GANYŇ GYT ÝERLERINDE DIRI GALMAGYŇ ÝOLLARY
Gan önümleri diňe bir operasiýa we trawma ideginiň möhüm bölegi bolman, lukmançylyk bejergileriniň ençemesinde ulanylýar. Meselem, gemofiliýaly (gan durmazlyk) adamlara donoryň ganyndan arassalanyp alnan ýörite gan duruzyjylary goýbermeli bolýar; ýa-da dogumdan soňky aşa gan ýitirme we çaganyň düşmesi ýaly ýagdaýlarda hem gan önümleri ulanylýar.
Donoryň ganynyň ýoklugy sebäpli orta we pes-girdejili ýurtlarda trawma geçiren syrkawlaryň baryp 60 göterime çenlisi ýogalýar. Bu görkeziji ABŞ ýaly ýokary-girdejili ýurtlarda diňe 1-2% deňdir. Oba ýa-da çet ýerlerde ganyň elýetersizligi birnäçe sebäplere görä ýüze çykýar:
↪ Donoryň ganynyň ýoklugy;
↪ Bahasynyň gymmatlygy;
↪ Ganyň we syrkawyň ýerleşýän ýerleriniň aralarynyň uzaklygy.
Bu faktorlaryň biri ýa-da birnäçe sebäpli dünýäniň ilatynyň aglabasy "gan çöllüklerinde", ýagny ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň zerur bolan hadysalarynyň 75%-inde onuň tapdyrmaýan ýerlerinde ýaşaýarlar. Esasan-da, Saharanyň günortasynda ýerleşýän Afrika ýurtlarynyň ählisinde we günorta Aziýada donoryň ganynyň ýetmezçiligi uly mesele bolup durýar. Munuň netijesinde dünýäniň ilatynyň ýarysyndan köpüsine zerur we ölümden halas ediji lukmançylyk kömegi elýeter däl.
Garward lukmançylyk mekdebiniň ylmy barlagçylary tarapyndan ýöredilýän global birleşigiň çykaran hasabatyna görä, saglygy goraýyş ulgamlar bu meselä hemişelik çözgütleri tapýançalar, ganyň elýeterliligini ýokarlandyrmaga kömek etjek dessin ädimleri ädip bilerler:
↪ Raýat gan banklary: Obalaryň diňe merkezi gan banklara bil baglamazlygy üçin, oba ýaşaýjylarynyň içinde gysga möhletde gan bermäge taýýar meýletinçileri hasaba almak.
↪ Lukmançylyk proseduralarynyň dowamynda näsagyň ýitirýän ganyny ýygnap almak we ony gaýtadan näsagyň özi üçin ulanmak.
↪ Dron bilen gan paýlamak: Beýleki usullara garanda bu has gymmada düşýär we bu hemişe ýeterlik çözgüt bolup bilmeýär, emma dronlar ganyň ilata elýeter edilmeginde möhüm rol oýnap bilerler.
Elbetde, bu çözgütler laboratoriýa gözegçiliginden geçen we iň gowy şertlerde saklanýan bankdaky ganyň ýerini tutup bilmez, şeýle-de bolsa, beýle görnüşli ganyň ýok ýerlerinde oňa mätäç adamlara wagtynda gany eltip berýän islendik çözgüt ileri tutulmalydyr. Şol bir wagtyň özünde-de, hökümet ýolbaşçylary gan krizisi meselesine hemişelik we durnukly çözgütleri tapmak ugrunda işlemelidirler.
Çeşme