GAZAGYSTAN ÝETGINJEKLERE ENERGIÝA IÇGILERINIŇ SATYLMAGYNY GADAGAN ETDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

kz yetginjek energiya icgiGazagystanyň prezidenti Kasym Tokaýew 8-nji iýulda ýetginjeklere energiýa içgileriniň satylmagyny gadagan edýän kanuna gol çekdi. Täze kanuna görä, ýaşlaryň saglygyny goramak maksady bilen, 21 ýaşdan kiçilere energiýa içgileri satylyp bilinmez.

Resmi çap edileninden 60 gün soňra güýje girjek bu kanun energiýa içgilerini şeýle kesgitleýär: alkogolsyz ýa-da az alkogolly içgi bolup, düzüminde kofein we kofeinli ösümlikler (ösümlik ekstraktlary), taurin, guarana, mate, şeýle-de janlandyryjy täsiri bolan ösümlikler we olaryň ekstraktlary, şeker, mineral maddalar, aňsat siňýän uglewodlar, witaminler we witamine meňzeş maddalar, energiýa çalşygynyň substratlary we stimulýatorlary bar. Kofeden we çaýdan daşary, bu içgiler aşa kabul edilende bedene ýaramaz täsir edýändigi hem bellenilýär.

Ýurtda energiýa içgileriniň 21 ýaşdan kiçilere satylmagyny gadagan etmek baradaky gürrüňler mart aýynda başlapdy. Şeýle-de, energiýa içgileriniň mahabatlandyrylmagyny we awtomatlarda satylmagyny hem gadagan etmek meýilleşdirilipdi.

Çeşme

  • 509 gezek okalan