Lukmanlar eýýäm 10 ýyl bäri Ora Quick toplumyna meňzeş testi ulanýarlar. Indi test Amerikada hemmeler üçin elýeter bolar.
AIW-i öý şertlerinde anyklamak üçin ilkinji toplum ABŞ-nyň sazlaýjy guramalary tarapyndan tassyklanylyp, ýakyn günlerde satuwa çykarylar.
OraQuick ekspres testi tüýküligi barlap, onuň netijeler 20-40 minutdan belli bolýar.
ABŞ-nyň hökümetiniň baha bermegine görä, ýurduň AIW-li 1,2 million ilatynyň 20 % özleriniň bu kesele ýoluganlygyndan bihabardyr.
Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik etmek boýunça Federal gullugy OraQuick testiniň dermannamasyz satylmagyna rugsat berdi. Bu AIW-i ýüze çykarmak üçin özbaşdak barlaglardan geçmek islemeýänler üçin örän wajypdyr.
Test toplumy dermanhanalaryň, dükanlaryň, söwda öýleriniň 30 müňüsinde we saýtlarda satylar.
Kompaniýanyň baş direktory Duglas Miçels testiň ähli uly dükanlarda satyljakdygyna bil baglaýar we bu ugurda köpçülikleýin mahabatlandyrma işini geçirjekdigine ynandyrýar.
Doly tassyklanylmadyk netijeler
AIW we AIDS barada maglumatlary ýaýratmak boýunça guramalar täze testiň tassyklanylmagyny goldadylar.
Who`s Positiv kompaniýasynyň esaslandyryjy direktory Tom Donohyu bu test toplumynyň her bir adama islendik wagt, islendik ýerde, islendik adam bilen öz AIW statusyny (derejesini) kesgitlemäge mümkinçilik berer diýip, Assoşieýted presse habar berdi.
Şol bir wagtyň özünde Tom Donohýu test toplumynyň netijelerini 100% dogry hasaplap bolmajakdygyny, has takyk anyklaýyş üçin ýörite barlaglaryň geçirilmeginiň zerurdygyny belleýär.
AIW keseline ýoluganlary bu test arkaly barlanlarynda, netijeleriň 92%-mi dogry boldy.
Keselleriň öňüni almak we gözegçilik etmek boýunça amerikan Merkeziniň AIW bölüminiň direktory doktor Jonatan Mermin otrisatel netije alan adamlaryň 3 aýdan soň hem gaytadan barlaglardan geçmelidigini belleýär. Sebäbi AIW antibedenjikleriň bölünip çykmagynyň birnäçe hepde dowam edýändir.
Hünärmen lukmanlar OraQuick test toplumynyň aýratyn bir görnüşini 2002-nji ýyldan bäri ulanýarlar.
Soňky 20 ýylyň içinde ABŞ-da AIW bilen kesellänleriň ýylsaýyn 50 müň adam artýar.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.