Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

URGULARDA ÇAGALARA BERILÝÄN ILKINJI KÖMEK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

Bir ýaşyna ýetmedik ýa-da ýörjen-ýörjen bolup başlan körpeleriň arasynda köp duş gelýän şikeslenmeleriň biri kelle-beýni şikeslenmesidir. Ol esassan hem körpeleriň ýykylmagy zerarly bolýar. Körpeler ýykylanlarynda, urgy adatça olaryň kellesine düşýär. Uly ýaşly adamyň kellesi onuň boýunyň 1/8 bölegi bolsa, körpeleriň kellesi boýunyň 1/4 bölegine barabardyr. Bu ýagdaý körpäniň kellesiniň has agramly bolup, ilki bilen şonuň urulmagyna sebäp bolýar. Mundan başga-da, uly ýaşly adam ýykylanda elini kellesiniň aşagyna goýup ýetirşýär. Körpeler bolsa şeýle edilmelidigine heniz düşünmeýärler.

Körpeleriň kelle-beýni şikeslenmeleriniň özboluşly aýratynlyklary bolýar. Körpe ýykylan badyna birnäçe sekuntlap gymyldamaýar, ol gözlerini agdaryp, dem alşy saklanýar. Şeýle ýagdaýda körpäniň derisi agarýar, gana kömürturşy gazynyň köp mukdary düşýär. Şondan soň körpe uludan dem alyp, gaty ses bilen aglap başlaýar. Käwagt gaýtarmalaryň bolmagy hem ahmal. Bu alamatlar çaganyň beýnisiniň sarsandygyny aňladýar.

Çaga ýykylyp, kellesine urgy düşen ýagdaýlarynda kelle-beýni şikeslenmesiniň ýüze çykmagy hem mümkindir. Muny nädip saýgarmalyka? Çaga ýykylandan birnäçe sagat soň, käwagt bir gije-gündizden soň, kelläniň urlan ýerinde ýumşak çiş emele gelýär. Bu ganöýmäniň bardygyndan habar berýär. Şeýle ýagdaýlarda çaga keselhanada bejergi almalydyr. Şeýle çişler bejerilmese, çaganyň gelejekde güýçli kellagyrylardan ejir çekmegi ahmal. Lukmanlarynyň eden gözegçiliklerine görä, kelle-beýni şikeslenmelerine degişli çäreleri geçirilmedik çagalaryň 33-%-mi (3-5 ýyl geçenden soň) kelle çanagynyň içindäki gan basyşynyň ýokarlanmagyna uçrady. Bu ýagdaý soňabaka çaganyň başynyň aýlanmagyna, eşidiş ukybynyň peselmegine, gulaklarynyň şaňlamagyna, gözüň görüş ukybynyň  bozulmalaryna eltip bilýär.

Körpäniň kellesiniň urlan ýagdaýlarynda edilýän ilkinji kömek:

  • Körpäni tizden-tiz ýatyryň;
  • Körpe gaýtarýan bolsa, kellesini gapdalyna öwrüň;
  • Ganakmanyň bolan ýagdaýynda ýara sowuk ýapgy goýuň;
  • Körpäni tizden-tiz hassahana äkidiň.

Körpe ýygy-ýygydan ýykylýan bolsa näme etmeli? Şeýle körpe elmydama kelle-beýni şikeslerinden gorkup gezmelimi? Ýok, körpeleriň deriasty ýag gatlagy ulularyňka garanda has galyň bolýar, süňkleri gan bilen oňat üpjün edilýär. Olaryň süňkleri berk süňk gabygy bilen goralýar, has çeýe bolýar. Körpäniň süňkleri urgulary ulularyňka garanda has ýeňil geçirýär. Süňklerdäki ýilik suwuklyklyklary urgyny ýumşadyp, ýilikleri şikeslenmeden goraýar. Şonuň üçin-de, körpeleriň günüň dowamynda birnäçe gezek ýykylýandygyna garamazdan, süňkleriň döwülmesi ulularyňka garanda seýrek bolýar. 

Emma 2-3 ýaşyndaky çagalaryň käwagt süňk gabygynyň astynda döwükleriň bolýandygy ýadyňyzda bolsun. Şeýle döwükleriň göze görnüp duran mese-mälim alamatlary bolmaýar. Şikeslenen ýer gögermeýär, çişmeýär, güýçli agyrmaýar. Süňk gabygynyň astyndaky döwüklerinde süňk döwlen ýaly bolsa-da, ýerinden süýşmeýär. Adaty döwüklerde süňki döwlen agzany gymaldadyp-da bolmaýar. Emma süňk gabygynyň astyndaky döwügi bolan çaga beden agzalaryny gymaldadýar, hatda döwügi bolan aýagynda ýöräp-de bilýär. Ýöne şeýle bolsa-da, ol şol ýerini goraýar, oňa el degrilende çirkin gygyrýar. Şeýle döwükleri aňsat saýgaryp bolmaýandygy sebäpli, rentgen barlagyny geçirmeli bolýar.
 

Urgularda we döwüklerde edilýän ilkinji kömek:

  • Urgudan soň döwügiň ýokdugyna göz ýetiriň. Eger çaganyň döwlen ýeri bolmasa, şikes ýeten ýere sowuk ýapgy ýapyň;
  • Urgy ýeten barmaklary (eger döwügi ýok bolsa) buzuň bölejikleri bilen 30 min. sürtüň ýa-da sowuk suwda saklaň. Bu gök düşmeleriň we çişmeginiň öňüni alar;
  • Urgudan soň şikeslenen ýere gök düşmeleriň aýrylmagy üçin, üçülenji gün gyzgyn ýapgylary-da ýapmak bolýar;
  • Urgudan soň güýçli şikeslenen ýeri sargy bilen saraň. Sargyny şikeslenen ýeriň gyralaryndan merkezine tarap saraň.

Urgular zerarly döreýän şikeslenmeler barada şulary hem bilmek peýdaly:

Urgudan soňra dörän gök düşme we çiş aýrylyp, olaryň ýerinde gataňsy ýer emele gelen bolsa, ony owkalap-owkalap hökman aýyrmaly. Eger şeýdilmese, gelejekde bu ýerde howply täze döremäniň (ragyň) ýüze çykmagy ahmal. Bu aýratyn-da mäzleriň ýerleşýän we onuň töweregindäki ýerlere düşen urgulara degişlidir.

Eger urgy çaganyň içine düşen bolsa, içki gan akmanyň ýüze çykmagy ahmal. Şeýle ýagdaýlarda çaganyň özüni duýşuna we bolşuna üns beriň. Eger içki gan akma dörän bolsa, çaganyň agzyndan gan geler. Ýöne zeperlenen damarlardan gan agyz boşlugyna däl-de, içegä aksa, onda çaganyň täretinde gan görner. Şeýle ýagdaýlarda derrew Tiz kömegi çagyrmaly. Tiz kömek ýetip gelýänçä, çaga owunjak buz bölejiklerini ýuwutdyrmaly. Içki gan akmalarda çit-çiti otunyň demlemeleri gan akmany duruzmaga ýardam edýär.

Ulanylan WEB Salgy

  • 5075 gezek okalan