INDIKI PANDEMIÝA EÝÝÄM GELIP ÝETDI: ANTIBIOTIKLERE DURNUKLYLYK
Kesel dörediji mikroblaryň antibiotik serişdelerine garşy durnuklylygy dünýä ilatynyň saglygyny ösdürmekde gazanylan bir asyrlyk ösüşi yza gaýtarýar.
Bir asyr töweregi mundan öň, mikroblara garşy göreşiji serişdeleriň (antibiotikleriň) oýlanylyp tapylmagy döwrebap lukmançylygy täze sepgitlere ýetirdi. Öňki ölüm howply ýokançlyklar (pnewmoniýa, sepsis, inçekesel) bejerilip başlandy we ondan bäri millionlarça adam ölümden halas boldy.
Emma, ýagdaýlar ýene üýtgäp başlady. Bu günki günde antibiotikleriň aşa we nädogry ulanylmagy netijesinde olaryň täsiri pese gaçyp, düýbünden ýitme howpy astyna düşdi. Bakteriýalar, mikroblar, wiruslar, kömelekler we parazitler çalt depginde üýtgäp, antibiotiklere durnuklaşýarlar. Häzirki wagtda bütin dünýäde her alty bakteriýaly ýokançlygyň birini adaty antibiotikler bejerip bilmeýärler. Netijede köp duş gelýän ýokançlyklary bejermek barha kynlaşýar – bu hem keseliň has ýaýrap, agyr keselleriň we ölümleriň artmasyna ýol açýar.
Antibiotiklere durnuklylyk hyýaly hadysa däl, ol eýýäm biziň durmuşymyza aralaşdy.
Nädip garşy durmaly?
2019-njy ýylda dünýädäki ölümleriň 5 milliona ýakyny antibiotiklere garşy durnuklylyk bilen baglanyşdyrylýar. Bu ýagdaý ýurtlardan we sebitlerden gyssagly çäreleri görmegi talap edýär.
Ýatladyp geçsek, Türkmenistan hem BSGG-nyň Ýewropa sebitinde antibiotiklere durnukly inçekeseliň iň agdyklyk edýän ýurtlarynyň sanyna girýär.
2024-nji ýylda Birleşen milletler guramasynyň agza ýurtlary 2030-njy ýyla çenli antibiotiklere durnukly ýokançlyklar sebäpli ölümleri 10% azaltmak boýunça syýasy karary kabul etdiler.
Möhüm bellemeli zat hem, antibiotiklere durnuklylyk üzňelikde bolup geçmeýär. Klimatyň üýtgemegi, howanyň hapalanmagy we howanyň dartgynly ýagdaýlary ekosistemalary bozup, suwda, toprakda we iýmitde dermanlara durnukly patogenleriň ýaýramasyna şert döredýär. Şonuň üçin-de, adamlaryň saglygyny goramak üçin planetamyzyň saglygyny goramak-da möhüm bolup durýar.
↪ Hökümetler tehnologiýany we innowasiýany ornaşdyryp, saglyk ulgamlaryny berkitmeli. Antibiotiklere garşy göreşi milli saglygy goraýyş we ösüş maksatnamasynyň bir bölegine öwürmeli.
↪ Hassahanalar ýokançlyklaryň öňüni alma hyzmatlaryny pugtalandyrmaly we ygtybarly hem elýeterli anyklaýyş usullaryna (diagnostika) maýa goýum goýmaly.
↪ Lukmanlar antibiotikleri örän seresaply we parasatly ýazyp bermeli.
↪ Adamlar antibiotikleri diňe zerur bolanda we lukmanyň maslahatyna eýerip kabul etmeli.
Çeşme