmaly bolýar.

↪ Lukmanlaryň palliatiw kömek barada düşünjeleri pes. Käte lukmançylyk işgärleri dermannama ýazanlarynda ýalňyşlyk goýberýärler.

↪ Ilat içinde morfin ýaly "opioid dermanyny içýän adam neşe serişdelerine garaşly bolýar" diýen nädogry düşünje bar. Olar morfiniň düzüminde garaşlylyk döredýän maddanyň ýokdugyna we pasiýentiň agyrysyny we ömrüniň soňky günlerini ýeňledýändigine düşünmeýärler.

↪ Lukmançylyk ýokary okuw jaýlary palliatiw kömek beriji hünärmenleri ýetişdirmeýärler.

Ýurt meselä çäre görýärmi?

2023-nji ýylyň oktýabrynda kabul edilen karara "Palliatiw kömek" atly madda hem girizilen. Mundan beýläk palliatiw pasiýentler diňe rak keselliler däl-de, bu kömege mätäç bolan beýleki pasiýentleri hem öz içine alýar. Şeýle-de, her bir hassahanada palliatiw pasiýentler üçin ýeriň bolmasy we pasiýentleriň öýlerine aýlanýan toparlaryň döredilmesi talap edilýär. Bu kanunyň kabul edilmesi agyry kesiji dermanlaryň üpjünçiligini we elýeterliligini hem gowulandyrar.

"Biziň agyry kesijileriň zerurlygyny kesgitlemek we dermanhanalaryň hyzmat beriş çägi babatynda kanunlarymyzy we düzgünlerimizi ösdürmegi dowam etmegimiz gerek. Biz saglyk işgärlerini türgenleşdirmegi, olara morfin ýazyp bermegi, pasiýentiň agyrylaryny ýeňletmegi we umuman palliatiw kömegiň nämedigini öwretmegi dowam etmeli" diýip, farmasewtik ylymlarynyň kandidaty Milana Turgunaliýewa belleýär.

Çeşme

  • 477 gezek okalan