ANTIBIOTIKLERE DURNUKLYLYGA GARŞY GÖREŞ: ÜSTÜNLIKLER WE KEMÇILIKLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

antibiotik durnuklylygyGartaşmak boýunça global birleşik (GCOA) we Amerikanyň ýokanç keseller jemgyýeti (IDSA) guramalarynyň 2024-nji ýyl üçin çykaran hasabaty dünýäniň iň öňdebaryjy ykdysadyýetleriniň antibiotiklere durnuklylyga garşy göreşmekde ösüş gazanandyklaryny, emma munuň ilat saglygyna we döwlet ykdysadyýetine ýetirýän zyýanlaryny azaltmakda has köp işleri etmelidiklerini görkezýär.

Üstünlikler

Hasabat 11 sany ýokary girdejili ýurduň (Braziliýa, Kanada, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Hindistan, Ýaponiýa, Günortda Koreýa, Birleşen Patyşalyk we ABŞ) antibiotiklere durnuklylyga garşy göreşmekde geçiren işlerini derňeýär. Bu 2021-nji ýylda bu 11 ýurduň bu meselede boýunça beren wadalaryny doly berjaý etmeýändigini aýan eden hasabatyň dowamy hökmünde taýýarlanyldy. Bu ýurtlaryň soňky birnäçe ýylda antibiotiklere durnuklylyga garşy göreşmekde eden tagallalarynyň käbiri: Milli maksatnamalary täzelemek, ol maksatnamalar üçin maliýe kömegini üpjün etmek, antibiotiklere durnuklylyk we olaryň nädogry ulanylyşy barada habardarlygy ýokarlandyrmak, gözegçilik maglumatlaryny ýygnamak we antibiotikleri ýerlikli ulanmakda saglygy goraýyş işgärlerine goldaw bermek.

Kemçilikler

Hasabatda bellenilişine görä, bu ýokary girdejili ýurtlaryň köpüsi antibiotikleriň täze we netijeliligi subut edilen görnüşlerini öndürmekde heniz hem yza galýarlar. 2021-nji ýyldan bäri bu 11 ýurtda täze antibiotikleriň örän az sanlysy ulanylyş üçin tassyklanylypdyr, täze tapylan antibiotikleriň sany bolsa ondan hem az.

Türkmenistanda ýagdaý nähili?

Türkmenistan 2017-nji ýylda 2017-2025-nji ýyllar döwür üçin mikroblara garşy dermanlara durnuklylygyň döremegine garşy hereketleriň Milli strategiýasyny tassyklady. Emma, 2019-njy ýylda ýurtda 793 adamyň ölümi antibiotiklere durnuklylyk bilen baglanyşdyrylypdyr we 2900 adam antibiotiklere durnuklylyk sebäpli aradan çykypdyr. Ýürek kesellerinden we neoplazmadan soňra, ýurtda ölümleriň sebäpleri boýunça antibiotiklere durnuklylyk üçünji orunda durýar. Şeýle-de, Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada BSGG-nyň 2021-nji ýylda geçiren soragnamasyna görä, Türkmenistan antibiotiklere durnuklylyk babatynda ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmagy, saglygy goraýyş işgärlerine bilim bermegi we antibiotikleriň adamlara ýazylyp berilmegini we satylmagyny kanunlaşdyrmagy gazanypdyr. Emma welin, ýurtda haýwanlaryň we ösümlikleriň saglygyny goramakda antibiotikleriň howpsuz ulanylyşy barada kanunlar ýok; antibiotikleriň adam saglygynda ýerlikli ulanylýandygyna gözegçilik edýän milli ulgamlar ýok; adamlarda ýokançlyklaryň öňüni almak we olara gözegçilik etmek boýunça bolsa ýurduň alyp barýan işleri çäkli diýlip bellenilýär.

Hasabatyň awtorlaryndan maslahatlar:

Dünýäniň öňdebaryjy ykdysadyýetleriniň has köp sanlysy täze antibiotikleriň tapylmagyny we öndürilmegini goldaýan ykdysady we syýasy çäreleri geçirmeli. Bu ugurdan has köp ylmy barlaglaryň geçirilmegine, täze antibiotikleriň özwagtynda bazarlara çykyp elýeter edilmegine ýol açylmaly. Şeýle-de, antibiotiklere durnuklylygy diňe adamlara däl, eýsem haýwanlara, ösümliklere we daşky gurşawa hem täsir edýän mesele hökmünde kabul edip, onuň gözegçiligini güýçlendirmeli.

  • 116 gezek okalan