Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SOWUK ALMALARDA BERILÝÄN ILKINJI KÖMEK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

Bedeniň haýsy hem bolsa bir agzasynyň sowuk almasy pes temperaturanyň täsiri netijesinde ýüze çykýar. Köplenç beden agzalarynyň sowuk almasy, gyş wagty,  -10 gr.C.we -20 gr.C. temperatura aralygynda ýüze çykýar.

Jaýyň daşynda uzak bolnanda, güýçli ýelli we çygly howada, sowuk alma ýaz we güýz aýlary noldan ýokary temperaturada hem bolup biler.

Meteorologiki faktorlardan başga-da, sowuk alma dar we çyg eşik ýa-da aýakgap, fiziki ýadawlylyk, açlyk, uzak wagt bir ýagdaýda oturma, bedeniň geçirilen kesellerden soň gurpdan gaçmagy, aýagyň derlemegi, çilimkeşlik, aýagyň damarlarynyň dowamly keselleri, gan akma bilen utgaşýan mehaniki şikeslenmeler, serhoşlyk getirip biler.

Köpýyllyk barlaglaryň görkezişi ýaly, aýagyň we eliň amputasiýasyna (kesilip aýrylmagyna) getirýän sowuk almalarynyň hemmesi, serhoşlygyň agyr derejesi netijesinde bolup geçýär.

Sowuk howanyň täsiri netijesinde bedende we dokumalarda dürli üýtgeşmeler ýüze çykýar. Ol üýtgeşmeler, pes temperaturanyň derejesine we täsir etme wagtynyň uzaklygyna baglydyr.

-30 gr.C. pes temperaturada, esasan, dokumalara zeper ýetip, öýjükleriň ölmegi bolup geçýär.

-10 we -20gr.C. aralykdaky temperaturada bolsa, gan damarlarynyň gysylmagy netijesinde, gan aýlanmanyň bozulmasy ýüze çykýar.

 

Sowuk almanyň dürli derejeleri bardyr:

  • Sowuk almanyň I-derejesi ( has ýeňil ).

Pes temperaturanyň uzak bolmadyk täsiri netijesinde ýüze çykýar. Deriniň zeper ýeten ýeri solgun, ýyladylandan soň gyzarýar, çişme ýüze çykýar. Deriniň çüýremegi bolup geçenok. Birinji hepdäniň soňunda deriniň biraz soyulmagy ýüze çykýar. Doly sagalma, sowuk almadan 5-7 gün soň bolup geçýär.

Sowuk almanyň birinji alamaty – zeper ýeten ýeriň gyzarmagy, sanjylamagy we gurşmagydyr. Soňundan deriniň gijilemegi we agyry bolup biler.

 

  • Sowuk almanyň II- derejesi.

Pes temperaturanyň has uzak täsir etmegi netijesinde bolup geçýär. Başda deriniň agarmagyndan soň, gyzarmagy, sowamagy, duýgurlylygyň ýitmegi ýaly alamatlar ýüze çykýar. Esasy alamatlaryň biri – şikeslenmeden soň düry suwuklykly pakgarçaklaryň emele gelmegidir.

1-2 hepdäniň içinde deri örtügi doly dikelýär. Tyg görnüşde yzy galmaýar. II-derejeli sowuk almada, I-dereje bilen deňeşdirlende, ýyladylandan soň agyrylar has güýçli we uzak dowam edýär, gijilewik bolýar.

 

  • Sowuk almanyň III-derejesi.

Başda deride emele gelen pakgarçaklaryň içi gan gatyşykly suwuklyk bilen dolýar. Olaryň düýbi gögümtil-gyzyl reňkde bolup, duýgurlylygy doly derejede ýitýär. Deriniň hemme gatlaklary çüýreýär, olaryň ýerinde tyg emele gelýär. Gaçan dyrnaklar ösmeýär, ösäýse hem deformirlenen bolýar.Çüýrän dokumalaryň bölekleri 2-3 hepdeden aýrylýar. Onuň ýerinde tygyň emele gelmegi 1 aýa çenli dowam edýär. Agyrylaryň güýji we dowamlylygy II-derejeli sowuk alma bilen deňeşdirilende has güýçli bolýar.

 

  • Sowuk almanyň IV-derejesi.

Ýumşak dokumalaryň hemme gatlaklarynyň çüýremegi bolup geçýär. Süňkler we bogunlar hem zeperlenýär. Zeper ýeten ýer gögümtil reňkde bolýar. Ýyladylandan soň, şol ýeriň çişmegi ýüze çykyp, ol güýjeýär. Pakgarçaklar pes temperaturanyň az täsir eden ýerinde ýüze çykýar. Olaryň ýok ýerinde, çişiň köpelmegi we duýgurlylygyň bütinleý ýitmegi bolup geçýär.

Pes temperaturaly howada diňe bir ýerli üýtgeşmeler bolup geçmän, eýsem, bedeniň umumy sowuk almasy hem ýüze çykyp biler. Bedeniň umumy sowuk almasynda, bedeniň gyzgynlylygy 34 gr.C. pese düşýär. Ýüze çykma sebäpleri hem ýerli sowuk almalara meňzeşdir.

 

Umumy bedeniň sowuk almasy hem üç derejede bolýar:

  • Ýeňil dereje – bedeniň gyzgynlylygy 32-34 gr.C. Deri örtükleri solgun ýa-da biraz gögeren, üşütme, kynlyk bilen gepleme ýüze çykýar. Adamyň ýürek urmasy 1 minutda 60 - 66 urga çenli haýallanýar. Gan basyşy kadaly ýa-da biraz ýokary. Dem alma üýtgemeýär. Ýerli sowuk almanyň l-ll derejeleri ýüze çykýar.
  • Orta dereje – bedeniň gyzgynlylygy 29-32 gr.C. Adamda ukyçyllyk, huşuň bozulmagy ýüze çykýar. Deri örtükleri solgun, gögümtil reňkde, mermer ýaly ýalpyldap dur. Ýüregiň urmasy 1 minutda 50-60 urga çenli haýallaýar. Gan basyşy biraz peselen, dem alma seýrekleşen – 1minutda 8-12 gezege çenli, ýüzleý. Ýüzüň, aýaklaryň, elleriň I-IV dereje sowuk almasy bolup biler.
  • Agyr dereje – bedeniň gyzgynlylygy 31 gr.C. pes. Adam huşsuz, tutgaýlar, gaýtarma bolup biler. Deri örtükleri gaty solgun, gögümtil öwüşgin bilen, elleri sowuk, ýürek urma 1 minutda 36 gezege çenli haýallanýar. Gan basyşy gaty peselen. Dem alyşy seýrek – 1 minutda 3-4 gezege çenli.Yerli sowuk  almanyň agyr we yayran görnüşleri, bedeniň bütinley doňmagy yaly yagdaylar yüze çykyp biler.

 

Birinji kömegi nähili bermeli?

Birinji medisina kömegiň bejeriş çäreleri yerli sowuk almanyň derejesine, näsagyň ýerleşýän ýeriniň ýagdaýyna,onuň ýaşyna, umumy sowuk almanyň alamatlaryna baglylykda geçirilmelidir.

Ýeňil ýagdaýlarda birinji kömek öz içine, pes temperaturanyň täsirini aýyrmak, aýaklary we elleri ýylatmak, bozulan gan aýlanşygy dikeltmek we ýokançlyklaryň ýüze çykmagyna garşy çäreleri alýandyr.

Sowuk almanyň birinji alamatlarynda, heläk bolany ýakynda ýerleşýän ýyly jaýa salyp, doňan eşiklerini, aýakgabyny çykarmalydyr. Sowuk alan ýeri ýyly eller bilen owkalama (usullyk bilen), dem bilen, ýüň mata bilen sürtmek netijesinde ýyladyp, hasa daňysyny üstünden goýmalydyr.

Sowuk almanyň agyr derejesinde ýylatma, owkalama,sürtme geçirmek bolýan däldir. Zeper ýeten ýere ýyladýan daňy (hasa, pagta, soň ýene hasa, üstünden hem kleýonka ýa-da galyň mata) goýmalydyr. El ýa-da aýak gymyldamaz ýaly, oňa daňynyň üstünden fanera ýa-da karton daňmalydyr.

Sowuk alan adama gyzgyn çaý, kofe, nahar bermelidir. Aspirin, analgin, no-spa gerdejiklerini içirmelidir.

Sowuk alan ýerleri gar bilen süpürmek düýbünden ýalňyşdyr. Beýle edilende deriniň gan damarlarynyň zeperlenmegi, şikeslenen ýere ýokançlyklaryň aralaşmagy mümkindir. Sowuk alan ýerleri juda çalt odyň ýanynda ýa-da ýyly suw salnan çüýşeler bilen gyzdyrmak bolýan däldir. Şonuň ýaly-da, ol ýerlere ýag ýa-da spirt çalmak bolýan däldir.

Birinji kömegi bermek çäreleri bilen birlikde ýöriteleşdirilen kömek üçin lukmany çagyrmak zerurdyr.

Umumy sowuk almanyň ýeňil derejelerinde, näsagy ýyly wannada ýylatma peýdalydyr.

Suwuň gyzgynlygyny 24gr.c. edip, kem-kemden beden temperaturasyna çenli ýokarlanmalydyr.

Gan aýlanşygynyň we dem almanyň kynçylygyna getirýän, umumy sowuk almanyň orta we agyr derejelerinde bejergi reanimasion bölümde geçirilmelidir.

 

Sowuk almanyň ýüze çykmazlygy üçin öňüni alyş çäreleri:

  • Alkogol içgileri içip, daşyna çykmaň. Alkogol bedeniň ýylylygynyň ýitmegine getirýär. Galyberse-de, serhoş adam sowuk almanyň özünde ýüze çykýan alamatlaryny wagtynda seljerip bilenok.
  • Sowukda çilim çekmäň. Çilim aýaklarda we ellerde gan aýlanşygynyň bozulmagyna getirýär we sowuk alma mümkinçiligini ýokarlandyrýar.
  • Gysmaýan eşikleri geýiň. Olar  kadaly gan aýlanşyga ýardam berýär. Sowuk howada edil “kelem“ ýaly geýiniň. Eşikleriň arasynda sowukdan goraýan howa gatlagy emele gelýär. Iň üstki eşik suw geçirmeýän bolmalydyr.
  • Dar aýakgap, olaryň peteksiz bolmagy, öl we hapa joraplar köplenç sowuk almanyň sebäbi bolup biler. Aýagy kän derleýän adamlar şuňa has kän üns bermelidir. Ädiklere ýyly petekler goýuň. Pagtadan edilen joraplaryň ýerine ýüň joraplary geýiň. Olar çygy özüne çekip, aýaklary gury saklaýandyr.
  • Howa görä geýiniň. Aýazly howada ellikleri, telpekleri geýiň. Ýüzüňizi gorar ýaly şarflary ulanyň. Sowuk, ýelli howada daşyna çykmakaňyz, bedeniň açyk ýerlerine ýörite krem çalyň.
  • Aýaz wagty metall (altyn, kümüş) şaý-sepleri (ýüzük, gulakhalka) dakynmaň. Birinjiden, metall bedene garanyňda has çalt sowaýandyr. Şol sebäpli hem olar derä “ýapyşyp“ agyra getirip biler. Ikinjiden, barmaklaryňyzdaky ýüzükler kadaly gan aýlanşyga bökdençlik döredýär.
  • Sowuk howa çykanyňyzda biri-biriňize gözegçilik ediň. Ýoldaşyňyzyň ýüzüne, gulagyna, burnuna serediň. Deriniň islendik üýtgemelerine üns berip, biri- biriňizi habardar ediň.
  • Sowuk alan ýeriň täzeden sowuk almagynyň öňüni alyň. Onuň ýaly ýagdaýda deriniň uly zeperlenmesi ýüze çykyp biler.
  • Sowuk alan aýagyňyzdan aýakgaby çykarmaň. Aýaklaryňyzyň çişmegi netijesinde, siz ony täzeden geýip bilmersiňiz. Tizden-tiz jaýa ýetjek boluň. Elleriňiz üşese, goltuklaryňyzda ýylatjak boluň.
  • Eger gezelenç edýän wagtyňyz, bedende sowuk alma alamatlaryny duýsaňyz, haýsy hem  bolsa bir ýyly ýere girjek (magazin, pogýezd) boluň.
  • Ýaşaýyş ýerden daşda maşynyňyz döwlen bolsa, maşyndan daşyna çykmajak boluň. Telefon boýunça kömegi çagyryň ýa-da ýoldan başga maşyn geçýänçä garaşyň.
  • Ýelden goranyň. Ýel bedeniň sowuk alma mümkinçiligini ýokarlandyrýar.
  • Howanyň sowuk wagty uzak ýola gideniňizde, ýanyňyza çalşyrgyç joraplar, ellik, termosda demlenen gyzgyn çaý alsaňyz peýdaly bolar.
  • Aýazly howada aç bolman, wagtynda iýseňiz gowy bolar. Peýdaly iýmit bedene kuwwatlylyk berýär.
  • Howanyň sowuk wagty öl saçlaryňyz bilen daşyna çykmaň. Öl bolan eşikleri we aýakgaby (eger adam suwa gaçan bolsa) derew çykaryň. Derini süpürip, gury eşikleri geýdirjek boluň. Adamyny çalt ýyly ýere äkidiň. Tokaýda şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, ot ýakyp, eşigiňizi guradyň. Eşigiňiz guraýança, fiziki maşklary edip, odyň ýanynda ýylanyň.
  • Çagalarda bedeniň ýylylygy kadalaşdyryjy mehanizmleriň entek ýola goýulmanlygyny, gartaşan adamlarda bolsa, dürli keseller sebäpli onuň bozulanlygyny ýatdan çykarmaly däldir. Şonuň üçin hem olarda sowuk alma has  köp duş gelýär. Çagany aýazly howada gezelenje göýbereniňizde, onuň her 15-20 minutdan ýylanmaga jaýa girmeginiň zerurlygyny ýatdan çykarmaň.

Ýadyňyzda saklaň. Howply, oňaýsyz ýagdaýlardan çykmagyň iň amatly usuly – şol ýagdaýlara düşmegiň öňüni almakdyr. Şonuň üçin hem, aýazly, ýelli sowuk howada, zerurlyk ýüze çykmasa, daşyna çykmajak boluň.

  • 5362 gezek okalan