PREZERWATIWLERIŇ PEÝDALARY BARADA SOŇKY SANLAR
↪ 1990-njy ýyldan bäri prezerwatiwleriň barha köp ulanylmagy takmynan 117 million täze AIW ýokuşmalarynyň öňüni aldy.
↪ 2020-nji ýylda dünýä boýunça 15-49 ýaşlylaryň arasynda 374 million sany täze jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyk hadysalary hasaba alyndy. Bu ýokançlyklaryň aglabasynyň prezerwatiwleri dogry ulanmak arkaly öňüni alyp bolardy.
↪ Erkek prezerwatiwleri dogry we her gezekki jynsy gatnaşykda ulanylanda niýetlenilmeýän göwrelilikden goranmakda 98% netije berýär, aýal prezerwatiwleri 95%.
↪ Jynsy gatnaşyklar we jynsy lezzet barada pozitiw gürlemek arkaly geçirilýän çäreler prezerwatiwleriň has köp ulanylmagyny gazanmakda oňaýly netije berýär.
↪ Prezerwatiw ulanmagy maslahat berlende tankylaýjy dilden uzak durup, adamyň mertebesini üns merkezinde saklamaly.
↪ Gender deňsizligi, esasanda romantik gatnaşyklardaky gender deňsizligi prezerwatiw ulanylmagynda uly päsgelçilik döredýär.
Haçanda dogry we yzygiderli ulanylanda, prezerwatiwler jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleriň, şol sanda AIW-iň we niýetlenilmedik göwreliligiň öňüni almak üçin howpsuz we örän netijeli çözgütdir.
Prezerwatiwleriň iki görnüşi bar: daşky (erkek) prezerwatiwler we içki (aýal) prezerwatiwler. Bularyň ikisi hem dogry ulanylanda ýokary netije berýär. Daşky prezerwatiwler has giňden ýaýran bolup, olar jynsy galtaşmadan öňürti erkegiň gönelen ujydyna geýdirilýän örtükdir. Içki prezerwatiwler hem köp ýerde elýeterli örtükdir we jynsy galtaşmadan öňürti waginanyň içinde oturdylýar.
Prezerwatiwler lubrikantlar bilen bile ulanylanda olaryň deşilme, sypma ýa-da gaçma ähtimallygy peselýär. Düzümi suwly esasly ýa-da silikon esasly lubrikantlary ulanmak maslahat berilýär, çünki onuň beýleki görnüşleri (ýagly, mesgeli ýa-da losonly) prezerwatiwleriň ýyrtylmagyna eltip bilýär.
Lubrikantlar prezerwatiwli geçirilýän waginal jynsy gatnaşyklaryň we esasan-da anal jynsy gatnaşyklaryň lezzetli we netijeli bolmagyna kömek edýär. Adamyň artbujagy (anus) jynsy gatnaşyk wagtynda wagina ýa-da ujyt ýaly tebigy taýdan ýeterlik derejede nemlenmeýär. Şonuň üçin anal jynsy gatnaşyklarda bol lubrikant ulanylmalydyr. Jynshananyň aýbaşydan galma bilen baglanyşykly guramasyny başdan geçirýän aýallara hem lubrikantlar peýda berip biler. Umuman, lubrikant ulanýan adamlar jynsy gatnaşygyň dowamynda agyryny we birahatlygy az başdan geçirýärler we gatnaşykdan has uly lezzet alýarlar.
Netijeliligi
Prezerwatiwleriň netijeliligi olaryň dogry ulanylyşyna baglydyr. Haçanda prezerwatiwler her gezekki jynsy gatnaşykda nädogry ulanylanda göwreliligiň döreme we AIW-i hem öz içine alýan jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklaryň ýüze çykma töwekgelçiligi artýar. Prezerwatiwleriň sypmasy ýa-da ýyrtylmasy sebäpli döreýän göwrelilikler ýa-da ýokançlyklar juda azdyr. Waginal, oral we anal jynsy gatnaşyklarda dogry we yzygiderli prezerwatiw ulanylanda jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklaryň ýokuşma howply örän peselýär. Prezerwatiwler adam bedeniniň bölünip çykmalary arkaly geçýän AIW, gonoreýa we hlamidioz ýaly ýokançlyklardan goraýarlar. Şeýle-de olar uçuk we adamyň papillomawirusy ýaly derä galtaşma arkaly geçýän ýokançlyklardan hem goraýarlar.
Netijeli bolmasy üçin prezerwatiwler Halkara standartlaşdyrma guramasynyň (ISO) standartlaryna we BSGG/UNFPA guramalarynyň kadalaryna eýermeli.
BSGG