AIDS BIZIŇ SEBITIMIZI HEM NYŞANA ALÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

aids bizin sebitimizi hem nysana alyarTaryhda ilkinji gezek AIW ýokuşmalarynyň aglabasy Afrikanyň Günorta Sahara böleginde hasaba alynmady. "Bu bir tarapdan Afrika materiginiň gazanan üstünliginden habar berse, beýleki tarapdan dünýäniň başga ýerlerinde ýeterlik öňegidişligiň bolmandygyny görkezýär" diýip, BMG-nyň AIW/AIDS boýunça utgaşyk programmasy UNAIDS habar berýär.

Esasan-da, dünýäniň 3 sebitinde AIW ýokuşmalary barha artyp gelýär: Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa (GÝMA); Latyn Amerika; Orta Gündogar we Demirgazyk Afrika.

GÝMA sebitinde 2010-njy ýyldan 2023-nji ýyla çenli ýyllyk täze AIW ýokuşmalarynyň möçberi 20% we AIDS bilen bagly ölümler 34% köpeldi. Täze hasaba alynýan AIW hadysalarynyň 92%-imi dört ýurda degişli: Gazagystan, Russiýa, Ukraina we Özbegistan. Tenini satýan adamlar, erkek bilen jynsy gatnaşyk edýän erkek adamlar, transgenderler, tussaglykdaky we neşe serişdelerini sançýan adamlar 2022-nji ýylda AIW ýokançlygyna sezewar bolanlaryň 94%-ini düzdüler. Sebitde AIW hadysalarynyň registrasiýalaryna salgylanyp, täze ýokuşmalaryň esasan jynsy gatnaşyklar arkaly geçýändigi bellenilýär.

GÝMA sebitinde AIW hyzmatlary hem kemçilik edýär – munuň ýüküni bolsa esasan epidemiýanyň iň agyr täsir edýän toparlary çekýärler. Hyzmatlardan daşary hem, kanuny gadagançylyklar (sebitdäki ähli ýurda teniňi satmak bikanun we köpüsinde AIW ýokuşmasy we ýokuşdyrmak jenaýat) we stigma ýokançylygyň howp salýan adamlarynyň onuň bilen netijeli göreşmegine böwet bolýar. Barlag we bejergi programmalary hem antiretrowirus terapiýasyna mätäç adamlaryň köp bölegine baryp ýetmeýär. 2023-nji ýylda sebitde AIW bilen ýaşaýan adamlaryň diňe ýaryna golaýy bejergi alýan eken.

Bu bökdençliklere çäre gözleýän täze kanunlarydyr maksatnamalary döretmegiň möhümdigini hasabat belleýär.

Çeşme

  • 73 gezek okalan