JEMGYÝETIMIZDE ÖÝDÄKI ZULUMY AZALTMAK ÜÇIN SEN NÄME EDIP BILERSIŇ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (2 Ses)

oydaki zulum we senMähriban okyjy,

Sen ýurdumyzda öýdäki zorlugy azaltmaga goşant goşup bilersiň. Nädipdigini aşakda öwren:

Aýal-gyzlara el galdyrmak, haýbat atmak, islemeýän zatlaryny etmäge mejbur etmek, onuň geýnişine, puluna, gatnaşyklaryna kontrollyk etmek ýaly meseleler öýdäki zorlugyň alamatlary bolup, Türkmenistanda giňden ýaýran meseledir. Emma ol barada köpçülikleýin gürrüň edilmeýär, maglumat ýygnalmaýar we oňa çözgüt gözlenilmeýär. Saglyk.org türkmen dilinde öýdäki zulum we onuň aýal-gyza, maşgala we jemgyýete edýän täsirinden söz açýan ýeketäk websaýtdyr. Biz öýdäki zorlugyň adaty zat hökmünde kabul edilmeli däldigine, onuň ýaşyrylmaly we çydalmaly däldigine ynanýarys. Öýdäki zorluga öwrenilmeli we düşünilmeli mesele diýip çemeleşýäris.

Şonuň üçin hem, biz 2020-nji ýyldan bäri Maşgaladaky Zuluma Garşy atly kampaniýany ýöredip gelýäris. Bu kampaniýa ildeşlerimize öýdäki we maşgaladaky zulumly wakalar barada başdan geçirenlerini ýa-da şaýat bolanlaryny köpçülik bilen atsyz şekilde paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Bize häzire çenli ýigrimiden gowrak şahsy hekaýalar gelip gowuşdy. Başdan geçirenlerini paýlaşmak bilen okyjylaryň käbiri başgalara ylham berýän bolsa, käbiri özleriniň ýeke däldigine göz ýetirýär. Haçanda biz maşgaladaky zorluk barada dymmagymyzy bes edenimizde, biz milli kanunlarymyzyň hem täzelenmegini öňe sürüp, bilelikde zuluma garşy göreşmegiň möhümdigini we mümkindigini öwrenýäris.

Zulum – dymma, kabul etme, rugsat berme!

Biz seniň adyňy ýa-da beýleki şahsy maglumatlaryňy soramaýarys we görmeýäris. Eger öýdäki zulumyň pidasy ýa şaýady bolan bolsaň, ony şu ýerde paýlaş! Instagram hasabymyza hem iberip bilersiň.

  • 92 gezek okalan