Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

EGER TEBIGY GAZYŇ YSYNY ALSAŇ NÄME ETMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

gaz syzmasy

♦ Tebigy gaz buglary howadan ýeňil bolýarlar we adatça ýokary galyp, pytrap gidýärler. Olar ýapyk ýerde toplanyp, ýangyn çeşmesine tarap gaýyp bilýärler.

♦ Tebigy gaz zähersiz bolsa-da, onuň aşa köp mukdary duýdansyz baş aýlanma ýa-da demikmä eltip bilýär.

♦ Belli şertlerde gazyň syzyp howa garyşmagy netijesinde ýangyn dörediji garyndylar emele gelýär. Ýangyn çeşmelerinden uzak duruň!

 Tebigy gaz syzmasyny duýmagyň iň gowy ýoly gözleriňi, gulaklaryňy we burnuňy ulanmakdyr.

Mümkin bolan syzma alamatlaryna üns beriň!

↪ Ýata suwda dowamly köpürjiklemeler;

↪ Gaz turbasynyň töweregindäki guran ýa-da solak reňkli ösümlikler;

↪ Dykyz ak bulut ýa-da ümür;

↪ Buzuň çala dumanlamagy;

↪ Gaz turbasynyň ýakynynda sebäpsiz doňan ýer.

Üýtgeşik seslere gulak salyň!

☛ Sykylyklar, hyşyldylar, haşçyldylar.

Şeýle ysa üns beriň!

☛ Üýtgeşik, ýiti ys, köplenç palak ýumurtganyň ýa-da kükürdiň ysyny ýada salýar.

Eger tebigy gazyň ysyny alsaň näme etmeli?

☑ 1-nji ädim: Dessine pyýadalap daşary çyk. Elektrik düwmelerini, telefonlary (el telefonlary hem degişli) ulanma. Maşyn işletme we sürme. Uçgun çykaryp biljek zatlary işletme.

☑ 2-nji ädim: Göni howpsuz ýere git we 04 belgä (004 öýjükli telefondan) gaz howpsuzlygy, 01 belgä (001 oýjükli telefondan) ýangyn howpsuzlygy gulluklaryna jaň et. Hiç haçan syzma barada eýýäm habar berlendir diýip arkaýynlaşma!

☑ 3-nji ädim: Goňşularyňa habar ber.

☑ 4-nji ädim: Hiç haçan tebigy gaz syzmasyny özüň oňarmaga synanyşma. Ähli abatlaýyş işlerini bu ugurdan ýörite bilimli ussa goý!

  • 123 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location