ALKOGOLLY IÇGILERI HER GÜN IÇMEK DÜWNÜK KESELINIŇ DÖREMEK HOWPUNY ARTDYRÝAR
|
Erkek adam üçin günüň dowamynda 1pintadan (0,567 litr) artyk piwo içmek howpludyr. |
Alymlar 1 pintadan (567 ml) artyk piwo içmegiň düwnük (rak) keseliniň döremek howpuny mese-mälim artdyrýar diýen netijä geldiler.
British Medical Journal (BMJ) lukmançylyk žurnalynda 363988 adam barada maglumatlary ýygnan ýewropa alymlarynyň geçiren barlaglarynyň netijeleri çap edildi. Olar erkek adamlaryň 10-dan biriniň we aýallaryň 33-den biriniň alkogolly içgileri öň ýa-da häzirki wagtda aşa köp içendikleri sebäpli düwnüge ýolugandygyna şaýatlyk edýärler.
Alkogol sebäpli erkeklerde dörän düwnük keselleriniň 18%, aýallarda bolsa 4% alkogolly içgileriň aşa kop içilmegi sebäpli döreýär.
BMJ-de çap edilen netijelere görä, 2008-nji ýylda Britaniýada düwnük bilen kesellän 304 müň adamdan 13 müňi alkogolly içgileriň aşa köp içendikleri sebäpli kesellänlerdir.
Öň geçirilen barlaglar alkogolly içgileriň we gyzylödegiň, bagryň, içegäniň, göwüs mäziniň düwnük keseliniň döremeginiň arabaglanyşygyny ýüze çykardylar.
Alkogol adam bedeninde darganda, DNK zyýan ýetirýän himiki madda emele gelip, düwnük öýjükleriniň döremek howpy has ýokarlanýar.
Bir bulgur hem artyk içmeli däl!
Spirtli içgileriň 12ml alkogolly standart birligi 125ml çakyr ýa-da 0,3 l piwo hasaplanylýar.
Soňky geçirilen barlaglar spirtli içgileri 2 standart birlikden artyk içýän erkekler we 1 standart birlikden artyk içýän aýallar düwnük keseliniň döremek howpuna has ýygy sezewar bolýarlar.
Şol bir wagtyň özünde, Britaniýanyň milli saglygy goraýyş gullugy spirtli içgileriň has ýokary mukdarynyň standart birlik hökmünde kabul edilmegini göz öňünde tutýar: erkekler üçin 3-4 birlikden, aýallar üçin bolsa 2-3 birlikden artyk bolmaly däl.
Alymlar alkogol sebäpli dörän düwnük keselleriniň 98%-den 40%-mi maslahat berilýän mukdardan ýokary mukdarda spitli içgileri içýänlerde duş gelýändigini belleýärler.
BMJ-de çap edilen barlaglar Fransiýada, Italiýada, Ispaniýada, Niderlandlarda, Gresiýada, Germaniýada, Daniýada we Britaniýada ýaşaýan erkekleriň we aýallaryň 35 ýaşdan 70 ýaş aralygyndakylaryň 363988-si baradaky maglumatlaryň esasynda geçirildi.
Soňra alymlar Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň aýry-aýry ýurtlarda spirtli içgileriň içilmegi baradaky berýän maglumatlaryny öwrendiler.
Barlaglaryň ýolbaşçysy Germaniýanyň Iýmit institutynyň işgäri Madlen Şýutse spirtli içgileri içmegiň çäklendirilmeginiň düwnük keselleriniň öňüni almaga mümkinçilik berjekdigi barada şeýle diýýär: "Adamlar spirtli içgileri görkezilen mukdardan hem az içseler ýa-da asla içmeseler, düwnük keseliniň döremeginiň öňüni almak başardar".
"Iň gowy maglumat"
Britaniýanyň düwnük keseliniň barlag merkeziniň habarlar bölüminiň direktory Sara Haýom adamlaryň köpüsi alkogol bilen bagly howpa düşünmeýärler diýip hasaplaýar.
"Soňky 10 ýylyň içinde agyz boşlugynyň düwnük keseli giňden ýaýrady. Munuň esasy sebäpleriniň biri alkogolly içgileriň aşa köp içilmegidir. Bedeniň agramyny kadaly ýagdaýda saklamak we çilim çekmezlik bilen bir hatarda alkogolly içgileri içmegi çäklendirmek hem düwnük keseliniň döremek howpuny azaltmagyň örän wajyp usulydyr,"-diýip, Sara Haýom nygtaýar.
Düwnük keselini bejermek üçin hyzmatlary hödürleýän Cancer Partners UK hususy britan kompaniýasynyň lukmançylyk bölüminiň direktory professor Karol Sikora geçirilen barlaglardan ýeke-täk netije çykarmak bolar diýip hasaplaýar:
"Hemişe däl-de, käwagt içmek bolar. Men size şundan oňaýly maslahat berip bilmerin. Näçe köp spirtli içgileri içsek, şonça-da ýüze çykarylan düwnük görnüşleriniň döremek howpy artýar. Bu bolsa örän howsalalydyr. Şonuň üçin hem öz endikleriňize täzeçe garap, alkogoly azaldyň".
Ulanylan WEB Salgy