Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝANYKLARDA ÇAGALARA BERILÝÄN ILKINJI KÖMEK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.42 (12 Ses)

Çagalaryň bilesigelijiligi, hereketjeňligi käwagt olaryň ýanyklara uçramagyna sebäp bolýar. Muňa gündeki durmuşdan ençeme mysallary getirmek bolaýar. Mysal üçin, otluçöpi oýnamazlyk, ýanyp duran oda, gaýnap duran gazana, çäýnege golaýlaşmazlyk, tomus döwründe günortan daşarda oýnamazlyk we beýleki ençeme duýduryşlaryň berilýändigine garamazdan, çagalar ýanyklara örän köp uçraýarlar.   

Çagalaryň arasynda giňden ýaýaran ýanyklaryň biri — gaýnag suw, tok enjamlaryny oýnama, ýanyp duran ojaga golaýlaşma zerarly döreýän ýanyklardyr. Kiçi ýaşly çagalara näçe göz-gulak bolunsa-da, olar käwagt gyzgyn çäýnegi, gaýnap duran suwy üstlerine dökenlerini özleri-de duýman galýarlar. Olar bilesigelijiligi sebäpli işläp duran tok enjamlaryna, ýanyp duran oda gorkman golaýlaşýarlar. Şeýle ýagdaýlarda çagalaryň ýanyga uçrama howpy döreýär. Haýsydyr bir ýeri ýanan çaga çirkin  gygyrýar. Şonda ulular çaganyň çirkin sesinden ýaňa ilkibada aljyrap, näme etjeklerini bilmän, ikiýana ylgaýarlar. Ýöne iň esasy zat — aljyraman, dürs hereketleri etmelidir. Ýanyklarda ilkinji kömegi edýän adam üçin şu aşakdaky maslahatlar peýdalydyr.

Kiçi ýanyklarda edilmeli ilkinji kömek:

  • Çaganyň derisine gyzgyny bilen täsir edýän ojaklary (gyzgyn çäýnegi, gaýnag suwy we ş.m.) aýryň.
  • Çaganyň ýanan ýerini derrew sowuk suwa salyň ýa-da akyp duran suwuň aşagynda 10-15 min saklaň. Ýöne buz ýaly sowuk suwa salmak maslahat berilmeýär. Ýanan ýere sowuk gatygy hem çalyp bolýar.
  • Ýanyk ýeri arassaja ýumşak esgi bilen emaýja guradyň-da, oňa arassa hasany usullyk bilen ýapyň. Bu ýara hapa dümeginiň öňüni alar. Hasany derä basmaň-da, ýüzleý goýuň.
  • Lukman bilen maslahatlaşanyňyzdan soň,  çaganyň ýanan ýerine ýanyklarda ulanylýan ýörite melhemleri çalyň.

Güýçli ýanyklarda edilýän ilkinji kömek:

  • Kiçi ýanyklarda edilişi ýaly, ýanan ýeri 10-15 min sowuk suwa salyň.
  • Sowuk suwa tutulandan soň ýanyk ýeri usullyk bilen guradyp, oňa arassa hasany ýapyň.
  • Ýanyk ýerinde zynjyrjyk, alajaýüp, bagjyk we ş.m zatlar bar bolsa, olary usullyk bilen aýryň.
  • Güýçli ýanyklarda çaganyň eşikleriniň onuň derisine ýapyşýan ýagdaýlary hem duş gelýär. Şeýle ýagdaýlarda çagalaryň eşigini seresaply çykaryň. Eger çaganyň eşigi onuň derisine ýelmeşen bolsa, ony sypyrmaň, çekmäň! Gaýçy alyň-da, eşiklerini usullyk bilen kesip aýryň.
  • Çaga suwsap, suw dilese-de, mümkin boldugyndan suw bermejek boluň. Şeýle ýagdaýlarda çaganyň dodaklaryny suw bilen nemlendirmek maslahat berilýär.
  • Eger çaga huşuny ýitiren bolsa, onuň dem alşyny we ýüreginiň işleýşine gözegçilik ediň. Çaganyň dem almasy galsa, oňa derrew agyzdan-agza emeli usulda dem beriň, ýüregini göni däl usulynda owkalaň. (Agyzdan-agza emeli usulda dem bermek we ýüregi owkalamak usuly saýtymyzda ýerleşdirilen „Dem alşyň we gan aýlanyşygyň duýdansyz kesilen ýagdaýynda berilmeli ilkinji kömegiň aýratynlyklary” atly makalada jikme-jik beýan edilýär.)
  • Tiz lukmançylyk kömegini çagyryň.
  • Çaganyň ýüregi bulanyp gaýtarsa, onuň kellesini gapdalyna öwrüň. Bu onuň dem alyş ýollaryna gusugyň dolmagyndan gorar.
  • Çaganyň derisi güýçli ýanyga uçran bolsa, ony ýatyranyňyzda ýanyk ýerini mümkin boldugyndan dartdyryp goyuň. Bu ýanyklaryň dyz astyna, barmaklaryň arasyna, tirsegiň iç ýüzüne düşen ýagdaýlaryna degişlidir. Şeýle edilmedik ýagdaýynda soňra deriniň birleşip, gelejekde çaganyň hereketleriniň çäklendirilmegi ahmal. Ýöne çagany gaty awundyrmakdan saklanyň. Oňa haýsydyr bir agyrysyzlandyryjy derman serişdesini içiriň ýa-da sanjymyny ediň.
  • Eger çaganyň eşigine ot düşen bolsa, ony derrew sypyryň. Eger sypyrmak başartmasa, ony derrew elastynda bolan haýsydyr bir zada (galyň mata, ýorgan, halyça we ş.m) dolaň. Bu oda howanyň barmagyny kesip, onuň sönmegine ýardam berer. Şeýle ýagdaýlarda derrew tiz lukmançylyk kömegini çagyryň. Tiz lukmançylyk kömegi ýetip gelýänçä, çaganyň dem alşyna we ýürek urşuna gözegçilik ediň. Oňa agyrysyzlandyryjy derman serişdesini beriň. 

Ýanyklarda edilmeli däl zatlar:

  • Eger ýanyk ýerinde gabarçaklar emele gelen bolsa, olary ýarmaň. Gabarçaklaryň ýarylan ýagdaýynda olaryň içine hapa düşüp, ýaranyň azmagy ahmal.
  • Ýanyk ýeri arassalamak üçin haýsydyr bir ýaglary çalmak maslahat berilmeýär.
  • Ýanyk ýere plastyrlary ýa-da beýleki ýapyşgyçlary ýelmemek gadagandyr. Sebäbi olar aýrylanda, çagany örän awudyrýandyrlar.

Hormatly ene-atalar! Öz çagaňyzy ýanyk ojaklaryndan goramaga çalşyň. Geleňszilik edilen ýagdaýynda çaganyň öz bilesigelijiliginden ýaňa dürli ýanyklara uçrap bilýändigi ýadyňyzda bolsun!

Ulanylan WEB Salgy

  • 7442 gezek okalan